Teniň öldürilmegi bilen ilteşikli günäli tapylan aýala çykarylan höküm gowşadyldy
Gazagystanyň sudy buzda figuralaýyn typyjy Denis Teniň öldürilmegi bilen ilteşikli günäli tapylýan bir aýala çykarylan hökümi gowşatdy.
Belli türgen Ten 2018-nji ýylyň tomsunda Almatynyň merkezinde, 25 ýaşynda pyçaklanyp öldürilipdi.
Ýanwar aýynda gazak sudy Teni öldürmekde aýyplanýan iki adamy, ýagny Arman Kudaýbergenowy we Nuraly Kiýasowy günäli tapyp, olaryň her birini 18 ýyl türme tussaglygyna höküm etdi.
Aýyplanýanlaryň üçünjisi Žanar Tolybaýewa jenaýaty habar bermezlikde günäli tapylyp, dört ýyl türme tussaglygyna höküm edildi.
Sülçüler Kudaýbergenow bilen Kiýasowyň ony maşynynyň gapdal aýnalaryny goparmagynyň öňüni aljak bolanda öldürendiklerini aýdypdylar.
Kudaýbergenow we Kiýasow özleriniň ogurlykda günäkärdiklerini aýdyp, buzda typyjyny öldürmegi planlaşdyrmandyklaryny öňe sürdüler.
Žanar Tolybaýewa özüniň adam pyçaklanyşyny görmändigini, diňe Teniň maşynynyň aýnalarynyň goparyljak bolnandygyny bilýändigini aýtdy.
13-nji martda Almatynyň sudy Tolybaýewanyň türmede wagty çaga dograndygy sebäpli, ony minimum howpsuzlyk koloniýasyna geçirmek barada höküm çykardy.
Ten olimpiýa medalyny utan ilkinji gazak buzda typyjysy bolupdy.