Добавить новость
103news.com
World News in Turkmen
Август
2021

Aşgabadyň uniwersitetlerine giriş synaglary koronawirus sebäpli welaýatlarda geçirilýär

0
Aşgabadyň uniwersitetlerine giriş synaglary koronawirus sebäpli welaýatlarda geçirilýär

Türkmenabadyň orta mekdeplerinde ýokary okuw jaýlaryna giriş synaglary geçirilýär. Ýurduň paýtagt uniwersitetlerinde şu ýylky synaglar koronawirus pandemiýasy bilen bagly çäklendirmeler sebäpli welaýatlarda geçýär. Azatlyk Radiosynyň habarçylary ekzamenleriň koronawirusa garşy çäreleriň berjaý edilmeginde geçýändigini habar berdiler. COVID-19 ýurtda resmi taýdan henizem hasaba alynmady.

Türkmenabatda 4 awgustda ýurduň uniwersitetlerine geçirilýän giriş synaglarynyň soňky günüdir. Şäheriň orta mekdeplerinde geçirilýän ekzamenler Aşgabatdan baran mugallymlar tarapyndan alynýar.

Dalaşgärler geýim koduny berjaý edýärler. Milli tahýa hemmeler üçin hökmany, gyzlar gyzyl köýnek hem geýmeli edildi.

Koronawirus sebäpli bu ýyl ýurduň uniwersitetlerine synaglar her welaýatda aýratyn gurnalýar. Lebap welaýatyň paýtagty Türkmenabatda ekzamenler 2-4-nji awgust aralygynda geçirildi. Ýerli dalaşgärleri barlamak üçin 60 töweregi mugallym 1-nji awgustda Türkmenabat şäherine bardy.

Azatlygyň habarçylarynyň sözlerine görä, Aşgabatdan baranlar "Amyderýa" we "Türkmenabat" myhmanhanalarynda ýerleşdirilipdir. Ekzamen geçiren mugallymlar koronawirus testlerinden geçip, 4-nji awgustda agşam ýörite uçar bilen Aşgabat şäherine dolanar.

Ýokary okuw jaýlaryna giriş ekzamenlerinden üstünlikli geçen dalaşgärler hem synagdan geçmeli boldular, üstesine-de birnäçe gün karantinde garaşmaly edildi.

Synaglardan geçen ýaşlaryň üç günläp karantinde bolmagy üçin mekdepde ýerler taýýarlanýar. Paýtagtyň uniwersitetlerine girenler COVID-19 synag netijelerini alandan soň Aşgabat şäherine gitmäge rugsat alarlar.

Şuňa meňzeş tejribe geçen ýyl hem bolupdy.

2020-nji ýylyň awgust aýynda türkmenabatly okuwçylar Aşgabatdaky ýokary okuw jaýlarynda okamak üçin COVID-19 synaglaryndan geçmeli boldular we soňra şäherdäki 23-nji mekdepde iki günlük karantine ýerleşdirildi. Azatlygyň çeşmelerine görä, mekdep polisiýa we howpsuzlyk işgärleri tarapyndan goralýan karantin zonasyna öwrülipdir. Emma ýaşlar soň welaýatdan Aşgabat şäherine baransoň hem, 14 günläp gaýtadan karantinde saklandy.

Şu ýyl täze talyplaryň paýtagta baranlaryndan soň olara nähili düzgünleriň garaşýandygy entek mälim däl.

Mundan başga-da, ýaşlardan ýurduň uniwersitetlerinde okamak üçin waksina talap edilýär.

Azatlygyň habarçylary, ekzamenlerden soň koronawirusa garşy waksinanyň talap ediljegi barada habarly edilýändigini aýdýarlar. Sanjym üçin ýaşlar ýaşaýan ýerlerinde saglyk öýlerine ýüz tutmaly, bu bolsa nobatlaryň döremegine sebäp boldy.

Iýul aýynyň başynda Türkmenistan COVID-19 garşy waksinalary hökmany etdi.

Saglyk ministrligi, 18 ýaşa ýetmediklerden, göwreli aýallardan, emdirýän enelerden we saglyk ýagdaýy agyr bolan beýleki raýatlardan başga ähli ýaşaýjylardan COVID-19 sanjymyny talap etdi. Häkimiýetler ýurt boýunça zerur sanjym zapaslaryň bardygyny habar berdiler.

Türkmenistan henizem ýurtda COVID-19 keseliniň ýekeje-de ýagdaýynyň hasaba alynmandygyny resmi taýdan mälim edýär. Şol bir wagtyň özünde ýurtda maska geýmegiň düzgünleri saklanýar we yzygiderli berkidilýär, şeýle hem ilatyň ýurduň içinde hereket etmegine we daşary ýurda gitmegine çäklendirmeler saklanýar.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.https://rus.azathabar.com/a/31379313.html





Губернаторы России
Москва

Сергей Собянин. Главное за день





Москва

Объявлены итоги XIII конкурса «Вместе в цифровое будущее»: лидируют темы ИИ, кибербезопасности граждан и цифровизации отраслей народного хозяйства


Губернаторы России

103news.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.

Moscow.media
Москва

Собянин: В кварталах реновации появится более 70 социальных объектов



103news.comмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "103 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. 103news.com — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

103news.com — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.

Музыкальные новости

Metallica

Адель и Metallica подверглись антироссийской критике




Спорт в России и мире

Алексей Смирнов – актер, которого, надеюсь, еще не забыли

Юбилейные медали получат почти 6 тысяч бамовцев

В Кузьминках обустраивают пространство для отдыха и занятий спортом

В сочинском парке «Ривьера» установили национальный рекорд по массовой медитации


Юлия Путинцева

Юлия Путинцева выиграла турнир в Бирмингеме



Новости Крыма на Sevpoisk.ru


Москва

Новый рекорд России: медитация Relax FM объединила 1699 человек



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России