BMG COVID-19-yň ykdysady täsiri we açlyk ähtimallygy barada duýduryş berýär
Birleşen Milletler Guramasynyň başlygy koronawirus pandemiýasynyň ösýän ýurtlarda köpçülikleýin açlyga getirip biljekdigini aýtdy.
BMG-niň Baş sekretary Antonio Guterriş 28-nji maýda geçirilen ýokary derejeli ýygnakda COVID-19 pandemiýasynyň giň ýaýran açlyk we işsizlik nitejesinde “bütin dünýäde göz öňüne getirip bolmajak weýrançylyklara we ejir çekmelere” sebäp boljakdygyny öňe sürdi.
Guterriş haýal etmezden global derejede ylalaşylan çäreleriň görülmegine, şol sanda maliýe we bergi-borç meselelerinde ýeňillikleriň döredilmegine çagyrdy.
Gutteriş dünýädäki önümçiligiň kemelmeginiň 8,5 trillion dollara ýetip biljekdigini aýtdy. Onuň aýtmagyna görä, bu çökgünlik ABŞ-daky Uly depressiýadan bäri iň kesgin gaýdyş bolar.
Dünýädäki iň uly 20 ykdysadyýet topary we karz beriji ýurtlaryň guramasy (Pariž kluby) aprel aýynda iň garyp 77 ýurda şu ýylyň ahyryna çenli ikitaraplaýyn bergiler boýunça tölegleri yza süýşürmegi teklip etdi.
Şu wagta çenli olaryň diňe 22-si bu ýeňilligiň özlerine berilmegi baradaky talap bilen ýüzlendi.
Koronawirus ýokaşmalary ilkinji gezek geçen ýylyň ahyrynda Hytaýda hasaba alyndy.
Amerikanyň Jon Hopkins uniwersitetiniň maglumatlaryna görä, dünýäde wirus ýokaşanlaryň sany 5,9 milliondan geçýär.
Wirusdan ölenleriň sany 350 müňden geçýär. Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda koronawirus pidalarynyň sany 100 müňden geçdi.