Saakaşwili Tbiliside gaýybana türmä höküm edildi
Gürjüstanyň sudy ozalky prezident Mihail Saakaşwilini wezipesini hyýanatçylykly peýdalanmka günäli tapyp, gaýybana alty ýyl türme tussaglygyna höküm etdi.
Tbilisiniň şäher sudunyň 28-nji iýunda çykaran höküminde Saakaşwiliniň öz wezipesini 2005-nji ýylda oppozisiýadaky deputat Waleriý Gelaşwiliniň urlup-ýenjilmegine degişli subutnamany bassyr-ýussur etmek synanyşygynda ulanandygy aýdylýar.
Häzir Niderlandiýada ýaşaýan Saakaşwili bu sud hökümini ýazgaryp çykyş etdi we onuň syýasy äheňlidigini öňe sürdi.
“Men Waleriý Gelaşwiliniň urlup-ýenjilmeginde Kennedini we Trotskini öldürmekde günäkär bolşum ýaly günäli” diýip, ol Rustavi 2 TV-sine aýtdy. Şeýle-de ol özüniň gaýybana sud edilmegini "kanuna dahylsyz masgarabazlyk" hökmünde häsiýetlendirdi.
Saakaşwili ýanwar aýynda hem gaýybana sud edilip, üç ýyl türme tussaglygyna höküm edildi. Şonda ol gürji bankiriniň öldürilmegini bassyr-ýussur etmekde günäli tapylypdy. Ol bu aýyplamany hem ret etdi we onuň syýasy sebäplidigini aýtdy.