Pekin 'Uly-7" beýannamasyny ýazgaryp, Hytaýa töhmet atmakdan saklanmaga çagyrýar
Hytaýyň Londondaky ilçihanasy "Uly-7" toparynyň liderleriniň bilelikdäki beýannamasyny ýurduň içerki işlerine gödek gatyşmak diýip ýazgardy we Pekiniň Sinjiangda we Gonkongda adam hukuklary sebäpli tankyt edilmegini, "syýasy manipulýasiýa" diýip atlandyrdy.
Pekin Hytaýyň Sinjiang regionyndaky syýasaty sebäpli barha artýan halkara tankytlary bilen ýüzbe-ýüz bolýar. ABŞ hytaý häkimiýetleriniň uýgurlara we beýleki esasan musulman ýerli halklara çemeleşmegini häsiýetlendirende genosid sözüni ulanýar.
"Uly-7" guramasynyň liderleri jemleýji bilelikdäki beýannamasynda "Hytaýy adam hukuklaryna we esasy azatlyklara, esasanam Sinjiang bilen baglanyşykly hukuklara hem-de hytaý-britan deklarasiýasynda görkezilen Gonkongyň özbaşdaklyk derejesine hormat goýmaga çagyrmak bilen öz gymmatlyklarymyzy ösdüreris" diýdiler.
Hytaý ilçihanasy 14-nji iýunda eden çykyşynda "Uly-7" guramasynyň liderleriniň Hytaýyň Sinjiang sebitindäki azlyklara we Gonkongdaky demokratiýa aktiwistlerine garşy eden-etdilikleri ýazmagyndan soň, halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek üçin has köp iş etmelidigini aýtdy.