Мы в Telegram
Добавить новость
103news.com
World News in Turkmen
Июнь
2021

Eýran ýadro desgasynyň “tehniki näsazlyk” sebäpli ýapylandygyny aýdýar

0
Eýran ýadro desgasynyň “tehniki näsazlyk” sebäpli ýapylandygyny aýdýar

Eýranyň atom energiýasy boýunça guramasy ýurduň ýeke-täk ýadro elektrik stansiýasynyň "tehniki näsazlyk" sebäpli wagtlaýyn ýapylandygyny aýdýar.

"Buşehr elektrik stansiýasy tehniki näsazlyk we Energetika ministrliginiň eden bir günlük duýduryşyndan soň wagtlaýyn ýapyldy we elektrik torundan aýryldy" -diýip Eýranyň Atom energiýasy boýunça guramasy geçen gije öz web sahypasynda ýazdy.

Agentlik ýurduň günortasyndaky port şäheri Buşehrdäki elektrik stansiýasynyň bu mesele çözülenden soň "ýakyn günlerde" milli elektrik ulgamyna birikdiriljekdigini sözüniň üstüne goşdy.

Döwlet elektrik kompaniýasynyň wekili Tawanir Golamali Rahşanimehriň aýtmagyna görä, desgany "üç-dört gün" ýapyk bolar we bu aralykda elektrik togunyň kesilip durmagy ähtimal.

Tawanir öz beýanatynda ýadro desgasynyň abatlanýandygyny aýtdy we abatlaýyş işleriniň 25-nji iýuna çenli dowam etjekdigini habar berdi. Emma jikme-jikleri mälim etmedi.

Bu Eýranyň 2011-nji ýylda işe girizilen Buşehr zawodynyň gyssagly ýapylmagy barada ilkinji gezek habar bermegidir.

Russiýa desganyň gurluşygyny birnäçe ýyllap gijikdirilenden soň tamamlapdy we onuň ýeke-täk reaktory 1000 megawat energiýa öndürýär.

2016-njy ýylda rus we eýran kompaniýalary bu ýerde goşmaça iki reaktor gurup başladylar. Olaryň gurluşygyna 10 ýyl töweregi wagt gerek bolar diýlip garaşylypdy.

Buşehr Russiýada öndürilen uran ýangyjy bilen işleýär we Tähran ýadro serişdelerini ýaýratmazlyk çäresi hökmünde ulanylan ýangyç önümlerini Russiýa ibermäge borçly bolýar.

Bu desga Birleşen Milletler Guramasynyň Halkara atom energiýasy agentligi gözegçilik edýär. Bu gurama zawod baradaky maglumatlardan habarlydygyny boýun aldy, ýöne düşündiriş bermekden saklandy.

Bu desgada näsazlyklar şu ýylyň maý aýynda döräp başlady. Munuň öňüsyrasynda birnäçe şäher elektrik togunyň kesilmegine duçar bolupdy. Häkimiýetler munuň sebäbini düşündirip, gurakçylygyň gidroelektrik energiýasyna täsir edendigini we elektrik energiýasyna islegiň ýokarlanandygyny öňe sürdüler.

Buşehr welaýaty aprel aýynda ýer titremeden ejir çekdi. Eýranyň häkimiýetleriniň habar bermegine görä, bäş adam ýaralanypdyr, emma ýadro toplumyna "hiç hili zyýan" ýetmändir.

Şeýle hem aprel aýynda Eýran desgadaky partlamadan soň Natanz urany baýlaşdyryş zawodyna edilen hüjümde Ysraýyly günäkärledi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.





Губернаторы России
Москва

Сергей Собянин. Главное за день





Москва

Лукашенко лоббирует интересы Алиева по изоляции Армении


Губернаторы России

103news.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.

Moscow.media
Москва

Собянин: В Москве открылись новые выездные площадки для регистрации брака



103news.comмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "103 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. 103news.com — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

103news.com — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.

Музыкальные новости

Фёдор Шаляпин

Наследие Шаляпина и Рахманинова представили на выставке-форуме «Россия»




Спорт в России и мире

Алексей Смирнов – актер, которого, надеюсь, еще не забыли

В столице Туркменистана - Ашхабаде открыли памятник легендарному армянскому поэту и композитору Саят-Нове

Азербайджанцев оправдали за убийство спортсмена Евгения Кушнира в Самарской области. Делом заинтересовался глава Следкома РФ А. Бастрыкин

«Спартак» обыграл «Рубин» в последнем домашнем матче Джикии


ATP

Российский теннисист Медведев опустится на строчку в рейтинге ATP



Новости Крыма на Sevpoisk.ru


Культура

В честь поэта 100–летия Гунги Чимитова: Россия, Культура, Театр и дети



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России