Мы в Telegram
Добавить новость
103news.com
World News in Turkmen
Сентябрь
2020

Türkmenistanda çäklendirmeleriň möhleti uzaldylýan mahaly, Daşoguzda her gün onlarça ýolagçy uçara goýberilmeýär

0
Türkmenistanda çäklendirmeleriň möhleti uzaldylýan mahaly, Daşoguzda her gün onlarça ýolagçy uçara goýberilmeýär

Türkmenistanda global pandemiýanyň fonunda hereket çäklendirmeleri saklanyp galýan mahaly, Daşogzuň aeroportunda her gün biletli ýolagçylaryň onlarçasy uçara münüp bilmeýär.

Azatlyk Radiosynyň bu barada habar berýän ýerli habarçysy munuň sebäpleriniň uçar biletleriniň göz öňünde tutulandan has köp adama satylmagy bilen baglanyşyklydygyny aýdýar.

"Adatça her welaýatdan Aşgabada ýa-da beýleki sebitlere günde iki uçar reýsi bar. Bu uçar reýsleriniň her birinde bolmalysyndan 16-18 bilet artykmaç satylýar. Şol sebäpli bilet satyn alan ýolagçylar aeroporta ir gelmäge we uçara münmäge synanyşýarlar. Ýöne artykmaç satylan biletler sebäpli her reýsde 20-ä golaý ýolagçy uçara goýberilmeýär" diýip, gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan habarçy 15-nji sentýabrda gürrüň berdi.

Onuň sözüne görä, uçar biletleriniň resmi bahasy 250-300 manat aralygynda bolsa-da, olary "araçylar" arkaly diňe 1000 manatdan satyn alyp bolýar. Ýöne uçara münüp bilmedik ýolagçylara bilediň diňe resmi bahasy yzyna berilýär.

Azatlyk Radiosynyň bu barada Daşogzuň aeroportundan goşmaça maglumat almak boýunça eden synanyşyklary netije bermedi.

Türkmen häkimiýetleri ýurtda hiç bir COVID-19 näsagynyň resmi derejede hasaba alynmandygyny aýdýan bolsa-da, martyň ahyryndan başlap ençeme çäklendirmeleri girizdiler. Şeýle-de, welaýatlaryň, şäherleriň we etraplaryň arasyndaky ulag, awtobus we otly gatnawlaryny çäklendirdiler.

“Türkmendemirýollary” agentliginiň resmi websaýtynda ýolagçy otly gatnawlarynyň oktýabr aýynyň 1-ne çenli duruzylandygy habar berilýär. Mundan ozal bu gatnawlaryň ilki 15-nji awgusta, soňra-da 1-nji sentýabra çenli duruzylandygy mälim edilipdi.

Şol bir wagtda, Azatlygyň habarçysy ýagdaýdan habarly resmi işgärlere salgylanyp, otly gatnawlarynyň 1-nji oktýabrda hem dikeldilmejekdigini aýdýar.

"Häzirki wagtda demirýol işgärleriniň käbiri az aýlyk alýar, galan köp bölegi tölegsiz dynç alşa goýberildi. Welaýatlaryň arasynda otly, awtobus we taksi gatnawlary ýoklugy sebäpli hemmeler uçarda sapar etmäge synanyşýar. Üstesine-de, biletler 4-5 esse gymmatdan satylýar. Bu käbir adamlar üçin örän düşewüntli biznese öwrüldi" diýip, anonimlik şertinde söhbetdeş bolan resmi işgär habarçymyza gürrüň berdi.

Bu aralykda, türkmen hökümetine ýakyn “Orient.tm” neşiri Türkmenistanda söwda desgalarynyň işine girizilen wagtlaýyn çäklendirmeleriň möhletiniň şu ýylyň 15-nji oktýabryna çenli uzaldylandygyny habar berdi.

"Köpçülikleýin naharlanylýan ýerleriň - banket zallaryň, restoranlaryň, kafeleriň, naharhanalaryň we ş.m. - işine wagtlaýyn çäklendirmeler 15-nji oktýabra çenli uzaldyldy. Şuňa meňzeş çäklendirmeler hyzmat ediş desgalaryna, şol sanda kinoteatrlara, teatrlara, oýun attraksionlaryna, muzeýlere, gözellik salonlaryna, hammamlara, sport desgalaryna, basseýnlere, fitnes we aerobika klublaryna... hem degişlidir" diýlip, neşiriň 14-nji sentýabrda çap eden habarynda çäklendirmeleriň azyk we gündelik sarp ediş harytlaryny satýan dükanlara degişli däldigi hem aýdylýar.

Şol bir wagtyň özünde, habarda "sosial hyzmatlar pudagynda saç kesmegiň we tikin atelýeleriniň ähmiýetiniň göz öňünde tutulyp", ozal bu desgalara berlen iş rugsadynyň 1-nji oktýabra çenli uzaldylandygy hem bellenilýär.

"Saç kesýänler we tikinçilik atelýeleri häzirki sanitariýa we arassaçylyk düzgünlerini berk berjaý edip, 09:00-dan 20:00-a çenli işläp bilerler" diýip, neşir ýazýar.

Türkmenistanda resmiler ýa-da döwlet media serişdeleri ýurtda koronawirus bilen bagly girizilen çäklendirmeler, munuň ilata ýetirýän täsirleri, şeýle-de keselçiligiň ýaýramagy we onuň gerimi barada maglumat bermeýärler.

Azatlygyň habarçylary karantin çäklendirmeleri sebäpli işsiz galan ýa-da tölegsiz zähmet dynç alşyna iberilen adamlara köp duş gelse bolýandygyny habar berip gelýärler. Olar bu ýagdaýyň ýurtda dowam edýän ykdysady kynçylyklar bilen bagly güzeran eklenji öň hem ýeňil bolmadyk maşgalalaryň ýagdaýyny has-da agyrlaşdyrandygyny belleýärler.

Geçen aý Azatlygyň Marydaky we Lebapdaky habarçylary welaýat ýaşaýjylarynyň Aşgabada we beýleki sebitlere işlemäge gitmek üçin howply hem-de çylşyrymly ýollary saýlap alýandygyny, şeý​le-de onlarça kilometri ýöräp geçýändigini habar berdiler.

 

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.





Губернаторы России
Москва

Столичный мэр реорганизовал управы в ТиНАО





Москва

Страдания юного Аюша Булчун


Губернаторы России

103news.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.

Moscow.media
Москва

Собянин: Московскому метрополитену исполнилось 89 лет



103news.comмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "103 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. 103news.com — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

103news.com — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.

Музыкальные новости

Булат Окуджава

Скульптура в честь Булата Окуджавы появилась в Нижнем Тагиле




Спорт в России и мире

Алексей Смирнов – актер, которого, надеюсь, еще не забыли

В ЦСКА рассказали о тяжести травмы голкипера Владислава Торопа

Стартовал финальный этап всероссийского футбольного турнира «Будущее зависит от тебя»

Инсайты, стратегии и нетворкинг для профессионалов: 21 июня пройдет ежегодный форум «Спорт и Бизнес»


ATP

Стало известно, при каком условии Медведев может опуститься на 5-е место рейтинга ATP



Новости Крыма на Sevpoisk.ru


Тимати

На восстановление уйдет год: невеста Тимати пострадала на Мальдивах



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России