103news.com
World News in Turkmen
Февраль
2018

Türkmenistanda kepegiň gytçylygy basa-baslyk döredýär (WIDEO)

0
Türkmenistanda mallar üçin iýminiň gytçylygy dawa-jenjele sebäp bolýar we basa-baslyk döredýär.


Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky çeşmesiniň fewralyň ikinji ýarymynda Daşoguz welaýatynda surata düşüren wideo ýazgysynda kepek getiren ýük ulagynyň daşynda uly basa-baslygyň dörändigini görüp bolýar.


Gülistan geňeşliginiň 7-nji brigadasynyň ýaşaýjylary, şol sanda aýallar we çagalar örän gyzgalaňly ýagdaýda öz paýyny almaga synanyşýarlar. Bu ýerde kepegiň paýlanmagynyň tertip-düzgünleriniň jikme-jiklerine, möçberine we bahasyna degişli goşmaça maglumatlary almak Azatlyk Radiosyna häzirlikçe elýeterli bolmady. Ýerli häkimiýetler bilen habarlaşmak hem başartmady.


Un üweýän kärhanalar tarapyndan gallanyň galyndylaryndan öndürilýän kepek esasan mallaryň we guşlaryň iýmitlendirilmegi üçin ulanylýar. Emma käbir maglumatlara görä, häzirki wagtda Türkmenistanda unuň gytalmagy we gymmatlamagy sebäpli adamlar kepegi iýmitlenmek üçin ulanýarlar.


Diňe bir fewral aýynyň dowamynda ýurtda unuň bahasy iki esse çemesi gymmatlady, beýleki azyk önümleriniň nyrhy 70-100% aralygynda ýokarlandy.




Kepegiň difisiti we ony satyn almak ugrundaky dawalar Türkmenistanda ençeme ýyl bäri häli-şindi ýüze çykýar.


Azatlyk Radiosy Daşoguzdaky kepek problemalaryny geçen ýyldan bäri ýakyndan yzarlaýar.


Dekabr aýynda welaýatyň ähli bazarlarynda döwlet bahasy 30 teňňe bolan 1 kilogram kepegiň bahasynyň 1 manada çenli gymmatlandygy belli boldy. Netijede, welaýatyň Gurbansoltan eje we Nyýazow adyndaky etraplarynyň merkezlerindäki galla dükanlarynyň öňünde döwlet bahasyndan, her maşgala 20 kilogramdan satylýan kepegiň uzyn nobatlary döredi. Dawa-jenjeliň dörän halatlary boldy. Munuň bilen bilelikde regionda kepegiň “gara bazary” döredi.


Ýanwar aýynda Mary welaýatynda kepek, sarun ýaly mal iýmitiniň gytçylygy güýçlenipdi, olary satyn almak üçin adamlar nobata ýazylmaly bolupdy, käbir ýerlerde talonlar girizilipdi.


“30 kilogramlyk bir haltasy 9 manada durýan kepek nobatyny azaltmak maksady bilen resmiler kepek satyn almaga talon girizip, ony Ýolöteniň mal bazarynda ilata paýlap başladylar. Indi hem kepek dükanynda nobata durulýar, hem-de mal bazarynda ozal agşamdan talon nobatyna durýarlar” diýip, maryly ýaşaýjy ýanwaryň ortalarynda gürüň berdi.




Maryda kepek nobatlary ýanwaryň aýagynda-da kemelmedi. Ýerli häkimiýetler nobata ýazylmak isleýänlerden pasportyň nusgasyny talap edip başladylar.


“Onuň üçin bir hepde ýa-da on gün öňünden ýazylmaly. Nobata ýazylmak üçinem dükanyň öňünde birnäçe günläp gijesi bilen nobata durmaly. Nobatyň ýeteninde, dükan eýeleri seni sanawa ýazýarlar. Ýöne oba ýaşaýjysy bolsaň-da, seniň şahsyýetiňi tassyklaýan pasportyň nusgasyny talap edýärler” diýip, ýerli çeşme 22-nji ýanwarda Azatlyga habar berdi.


Onuň şeýle-de bellemegine görä, ýaşaýjylar kepek nobatyny ýitirmek gorkusy bilen dükana baryp habar alyp durdular, sebäbi nobata duran käbir alyjylaryň unudylýan halatlarynyň bolýandygyny aýdýarlar.


Azatlyk Radiosynyň habarçylary bu mesele boýunça Mary welaýatynyň häkimiýetleri bilen habarlaşyp, düşündiriş we resmi kommentariý alyp bilmedi.


Türkmen häkimiýetleri we döwlet habar serişdeleri ilat arasynda kepege bolan talaby we ony satyn almak ugrunda döreýän kynçylyklary düýpden agzaman gelýärler.




Губернаторы России
Москва

Сергей Собянин рассказал о строительстве Рублево-Архангельской линии метро





Москва

В Москве ежегодно состоялся юбилейный, всероссийский, патриотический гала-концерт «Проза и поэзия» «Россия - семья семей»


Губернаторы России

103news.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.

Moscow.media
Москва

Собянин: Конкурс грантов для НКО побил рекорд по числу одобренных заявок



103news.comмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "103 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. 103news.com — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

103news.com — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.

Музыкальные новости

Кристина Орбакайте

Эксперт оценил стоимость выставленной на продажу недвижимости Орбакайте




Спорт в России и мире

Алексей Смирнов – актер, которого, надеюсь, еще не забыли

Офицеры Управления Росгвардии по Ивановской области стали призерами Чемпионата Центрального округа

Легенда мирового хоккея Игорь Ларионов - амбассадор бренда "Лошадиная сила"

Танцевальный день «Двигайся в такт» от спортивного клуба «Колибри» в ТРЦ «Нора»


Кубок Лейвера

Медведев в составе сборной Европы завоевал Кубок Лейвера



Новости Крыма на Sevpoisk.ru


Новости 24 часа

В Подмосковье сотрудники Росгвардии задержали подозреваемого в убийстве



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России