Eýranda wirusdan ölenleriň resmi sany 4500-e golaýlady
Eýranda COVID-19-dan ölenleriň sany geçen günüň dowamynda täze 117 näsagyň ýogalmagy bilen 4,474-e bardy diýip, Saglyk ministrliginiň metbugat wekili Kianuş Jahanpur 12-nji aprelde aýtdy.
Ýurtda koronawirus ýokaşanlaryň 71,686 sanysy hasaba alyndy diýip, Jahanpur sözüniň üstüni ýetirdi.
Onuň tassyklamagyna görä, soňky 24 sagatda täze 1,657 adama wirus ýokaşandygy tassyklandy.
Eýranly we halkara ekspertleriň köpüsi Tährandaky hökümetiň başda bu kesele garşy tagallalara ýeterlik üns bermändigini we pandemiýanyň netijelerini bilkastdan kiçeldip görkezendigini aýdýarlar.
ABŞ Eýrana bu ýagdaý bilen bagly ynsanperwer kömegini teklip etdi, emma häkimiýetler ondan ýüz öwrüp, muňa derek sanksiýalaryň ýatyrylmagyny talap etdi.