Мы в Telegram
Добавить новость
103news.com
World News in Turkmen
Июнь
2021

ÝB-niň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili türkmen resmileri bilen duşuşdy

0
ÝB-niň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili türkmen resmileri bilen duşuşdy

16-njy iýunda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň başlygynyň orunbasary, Ýokary gözegçilik palatasynyň başlygy Serdar Berdimuhamedow bilen Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili Piter Burian Aşgabatda duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň web-saýty habar berýär.

Taraplar howpsuzlyk, energiýa, ulag, daşky gurşawy goramak we beýleki ulgamlarda hyzmatdaşlygy berkitmek bilen bagly pikir alyşdylar diýip, resmi habarda aýdylýar.

Şeýle-de habara görä, türkmen tarapy ykdysadyýetiň digitallaşdyrylmagy ugrunda ýewropa tejribesine gyzyklanma bildiripdir.

Türkmenistan we ÝB söwda, ykdysady, medeni we ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlygy giňeltmegi maslahat edipdir.

Şeýle-de, ministrligiň habaryna görä, ÝB-niň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili 16-njy iýunda Türkmenistanyň hökümet başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow bilen hem duşuşyk geçirdi.

Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşigi 1998-nji ýylda Partnýorçylyk we hyzmatdaşlyk şertnamasyna gol çekdi. Ýöne şondan bäri, Ýewroparlament hem-de Bileleşige agza ýurtlaryň parlamentleri Türkmenistandaky adam hukuklarynyň ýaramaz ýagdaýyna salgylanyp, bu dokumenti ratifikasiýa etmäni gelýär.

2008-nji ýylda ÝB bilen Türkmenistanyň arasynda energiýa pudagynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça Düşünişmek memorandumyna gol çekildi.

2019-njy ýylyň iýulynda Ýewropa Bileleşigi Aşgabatda wekilhana açdy.

Ýewropa Bileleşigi Hazaryň üstünden çekilmegi göz öňünde tutulýan gaz geçiriji arkaly türkmen gazynyň Ýewropa iberilmegine gyzyklanma bildirýär.

Türkmen hökümeti hem energiýa eksport ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak isleýändigini aýdýandygyna garamazdan, şu wagta çenli, Hazarüsti gaz geçiriji boýunça möhüm öňe gidişlik gazanylmady.

Mundan ozal, Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili Piter Burian Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda türkmen resmileri bilen geçirýän duşuşyklarynda Türkmenistandaky adam hukuklarynyň meselelerini gozgaýandygyny aýtdy. Soňky duşuşyklarda ýurtdaky adam hukuklarynyň meseleleriniň ara alnyp maslahatlaşylandygy ýa-da däldigi barada habar berilmeýär. Ynsan hukuklaryny goraýjy halkara guramalar türkmen hökümetini adam hukuklaryny depelemekde tankyt edýär. 

Burian Merkezi Aziýada ýokary derejeli döwlet resmileri bilen geçirýän duşuşyklary barada, adatça, özüniň Twitter sahypasynda habar berýär. Ýöne diplomat Türkmenistanda geçirýän ýokary derejeli duşuşyklary barada heniz sosial media sahypasynda habar bermedi. Türkmen hökümeti sosial ulgamlary, şol sanda Twitteri petikli saklaýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.





Губернаторы России
Москва

Собянин: В Москве открылись новые выездные площадки для регистрации брака





Москва

Создание Сайтов. Создание веб сайта. Создание сайта html. Создание сайтов цена. Создание и продвижение сайтов. Создание сайта с нуля. Создание интернет сайта.


Губернаторы России

103news.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.

Moscow.media
Москва

Сергей Собянин: Москва увеличивает объемы специализированной медицинской помощи



103news.comмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "103 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. 103news.com — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

103news.com — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.

Музыкальные новости

Сергей Брановицкий

Создание Сайтов. Создание веб сайта. Создание сайта html. Создание сайтов цена. Создание и продвижение сайтов. Создание сайта с нуля. Создание интернет сайта.




Спорт в России и мире

Алексей Смирнов – актер, которого, надеюсь, еще не забыли

В столице Туркменистана - Ашхабаде открыли памятник легендарному армянскому поэту и композитору Саят-Нове

Азербайджанцев оправдали за убийство спортсмена Евгения Кушнира в Самарской области. Делом заинтересовался глава Следкома РФ А. Бастрыкин

Прощание «Спартака» с Джикией, «Зенит» в гонке за чемпионство. Итоги игрового дня РПЛ


WTA

Первая ракетка Казахстана вышла в финал турнира WTA в Италии



Новости Крыма на Sevpoisk.ru


Москва

Владимир Путин попросил передать послание духовному лидеру Ирана



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России