Bütin Gazagystan "gyzyl" zonada: sekiz müňden gowrak hadysa, 104 adam öldi
Gazagystanda bir gije-gündizde 7803 sany täze COVID-19 ýokuşmasy hasaba alyndy.
Şeýle-de, Saglyk ministrligi 275 "koronawirus pnewmoniýasy" hadysasynyň bardygyny habar berdi, bu maglumatlar 30-njy iýuldaky ýagdaýa esaslanýar.
Gazagystanda koronawirusyň delta görnüşiniň ýaýramagy bilen baglanyşykly görkezijileriň sany her gün rekord goýýar.
Resmi maglumatlara görä, 1-nji awgustda irden Gazagystanda koronawirus hadyslarynyň laboratoriýa tarapyndan tassyklanan umumy sany 580,379 boldy.
Pandemiýanyň tutuş dowamynda 2020-nji ýylyň 13-nji martyndan bäri ýurtda 5957 adam koranawirus ýokuşmasyndan öldi. Bu hasap 30-njy iýuldaky ýagdaýlara esaslanýar we şol gün ýurtda 91 ölüm hasaba alyndy.