Добавить новость
103news.com
World News in Turkmen
Сентябрь
2020

Messi gyrgyzlary nähili gynandyrdy

0
Messi gyrgyzlary nähili gynandyrdy

«Barselona» futbol klubunyň iň belli hüjümçisi Lionel Messi bu topardan çykmak kararyna gelendigini aýtdy. Onuň sözüni «Associated Press» agentligi klubyň ýolbaşçylaryna salgylanyp, bütin dünýä mälim etdi.

Dünýä belli futbolistiň «Barselona» kluby bilen şertnamasy 2021-nji ýylyň tomsunda tamamlanýar. Messi öz gelen karary bilen futbol dünýäsinde gyzgyn çekişmeleriň döremegine sebäp boldy.

Dünýäniň iň güýçli futbolistiniň biri, «Altyn topa» alty gezek mynasyp bolan 33 ýaly Lionel Messi UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň dörtden bir bäsleşiginde «Bawariýadan» 2:8 hasap bilen utulandan soň şeýle karara gelipdir.

Futbol ýyldyzynyň bu gelen karary janköýerleriň arasynda dürliçe pikirleri döretdi, onuň gaty ýakyn janköýerlerinde bolsa agyr gynanç duýgusyny oýardy. «Kamp Nou» futbol meýdançasyna ýygnanan Messiniň janköýerleri klubuň ýolbaşçysynyň işden çekilmegini talap etdiler.

Messiniň Gyrgyzystandaky bir janköýeri Marat Murganbaýew ol futbol klubunyň ýolbaşçylaryndan närazydygyny bildirdi.

– Elbetde, men muňa gaty gynandym. Messi «Barselonadan» gitse, ägirt uly girdejiden mahrum bolýar, ol kontraktyny ýitirýär. Messi «Barselona» üçin 2004-nji ýyldan bäri oýnap gelýär. «Barselonany» Messisiz göz öňüne getirmek kyn, Messini-de «Barselonasyz». 2015-nji ýylda klubuň prezidenti wezipesine Jozep Bartomeu saýlanandan soň, klubda nädogry syýasaty alyp bardy, komanda girişmejek oýunçylary çagyrdy. 2016-njy ýyldan «Barselona» ýuwaş-ýuwaşdan dargap ugrady. Eger Messi hem ol ýerden gitse, «Barselonanyň» öz oýnuny ýitirmegi mümkin – diýip, Marat Murganbaýew aýdýar.

Futbol älemindäki ýyldyzyň Gyrgyzystandaky janköýerleri Internet arkaly bu meseläni gyzgyn jedelleşýärler. Käbir janköýerler bolsa Messi bilen baglanyşykly gülkünç suratlary-da goýýar. Meselem, «Alaý» futbol komandasynyň janköýerleri Messini «Alaýa hoş geldiňiz» diýen ýazgyly maýkada ýerleşdiripdir.

Ol klubuň ýagdaýyna dolansak, şu futbol ýylynda katalon klubunyň oýunlary şowuna bolmady. Owaly bilen «Realdan» utulyp, Ispaniýanyň çempiony bolup bilmedi. Dörtden bir finalda utulyp, Ispaniýanyň kubok ýaryşyndan hem çykmaly boldy.

Çempionlar ligasynyň oýunlarynda «Barselona» «Bawariýadan» gaty uly hasap bilen utuldy.

 

Soňky ýyllarda bu kluby Hawi, Inýesta ýaly birnäçe ukyply futbolist taşlap gitdi. Futbol bilermenleriniň sözüne görä, «Barselona» öz ‘altyn’ döwrüni tamamlap barýar hem agyr kynçylyk çekýär. Mundan daşary-da koronawirus pandemiýasy sebäpli maliýe kynçylygyny başdan geçirýär.

Sport žurnalisti Usubaly Mambetaliýew Messiniň gelen karary barada şeýle diýdi:

– «Barselonanyň» taryhynda kluba köp oýunçy gelip, soň olaryň giden wagty boldy. Bu kanuna laýyk ýagdaý, üstesine-de Missi ýaş däl. Mundan öň «Barselona» kluby öz oýunlaryny Messiniň ukybyna laýyk gurnaýardy. Futbolyň örän çalt özgerýändigi üçin, soňky üç ýylda biz bu usulyň utuşly däldigini görýäris. «Barselona» «Liwerpuldan», «Romadan» hem «Bawariýadan» utuldy. Diýmek, öňki usul indi ýöremeýär, oýny diňe bir adamyň mümkinçiligine görä guramak dogry däl. Oýunlar häzirki zaman futbol talaplaryna laýyk gelmeli. Elbetde, Messi gitse, kynçylyk dörär, ýöne täze direktor Kuman reforma geçirýär, onuň işleri ilkinji möwsümde belli bolasy ýok, munuň üçin wagt gerek. Oňa derek, klubuň ýolbaşçylary Messiniň öz mümkinçiligini gutarýança komandada galmagyny teklip edýär. Ol muňa razy bolmadyk ýagdaýynda, baglaşylan şertnamany bozany üçin, futbolist bilen klubuň arasynda sud derňewi geçip biler. Entek Messiniň haçan oýundan çykjagy belli däl – diýip, gyrgyz sport žurnalisti aýdýar.

Halkara futbol analitigi Gari Lineker öz «Twitter» sahypasynda hiç bir ýagdaýa seretmezden «Barselona» futbolist bilen mähirli ýagdaýda hoşlaşmaly diýip ýazdy.

«Eger Messi «Barselona» bilen baglaşan şertnamasyny bozan ýagdaýynda, klub onuň gitmegine garşylyk görkezmez, gaýtam ýardam eder diýip, men umyt edýän. Sebäbi ol mydama tüýs jany-teni bilen oýnapdy, klubuň taryhynda ol iň gowy oýunçy boldy. Eger klub bilen futbolistiň arasynda dawa dörese, bu gaty gynançly ýagdaý» diýip, Gari Lineker ýazýar.

Köpçülikleýin habar serişdeleriniň maglumatyna görä, Messini «Manchester United», «Inter», «Juventus» hem-de «Paris Saint-Germain» ýaly klublar öz formasynda görmek isleýärler.

Sport mümkinçilikleri tamamlanýança Messiniň «Barselonada» galmagynyň mümkindigini aýdýanlar hem bar. Futbol janköýeri Kurmanbek Karabalaýew şolardan biri.

– Men 100% kepil geçip bilerin: Messi «Barselonany» taşlamaz, ýöne onuň klubuň ýolbaşçylary bilen ylalaşmazlygy mümkin. Dogrusyny aýtsak, soňky 10 ýylda «Barselona» Messiniň hasabyna tanaldy, ol örän abraýly futbolist. Onuň karýerasy birki ýyldan tamamlanar. Ol muny şol klubda jemlär diýip pikir edýän. Ondan daşary-da beýle gymmatbaha oýunçyny her öňýeten klub özüne alyp bilmez. Häzir futbolisti başga bir ýere geçirmek 700 million dollar bahalanýar. Öz möwsümini gutaryp barýan oýunçy üçin, onça pul çykarjak klub ýokdur. Futbolistiň aýlygy-da örän ýokary – diýip, Kurmanbek aýdýar.

Argentinaly futbolist 17 ýyl bäri «Barselona» komandasynda oýnap gelýär. Bu komanda onuň bilen 10 gezek Ispaniýanyň çempiony boldy, UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň oýunlarynda dört gezek utuş gazandy, Ispaniýanyň Kubogyny 6 gezek alyp bildi. Katalon futbol komandasynyň resmi oýunlarynda 634 topy derwezeden geçirdi. «Altyn top» baýragyna dünýäde diňe ol alty gezek mynasyp boldy.

Material AÝ/AR-nyň Gyrgyz gullugy tarapyndan taýýarlandy.





Губернаторы России
Москва

Собянин прибыл в Китай с рабочим визитом





Москва

За прошедшую неделю подмосковные росгвардейцы обеспечили безопасность более 200 мероприятий


Губернаторы России

103news.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.

Moscow.media
Москва

Собянин прибыл в Китай с рабочим визитом



103news.comмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "103 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. 103news.com — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

103news.com — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.

Музыкальные новости

Бато Багдаев

В столице Бурятии в городе Улан-Удэ в театре кукол «Ульгэр» 14-16 июня пройдут «Волшебные выходные»! - Театр и Цирк, Культура и Концерт, Россия и Дети




Спорт в России и мире

Алексей Смирнов – актер, которого, надеюсь, еще не забыли

Военно-спортивный фестиваль Росгвардии в «Лужниках» собрал более 20 000 москвичей и гостей столицы

Резидент «Инсайт Люди» Дмитрий Зубов установил мировой рекорд по чеканке мяча

Красногорск первым встретил участников международного супермарафона Москва-Минск


Людмила Самсонова

Людмила Самсонова не отдала голландскую траву // Она продолжила серию российских побед на теннисном турнире в Хертогенбосе



Новости Крыма на Sevpoisk.ru


Game News

Гайд по Earn to Die Rogue: мифические предметы, билды и режимы



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России