Добавить новость
103news.com
World News in Turkmen
Февраль
2026
1
2 3 4 5 6
7
8
9 10 11 12 13
14
15
16 17 18 19 20 21
22
23 24 25 26 27 28

Новости за 10.02.2026

Aşgabatda we Maryda nikotinli pastilkalaryň söwdasyna garşy reýd geçirildi

Azathabar.com 

Aşgabat şäherinde we Mary welaýatynda häkimiýetler nikotinli pastilkalaryň söwdasyna garşy gözegçiligi güýçlendirip, reýdleriň ençemesini geçirdiler. Kanun goraýjy edaralardaky çeşmelerimiziň birnäçesi bu reýdleriň çäginde şeýle pastilkalaryň ýüzlerçe gutusynyň ele salnandygyny aýtdy. “Fewralyň birinji hepdesinden başlap Aşgabatda we Maryda hukuk goraýjy edaralaryň nikotinli pastilkalar - halkara bazarda “nicotine pouches” diýlip tanalýan önümleriň gizlin dolanyşygyna garşy reýdleri güýçlendirdiler” diýip, çeşmämiz belledi. Читать дальше...

Diňle: Ilatyň hökümetçi mollalara we ýaşululara gaýtawul bermegi ‘artýar’, käte bu wakalar ‘urup-ýençmä’ baryp ýetýär

Azathabar.com 

Türkmenistanda ilatyň hökümetçi mollalara we il ýaşulularyna aç-açan gaýtawul bermegi bilen bagly wakalar ozal görlüp-eşidilmedik derejede artdy diýip, bu ýagdaýlara şaýat bolan ýaşaýjylaryň we synçylaryň ençemesi aýdýar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçylary 10-njy fewralda maglumat berdiler.

Gyrgyzystanyň prezidenti Kamçybek Taşýiewi GKNB-niň başlygy we wise-premýer wezipesinden boşatdy

Azathabar.com 

Gyrgyzystanyň prezidenti Sadyr Žaparow Kamçybek Taşiýewi Milli howpsuzlyk boýunça dowlet komitetiniň (GKNB) başlygy we hökümet başlygynyň orunbasary wezipesinden boşatdy. Žaparowyň administrasiýasynyň habar bermegine görä, degişli permana 10-njy fewralda gol çekildi. Işden boşadylmagyň sebäpleri görkezilmeýär. Şeýle-de bolsa, resminamada Konstitusiýanyň degişli normasyna salgylanylýar, oňa görä prezident ministrler kabinetiniň agzalaryny we ýerine ýetiriji häkimiýetiň beýleki edaralarynyň ýolbaşçylaryny... Читать дальше...

Türkmenistanda lukmanlar we mugallymlar işini terk edýär, pensiýadaky işgärler işe çagyrylýar

Azathabar.com 

Türkmenistanyň býujet edaralarynda işgär ýetmezçiligi emele geldi, ýaş we orta ýaşly işgärleriň işden meýletin çykmagyna degişli ýagdaýlarynyň köpelmeginiň we ýurduň daşyna zähmet migrasiýa akymynyň güýçlenmeginiň arasynda käbir edaralarda zähmet pensiýasyna çykan öňki işgärleri işe çagyrmak ýaly çäreler görülýär. Bu barada Azatlygyň Balkandaky we Lebapdaky çeşmeleri habar berýärler. Balkanyň döwlete degişli edaralaryndaky ýagdaýdan habarly çeşmäniň anonimlik şertinde aýtmagyna görä, saglyk we bilim... Читать дальше...



Transparency International: Türkmenistan Merkezi Aziýanyň “iň korrumpirlenen” ýurdy

Azathabar.com 

10-njy fewralda Transparency International guramasy 2025-nji ýyl üçin, iň soňky Korrupsiýa indeksini (Corruption Perception Index) çap etdi. Onda Türkmenistan ýene-de iň ýaramaz orunlarda ýerleşdirilip, Merkezi Aziýa döwletleriniň arasynda iň korrumpirlenen ýurt boldy. Hasabatda 182 ýurt we territoriýa seljerilýär we 100 ballyk ölçegdäki derejä laýyklykda, azat hasaplanýana 100 baldan, iň parahor hasaplanýana 0-a çenli bal berilýär we sanawa ýerleşdirilýär. Muňa laýyklykda, Türkmenistan 17 bal bilen 167-nji orunda ýerleşdirildi. Читать дальше...

Ilatyň hökümetçi mollalara we ýaşululara gaýtawul bermegi ‘artýar’, käte bu wakalar ‘urup-ýençmä’ baryp ýetýär

Azathabar.com 

Türkmenistanda ilatyň hökümetçi mollalara we il ýaşulularyna aç-açan gaýtawul bermegi bilen bagly wakalar ozal görlüp-eşidilmedik derejede artdy diýip, bu ýagdaýlara şaýat bolan ýaşaýjylaryň we synçylaryň ençemesi aýdýar. Olaryň sözlerine görä, käte bu wakalar ilatyň hökümet propagandaçylaryny urup-ýençmegine hem getirýär. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçylary 10-njy fewralda ýurduň Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlaryndan maglumat berdiler. “Soňky hepdelerde türkmenistanlylar köpçülik ýerlerinde... Читать дальше...

Tokaýew Gazagystanyň “superprezidentlik” dolandyryş görnüşi bilen “ymykly hoşlaşýandygyny” aýdýar

Azathabar.com 

Gazagystanyň prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew 10-njy fewralda hökümetiň giňeldilen mejlisinde özüniň yglan eden Konstitusion reformasy barada çykyş edip, ýurduň superprezidentlik dolandyryş görnüşinden uzaklaşýandygyny ýene bir gezek aýtdy. “Soňky ýyllardaky syýasy reformalara giňden ser salsak, Gazagystanyň superprezidentlik dolandyryş görnüşi bilen doly hoşlaşýandygyna we abraýly, täsirli parlamenti bolan prezident respublikasyna geçýändigine ynanmaga esas berýär” diýip, Tokaýew aýtdy. Emma dokument... Читать дальше...

ABŞ-nyň harbylary Russiýanyň “kölege flotuna” degişli ýene bir tankeri saklady

Azathabar.com 

9-njy fewralda ABŞ-nyň harbylary Russiýanyň “kölege flotuna” degişlidigi diýilýän ýene bir gämini saklady. Bu barada Pentagonyň metbugat gullugy habar berdi. Beýanatda amerikan harbylarynyň Hindi ummanynda Aquila II gämisini saklandygy aýdylýar. Gämi Karib deňzinden tä Hindi ummanyna çenli takmynan üç hepdä golaý yzarlandy. Beýanatda gäminiň “prezident Tramp tarapyndan sanksiýa düşen gämiler üçin Karib deňzinde girizilen karantin düzgünlerini bozup hereket edendigi” aýdylýar. Gämi Wenesuelanyň nebitini... Читать дальше...

Kadyrow oglunyň ýol heläkçiligine düşendigi baradaky habarlary ‘ýasama maglumat’ atlandyrdy

Azathabar.com 

Çeçenistanyň ýolbaşçysy Ramzan Kadyrow Grozny şäherinde onuň ogly Adamyň uçran ýol-ulag heläkçiligi baradaky habarlary “bir ýerden çykan ýasama maglumat” diýip atlandyrdy. Bu barada Kadyrow respublikanyň prokurory Arsan Adaýew bilen geçirilen duşuşykda aýtdy. Bu baradaky wideo Kadyrowyň Telegram kanalynda çap edildi. “Emeli aňyň kömegi bilen islendik adamy aldap bolýar. Ýurtda 128 müň ýol heläkçiligi boldy, 13 müň 9 adam heläk boldy, emma munuň bilen hiç kimiň işi ýok, hiç kim hiç zat diýmeýär” diýip... Читать дальше...




Губернаторы России
103news.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.

Moscow.media


103news.comмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "103 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

103news.com — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.

Музыкальные новости




Спорт в России и мире



Новости Крыма на Sevpoisk.ru



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России