Owganystan: Metjitde amala aşyrylan partlamada azyndan 13 adam öldi
![Owganystan: Metjitde amala aşyrylan partlamada azyndan 13 adam öldi](https://gdb.rferl.org/C65E2DCB-8BF0-4DC6-9917-CA644BA5C467_w800_h450.jpg)
Owganystanyň gündogaryndaky Khost welaýatynda bir metjitde ýüze çykan partlamada azyndan 13 adam öldi, başga-da 30-a golaýy ýaralandy.
Ýerli resmiler partladyjynyň Ýakubi metjidiniň içinde ýerleşdirilendigini, şeýle-de heläk bolanlaryň sanynyň artmagynyň mümkindigini aýtdylar.
Hüjümiň jogapkärçiligini häzirlikçe hiç bir topar öz üstüne almady. Emma, geçmişde “Yslam döwleti” ekstremistik topary şular ýaly hüjümleri amala aşyrypdy.