Добавить новость
103news.com
World News in Turkmen
Февраль
2018

Новости за 22.02.2018

Lebapda azyk harytlarynyň bahalary 40% ýokarlandy

Azathabar.com 

Azatlyk Radiosynyň welaýatdaky habarçysynyň aýtmagyna görä, adamlaryň gündelik durmuşda sarp edýän esasy azyk harytlarynyň bahalary sähel ýarymdan az esse ýokary galyp, hususan-da gök-bakja önümleriniň bahalary halka öňküsinden has elýetersiz hala geldi.

Owganystanda TOPH-yň düýbüni tutmak dabarasyna taýýarlyk görülýär

Azathabar.com 

TOPH we beýleki proýektleriň gurluşygyna anna güni Owganystanda hem girişilýär. Onuň üçin ähli taýýarlyklaryň görülendigini resmiler aýdýar. Hyrat welaýatynyň häkimi Muhammet Asyp Rahymynyň aýtmagyna görä, ýaragly bir topar TOPH proýektiniň açylyşyna zyýan ýetirmek boýunça alada edipdir.

Ukrain ÝOJ-y: Türkmen diplomatlary Nasyrlaýewa bilen bagly uniwersitete ýüzlenmedi

Azathabar.com 

Türkmen diplomatlary student Mukaddas Nasyrlaýewanyň wizasynyň möhletini uzaltmak we ýaşaýyş rugsatnamasyny tassyklamak meselesi boýunça kömek etmegi sorap, Ukrainanyň Aleksandr Bogomoles adyndaky döwlet medisina uniwersitetine resmi taýdan ýüz tutmadylar diýlip, agzalýan ÝOJ-yň Facebook sahypasyndaky beýanatynda aýdylýar.

Aşgabat-Daşkent howa gatnawynyň martda dikeldilmegi planlaşdyrylýar

Azathabar.com 

Türkmenistan we Özbegistan özara howa gatnawyny martda dikeltmegi planlaşdyrýarlar diýip, media serişdeleri türkmen resmilerine salgylanyp habar berýärler. “Häzir biz Aşgabat-Daşkent göni reýsi açmagyň ugrunda batly işleşýäris. Irki maglumatlara görä, ol, hepdede iki gezek amala aşyrylar. Onuň başlanmagy mart aýyna planlaşdyryldy” diýip, Sputnik neşri Türkmenistanyň Özbegistandaky ilçisi Şiri Şiriýewe salgylanyp habar berýär. Maglumata laýyklykda, ilkinji tapgyrda diňe “Türkmenhowaýollarynyň” uçarlary hyzmat eder. Читать дальше...

ABŞ-nyň Çernogoriýadaky ilçihanasyna partlaýjy serişdesini oklan hüjümçi öldi

Azathabar.com 

ABŞ-nyň Çernogoriýadaky ilçihanasyna partlaýjy serişdesini oklan hüjümçi öldi. ABŞ-nyň Çernogoriýadaky ilçihanasyna ýarygije partlaýjy serişdäni oklan hüjümçi binanyň daşynda özüni partlatdy diýip, Balkan ýurdunyň hökümeti aýtdy. Birleşen Ştatlaryň resmisi Podgorisadaky ilçihanasynda hiç kimiň ýaralanmandygyny aýtdy. Hüjüm 22-nji fewralda gije 12:30-da bolupdyr. “Näbelli adam partlaýjy serişdeli öz janyna kast etdi” diýlip, hökümetiň Twitter arkaly çap eden beýanatynda aýdylýar. Maglumatda, hüjümçiniň... Читать дальше...

Owganystanda söweşijileriň hüjümlerinde azyndan 10 adam wepat boldy

Azathabar.com 

Owganystanyň Gazni we Zabul welaýatlarynda bolan aýra-başga hadysalarda azyndan 10 adam wepat boldy diýip, resmiler 22-nji fewralda habar berdi. “Gynansak-da, sekiz sany ýerli polisiýa wekili öldürildi we biri ýaralandy” diýip, welaýatyň häkiminiň metbugat wekili Arif Noori 22-nji fewralda “Talyban” toparynyň söweşijileriniň Gazni welaýatynyň Deh Yak etrabynda polisiýa bölümine eden hüjüminiň yzýany aýtdy. Howpsuzlyk güýçleri hem agyr ýitgili hüjümiň bolandygyny habar berdi, emma adam pidalarynyň sany barada maglumat bermedi. Читать дальше...

Orsýetli oppozisiýa lideri Nawalnyý ýene polisiýa tarapynda saklanandygyny aýdýar

Azathabar.com 

Orsýetli oppozisiýa lideri Alekseý Nawalnyý Moskwada polisiýa tarapynda saklanandygyny habar berdi. Nawalnynyň 22-nji fewralda Twitter ulgamynda ýazmagyna görä, polisiýa ony diş lukmanyň jaýyndan çykan wagtynda saklap, “siz tussag edilýärsiňiz” diýip aýdypdyr. Ol özüniň bir ýerlere äkidilendigini aýtdy, emma anyk maglumat bermedi. Orsýetiň prezidenti Wladimir Putiniň garşydaşy Nawalnyý protestleri guramalaşdyrýar we Orsýetiň häkimiýet başyndaky elitasynyň korrupsiýa baş goşmagy barada hasabatlaryny çap edýär. Читать дальше...

Türkmenistanyň prezidenti bahar aýlarynda Özbegistana sapar eder

Azathabar.com 

Türkmenistanyň prezidenti bahar aýlarynda Özbegistana sapar eder. Media serişdeleriniň maglumatyna görä, Gurbanguly Berdimuhamedowyň Özbegistana garaşylýan sapary barada Türkmenistanyň Daşkentdäki ilçisi Şiri Şiriýew habar beripdir we iki ýurduň liderleriniň duşuşygyna aktiw taýýarlyklaryň görülýändigini mälim edipdir. Gepleşikleriň dowamynda ençeme meseläniň gozgaljakdygy mälim edildi. “Şu ýyl biz hormatly prezidentimiziň Özbegistana saparyna garaşýarys. Saparyň dowamynda ençeme meselä garalar. Читать дальше...




Губернаторы России
103news.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.

Moscow.media


103news.comмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "103 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

103news.com — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.

Музыкальные новости




Спорт в России и мире



Новости Крыма на Sevpoisk.ru



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России