Hindistanda, Bangladeşde suw joşguny zerarly onlarça adam heläk boldy
Regional häkimiýetleriniň habar bermegine görä, Hindistanyň demirgazyk-gündogarynda we Bangladeşde musson ýagyşy sebäpli dörän güýçli suw joşmalary onlarça adamyň ölmegine we millionlarça öýüň suw astynda galmagyna sebäp bolupdyr. Iki ýurt hem hepdäniň ahyrynda has köp suw joşmasynyň we ýagyşyň bolmagyna taýýarlanyp, 18-nji iýunda halas ediş işlerine kömek üçin öz harby güýçlerini çekdi. Tebigy betbagtçylyklar gullugy Hindistanyň Assam ştatynda azyndan dokuz adamyň ölendigini we 2 million töweregi adamyň öýleriniň suw astyndadygyny aýtdy. Читать дальше...