Мы в Telegram
Добавить новость
103news.com
World News in Turkmen
Май
2018

Türkmenistanyň bank kartlaryny çäklendirmegi türkmen studentlerini aç galdyrdy

0
Türkmenistanyň bank kartlaryny çäklendirmegi türkmen studentlerini aç galdyrdy

Türkmenistanyň daşynda bilim alýan studentleriň türkmen banklarynda açylan öz plastik kartlaryndan pul çekmekdäki kynçylyklary dowam edýär.

Azatlyk Radiosy bilen Orsýetden, Belarusdan we Ukrainadan habarlaşýan studentler her gije gündizde kartdan nagtlaşdyryp bolýan ýa-da nagt bolmadyk görnüşde töläp bolýan puluň möçberiniň özleri üçin ujypsyzdygyny, okuwyň tölegine, ýaşaýşa ýetmeýändigini, üstesine soňky aýlarda nagt bolmadyk tölegleriň geçmezligi we bankomatlardan nagt puly çekmek boýunça synanyşyklaryň şowsuz bolmagy, hatda kartlaryň tötänden petiklenmegi ýaly ýagdaýlaryň yzygiderli ýüze çykýandygyny gürrüň berýärler.

Ukrainanyň ýokary okuw jaýlarynyň birinde bilim alýan özüni Merdan diýip tanadan türkmenistanly student Azatlyk Radiosy bilen habarlaşyp, öz başdan geçirýän kynçylyklary barada gürrüň bermek isledi.

Studentiň sözlerine görä, onuň özüniň we beýleki türkmenistanly studentleriň ençemesiniň kartlarynyň petiklenmeginiň döreden pul ýetmezçiligi zerarly olar köplenç aç galýarlar.

“Gaty kösenýäris, iýmäge çörege-de pul tapamyzok. Öň 15 dollar töwereginde berýärdi, soňky wagtda şonam berenok. Käwagt magazine barýarys, produkty alýarys, kän zat alamyzok, azyrak zat alýarys bir-iki gün iýer ýaly, şony-da tölänok. Ine men dekabr aýynyň içinde 2017-nji ýylda gowy oglandym, eýýäm kartoçkalar pul bermän başlady, iýmitlenmegi azaldyp başladym, şonuň üçin 15 kile ýitiripdirin” diýip Merdan gürrüň berdi.

“Edil häzirki pursatda meniň jübimde iki dollar ýaly pul bar, men ony diplom işimi çapdan çykarmak üçin saklap otyryn” diýip Merdan aýdýar. 

Student Merdanyň sözlerine görä, şu günki gün kartdan pul çekmek boýunça synanyşyklaryň şowly bolan ýagdaýynda bankomatdan bir günde 15 dollar çemesi pul alyp bolýar.

Nädip oňýarsyňyz?

Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan türkmen studenti Merdan siz nädip gün görýärsiňiz diýlip özüne berlen sowala şeýle jogap berdi: Köp wagtlap biziň pulumyz bolmaýar. Oglanlardan, tanyş-bilişlerden karz sorap alýarys. Biziň hemmämiz bir-birimiziň ýagdaýyna düşünýäris. Soň bir-iki döwüm çörek soraýarys. Ýöne olaryň özleri hem iýmeli. Onsoň aç adam bir-iki döwüm çörek bilen doýmaýar.

Şeýle-de, studentiň sözlerine görä, türkmenistanly ýaşlar gazanç etmek üçin dürli mümkinçilikleri gözleýärler. Dürli agyr we ujypsyz tölegli işlerden işleýärler.

Türkmenistanly student Merdan öz arzyny Azatlyk Radiosy arkaly türkmen häkimiýetlerine ýetirmek isledi.

“Men aýtjak Türkmenistanda işleýänlere sizden ullakan haýyş. Biziň kartoçkalarymyzy açyp beräýiň. Biz daşary ýurtlarda ýörüs, biziň öýümizem ýok, biz umumy ýaşaýyş jaýda ýaşaýarys, ýaşaýyş jaýynyň tölegini töläp bilemizok, bizi tiz çykaryp kowýarlar. Türkmenistana-da gidip bilemizok umumy ýaşaýyş jaýynyň tölegini tölemeseň Türkmenistana goýberenoklar” diýip, Merdan aýtdy.

Karta krizisi

Türkmenistanyň banklarynyň plastik kartlary ýurduň ilaty üçin milli puly daşary ýurt walýutasyna öwürmek boýunça esasy mümkinçilikleriň biri bolmagynda galýar. Resmi düzgüne görä, Türkmenistanyň içinde türkmen manadynda resmi kurs boýunça hasaba goýulýan puldan soň ýurduň daşynda peýdalanyp bolýar.

Emma geçen ýylyň aýagyndan bäri türkmen banklary öz müşderilerine ýurduň daşynda nagt pul çekmäge ýa-da kart arkaly hasaplaşmaga rugsat beren möçberini çürt kesik azaltdy. Köp halatlarda kartlar işlemeýär we puluň resmi taýdan göz öňünde tutulýan mukdary müşderilere elýeterli bolmaýar.

Köpçülikleýin häsiýete eýe bolan bu meseläniň ýarym ýyla golaý wagt bäri dowam edýändigine garamazdan, türkmen häkimiýetleri bu ýagdaýa çözgüt tapmaýarlar we onuň ýüze çykmagynyň sebäplerini düşündirmeýärler.

Munuň bir bir wagtda Türkmenistanda amerikan dollarynyň “gara bazardaky” nyrhy alty aýyň dowamynda birnäçe esse ýokarlandy we resmi kursdan 6 esse aşdy.

Türkmenistanyň Merkezi Bankynyň bir amerikan dollary üçin kesgitlän resmi çalyşyk kursy, bolsa, 2015-nji ýyldan bäri 3.5 manat derejesinde üýtgewsiz saklanýar.





Губернаторы России
Москва

Собянин сообщил о планах благоустройства территорий школ и детских садов





Москва

Кинопродюсер.


Губернаторы России

103news.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.

Moscow.media
Москва

Собянин: В этом году к проекту «Открой#Моспром» присоединился один миллион человек



103news.comмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "103 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. 103news.com — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

103news.com — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.

Музыкальные новости

Найк Борзов

Найк Борзов, Therr Maitz, ZOLOTO и еще четыре десятка концертов за 2 дня




Спорт в России и мире

Алексей Смирнов – актер, которого, надеюсь, еще не забыли

Спортсмен Росгвардии занял второе место в личном многоборье на Играх БРИКС

Роман Костомаров поучаствовал в боксерской тренировке в Москве

Школьник из Ставрополя пробился в финал международного турнира по шахматам


WTA

Самсонова вышла в четвертьфинал турнира WTA в Хертогенбосе



Новости Крыма на Sevpoisk.ru


Сергей Брановицкий

Концертный директор для музыкантов. Концертный директор для певцов. Концертное агентство в Москве. Букинг агентство. Организация концертов и гастролей.



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России