Türkmen türgeni ХVIII Aziýa oýunlarynda kümüş medaly aldy
Tomusky ХVIII Aziýa oýunlarynda türkmenistanly agyr atletikaçy Kristina Şermetowa 53 kilograma çenli agram derejede çykyş edip, kümüş medaly almagy başardy. Ol umumy hasapda 206 kilogramy, ýagny “itekläp” götermek görnüşinde 93 kilogramy we “silkip” götermek görnüşinde 110 kilogramy galdyrdy. Birinji orny filippinaly Hidilin Dias eýeledi. Ol umumy hasapda 207 kilogramy galdyrdy.
Bu Türkmenistanyň bu oýunlaryndaky ilkinji we häzire çenli ýeke-täk medalydyr. Beýleki Merkezi Aziýa döwletlerinde, ýagny Gazagystanda 17 medal, Özbegistanda 10 medal, Gyrgyzystanda 6 medal bar.
Tomusky ХVIII Aziýa oýunlary 18-nji awgust-2-nji sentýabr aralygynda Indoneziýanyň Jakarta we Palembang şäherlerinde geçip, oňa 45 döwletiň sportsmenleri gatnaşýarlar.