COVID-19: Günorta Koreýada mekdepler açylýar, BSG garaşsyz seljermä razy
Günorta Koreýada mekdepler, koronawirus pandemiýasy sebäpli iki aýlap ýapylandan soňra, 20-nji maýda täzeden açyldy.
Emma wirusyň ýaýramak mümkinçilikleriniň öňüni almak üçin, okuwçylar berk düzgünleri berjaý etmeli bolarlar.
Bu tutuş ýurt boýunça mekdepleri täzeden açmak barada kabul edilen protokolyň birinji tapgyrydyr. Muňa laýyklykda, okuwçylar medisina maskalaryny dakynmaly we synp otaglarynda 1 metr aralygy saklamaly bolarlar.
Okuwçylaryň gyzgyny hem dowamly barlanyp durar. Eger-de koronawirusa ýoluganyň üsti açylsa, beýleki okuwçylaryň dolanmagy üçin howpsuz ýagdaý döreýänçä, sapaklar Internet arkaly onlaýn görnüşinde geçiriler.
Hytaýda resmiler ýurduň demirgazyk-gündogar Jilin welaýatynda wirusyň täze ojagynyň öňüni almak ugrunda tagalla edýändiklerini aýdýarlar. Wirusyň ilki hasaba alnan ýeri bolan Hytaýdan wirusyň gelip çykyşy barada açyklyk talap edilýär.
19-njy maýda Bütindünýä Saglyk Guramasy (BSG) pandemiýa babatynda global derejede alnyp barlan çäreleriň, şol sanda BMG-niň saglyk edarasynyň öz rolunyň hem garaşsyz ýagdaýda seljerilmegine razy boldy.
Koronawirusyň Braziliýadaky gerimi babatynda aladalar bildirilýär. 19-njy maýda rekord derejedäki 1 müň 179 adam ölümi hasaba alyndy. Wirus bilen 270 müňden hem köp adam keselledi. Koronawirusa ýoluganlaryň sany boýunça Braziliýa dünýäde ABŞ-dan we Russiýadan soňra üçünji orunda dur.