Добавить новость
103news.com
World News in Turkmen
Май
2018

'Türkmen gurluşykçylaryna birnäçe aý bäri zähmet haky tölenmeýär'

0
'Türkmen gurluşykçylaryna birnäçe aý bäri zähmet haky tölenmeýär'

Türkmenistanda hususy gurluşyk kärhanalarynda işleýän işgärleriň ençemesi birnäçe aýlap öz zähmet haklaryny alyp bilmeýärler. Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçylarynyň we ýerli synçylaryň sözlerine görä, häzire çenli puluny alyp bilmedik gurluşyk işgärleriň arasynda öňki Aýtakow häzirki Oguzhan köçesinde ýerleşýän 12 gatly jaýyň we öňki Sowhoznaýa köçesinde ýerleşýän 12 gatly jaýyň gurluşygyna gatnaşanlaryň ençemesi bar.

Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan aşgabatly synçy Amanmyrat Bugaýew agzalan jaýlaryň gurluşygyny “Ajaýyp bina” atly kärhananyň ýerine ýetirendigini habar berdi: “Içileriň aglaba bölegi özleri bilen doly hasaplaşylmandygyny aýdyp zeýrenýärler. Şu günlerem işläp ýörenlerden aýlygyny almak üçin kärhananyň ýolbaşçysyna 'men aýylygymy 4 aý bäri alyp bilemok' diýende, ol köpçüligiň öňünde 'sen ýaly adam bize gerek däl. Aýlygyňy bereris, mümkinçilik bolanda' diýip, häzir geç-de, işden gidýändigiň barada arza ýaz diýdirler we firmanyň sürüjisi bolup işlän işgärini işden kowup goýberdiler".

Azatlyk Radiosy “Ajaýyp bina” atly kärhananyň özünden häzirlikçe düşündiriş alyp bilmedi.

Amanmyrat Bugaýewiň sözlerine görä, Türkmenistanda gurluşykçylar bilen hasaplaşmadyk kärhanalaryň sany onlarça bolup, olaryň algydarlary esasan 20-35 ýaş aralygyndaky welaýat ýaşaýjylarydyr.

Türkmenistanda ýerli gurluşyk kärhanalarynyň öz işgärleri bilen hasaplaşygyny yza çekmegine degişli ýagdaý 2016-njy ýylyň ortalaryndan bäri yzygiderli häsiýete eýe bolýar.

Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan türkmenistanlylaryň birnäçesi, hususan-da, geçen ýylyň tomsunda Aşgabat-2017 halkara sport ýaryşynyň öňüsyrasynda gurlup ulanylyşa berlen obýektleriň gurluşygyna gatnaşan gurluşykçylaryň hem şu günki güne çenli aýlygyna garaşýandygyny gürrüň berdiler.

“Aýlyklaryna bir ýyl bäri garaşýan welaýat ýaşaýjylary paýtagtdaky kärhana wagtal-wagtal jaň edip, puluny soranda olara ‘garaşyň bereris’ diýip, hoş söz berýärler”, diýip Azatlygyň türkmenistandaky söhbetdeşi gürrüň berdi.

Türkmenistanda ýerli gurluşyk kärhanalary esasan döwletiň tabşyrygyny ýerine ýetirýärler. Olaryň öz işgärleri bilen hasaplaşygyna degişli problemalar barada resmi taýdan maglumat almak elýeterli däl. Emma gurluşyk kärhanalarynyň jogapkär işgärleriniň adynyň efirde tutulmazlyk şerti bilen aýtmagyna görä, gurluşyk pudagynda işleýän kärhanalara geçen ýylky Aşgabat-2017 oýunlary üçin uly möçberde töleg tölemeli edilipdir, şonda töläp bilmedik kärhanalaryň birnäçesi ýapylypdyr. Şeýle-de, çeşmämiziň bellemegine görä, döwletiň özi gurulýan desgalar üçin kärhanalar bilen wagtynda hasaplaşmaýar. 

Mundan öň Türkmenistanyň gurluşyk kärhanalarynyň öz işgärleri bilen hasaplaşmandygyny türkiýeli işçiler habar beripdi. Geçen ýylyň aýagynda türk işçileri Ankaradaky türkmen ilçihanasynyň öňünde protest geçiripdi. Fewral aýynda olaryň ençemesi Azatlyk Radiosynda özleri barada berlen maglumatlardan soň, üç türkmen gurluşyk firmasyndan biri bilen problemanyň çözülmegi barada ylalaşyga gelinendigini habar berdiler.

Şonda mälim bolşuna görä, “Ajaýyp bina” atly türkmen gurluşyk firmasynyň baş müdiri 5-nji fewralda Stambula baryp, algysy bolan türk işçileri bilen ylalaşyga gol çekilipdir. Türk işçileriniň tölenmedik zähmet haklarynyň belli bir bölegi boýunça hasaplaşyk edilipdir. 

Soňky döwürde Türkmenistanda amala aşyrylýan gurluşyklara türkmen kärhanalary giňden gatnaşýarlar. Olaryň esasan ýurduň Senagatçylar we telekeçiler bileleşiginiň agzalarydygy aýdylýar. Ýurtda gurluşyk kompaniýalaryň sany barada resmi maglumatlar elýeterli däl. Emma telekeçileriň özleri gurluşyk pudagynda ýüzlerçe türkmen kärhanasynyň işleýändigini aýdýarlar.





Губернаторы России
Москва

Собянин: Москва и Пекин подписали программу сотрудничества на 2024-2026 годы





Москва

Московский аэропорт Домодедово и Всероссийское общество инвалидов заключили соглашение о сотрудничестве


Губернаторы России

103news.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.

Moscow.media
Москва

Москва-Пекин. Собянин в Китае подписал соглашение о сотрудничестве



103news.comмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "103 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. 103news.com — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

103news.com — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.

Музыкальные новости

Фёдор Шаляпин

«Всю жизнь я зарабатывал пением и… легким аферизмом». Прохор Шаляпин раскрыл источники дохода в шоу «Вкусно с Анфисой Чеховой» на ТВ-3




Спорт в России и мире

Алексей Смирнов – актер, которого, надеюсь, еще не забыли

В Лужниках состоялась церемония открытия Всероссийской Спартакиады Специальной Олимпиады

Красногорск первым встретил участников международного супермарафона Москва-Минск

В УФСИН России по Республике Дагестан прошли лично-командные соревнования по легкой атлетике


WTA

Саснович победила на старте квалификации турнира WTA-500 в Берлине



Новости Крыма на Sevpoisk.ru


Москва

Как Россия уступила Азербайджану значительные территории Дагестана и два села



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России