Çernogoriýanyň parlamenti premýer-ministriň hökümetine ynamsyzlyk bildirmek barada ses berdi
Çernogoriýanyň parlamenti hökümet bilen Serbiýanyň prawoslaw kilisesiniň arasynda dawaly ylalaşyk gazanylandan soň, premýer-ministr Dritan Abazowiçiň azlyk hökümetine ynamsyzlyk bildirmek barada ses berdi. 81 agzaly kanun çykaryjy organ bir gün dowam eden debatdan soň, 20-nji awgustda irden bir agzanyň oňyn we 50 agzanyň garşy ses bermegi bilen bu rezolýusiýany kabul etdi. Abazowiçiň "URA raýat hereketiniň" we onuň ýarany "Demokratik front" hem-de "Sosialistik Halk partiýasynyň" wekilleri ses bermekden saklandylar. Читать дальше...