Мы в Telegram
Добавить новость
103news.com
World News in Turkmen
Июнь
2021

Türkmenistan welotrek boýunça dünýä çempionatyny geçirmek hukugyny ýitirdi

0
Türkmenistan welotrek boýunça dünýä çempionatyny geçirmek hukugyny ýitirdi

Şu ýylyň oktýabr aýynda Aşgabatda geçiriljegi planlaşdyrylan tigir sürmek boýunça dünýä çempionaty Şotlandiýanyň Glazgo şäherinde geçiriler. Bu barada 3-nji iýunda Halkara welosiped birleşigi (UCI) yglan etdi. UCI guramasynyň web sahypasynda ýerleşdirilen habara görä, çempionatiň ilkinji görnüşde geçirilmegi guramaçylaryň haýyşy boýunça ýatyrylypdyr "[gatnaşyjylaryň] saglygyny goramak baradaky aladalar we Covid-19 pandemiýasy bilen baglanyşykly çäklendirmeler ýaryşyň bu ýurtda geçirlmegine ýol bermeýändigi" aýdylypdyr. Çempionatyň esasy guramaçysy bolan UCI-niň beýanynda haýsy guramaçylaryň Aşgabatdaky ýaryşy ýatyrmak isländigi görkezilmeýär.

Tigir sürmek boýunça dünýä çempionaty 2021-nji ýylyň 13-17-nji oktýabry aralygynda geçirilmelidi. Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow, sagdyn durmuş ýörelgesiniň, esasanam Türkmenistanda welosiped sürmegiň ösüşiniň ideýasynyň esasy hemaýatçysy hökmünde ýetip gelýän sport çäresine uly ähmiýet berdi. Aşgabatda welotrek boýunça dünýä çempionatyny geçirmek hukugyny almakda türkmen liderine Türkmenistanyň energiýa pudagy bilen işleşýän rus oligarhy Igor Makarow kömek etdi. ARETI kompaniýalar toparynyň eýesi UCI ýetiriji komitetiniň agzasy, şeýle hem Türkmenistanyň prezidentiniň nebit we gaz meseleleri boýunça geňeşçisiniň ýolbaşçysy.

2019-njy ýylda Aşgabatda ýaryşyň geçirilmegi yglan edileli bäri, adam hukuklaryny goraýjylar we aktiwistler awtoritar Berdimuhamedowyň režimi tarapyndan dolandyrylýan ýurtda halkara sport çäresiniň geçirilmegine alada bildirdiler.

Bellemeli ýeri, çempionatyň Glazgoga geçiriljegi barada habar ilkinji gezek UCI-iň twitter hasaby arkaly mälim edildi, emma bu habar gysga wagtda öçürildi.

“Täze ýerde geçiriler! 2021-nji ýylda Tissot tarapyndan maliýeleşdirilýän welotrek boýunça dünýä çempionaty Glazgoda geçiriler. Jikme-jiklikler dowam eder# Glazgow 2021"-diýlip, Cycling News neşiri öçürlen maglumaty sitirleýär.

3-nji iýunda Aşgabatda dünýä çempionaty ýatyrylan güni Bütindünýä welosiped güni mynasybetli Türkmenistanda köpçülikleýin welosiped sürüşleri geçirildi. 50 gradus yssyda we koronawirus pandemiýasynyň agyrlaşýan ýagdaýynda, tutuş ýurt boýunça müňlerçe býujet işgäri zor bilen welosiped sürmäge äkidildi.

Bu, guramaçylaryň awtoritar ýurtlarda geçirilmeli welosiped sürmek boýunça uly çempionatlaryny bir hepdäniň içinde ikinji gezek ýatyrmagydyr. 27-nji maýda Tigir sürmek boýunça Ýewropanyň Bileleşigi (UEC) Belarusda geçiriljek Ýewropa çempionatynyň ýatyrylandygyny habar berdi. Bu, Belarus režiminiň Ryanair uçaryny Minskde zor bilen gonduryp, oppozisiýa žurnalisti Roman Protasewiçi tussag edeninden soň boldy.

Geçen ýyl, 2-nji iýunda, Bütindünýä welosiped gününiň öňüsyrasynda, Halkara welosiped birleşigi Berdimuhamedowa ozal hiç kimiň almadyk iň ýokary baýragyny gowşurdy.

Soňra UCI-iň bu ädimi "ahlak meselesi we Aşgabat bilen gatnaşyklardaky bähbit gapma-garşylyklary bilen baglygy" sebäpli tankyt edildi.

BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 2018-nji ýylda döredilen Bütindünýä welosiped güni mynasybetli Aşgabatda welosiped ýadygärligi guruldy.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.





Губернаторы России
Москва

Собянин: 1 июня начнется фестиваль «Лето в Москве. Все на улицу!»





Москва

Улыбка сделала слушателя «Юмор FM» миллионером


Губернаторы России

103news.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.

Moscow.media
Москва

Собянин: Детский фестиваль искусств «Небо» станет праздником для всей семьи



103news.comмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "103 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. 103news.com — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

103news.com — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.

Музыкальные новости

Елена Волкова

В Йошкар-Оле с большим успехом прошел IV этап культурного проекта «Классика: история и современность»




Спорт в России и мире

Алексей Смирнов – актер, которого, надеюсь, еще не забыли

Для пользы тела. «Мой спортивный район» начинает летние тренировки

Певица Пелагея разделила имущество с бывшим мужем

День защиты детей празднуют в мире 1 июня


Ролан Гаррос

Мирра Андреева вышла во второй круг Открытого чемпионата Франции



Новости Крыма на Sevpoisk.ru




Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России