Türkmenistanda ilkinji hususy iýmit barlaghanasy açyldy
Türkmenistanda iýmit howpsuzlygy boýunça ilkinji hususy barlaghana açyldy.
Proýekt ABŞ-nyň Halkara ösüş guramasynyň (USAID) goldamagynda “Hil Standart” kärhanasy tarapyndan durmuşa geçirildi. Proýekt Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň inisiatiwasy bilen açylypdyr.
ABŞ-nyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň beýanatynda berilýän maglumata görä, täze mikrobiologiýa barlaghanasy iýmit önümleriniň barlagy boýunça täjirçilik hyzmatlaryny hödürlär. Bu bolsa öz gezeginde, ýerli öndürijileriň we eksport edýän kärhanalaryň, barlaghananyň hyzmatlaryndan peýdalanyp bilmesine ýol açar.
Türkmenistan agyr ykdysady krizisiň fonunda azyk önümleriniň ýetmezçiligini başdan geçirýär.