Добавить новость
103news.com
World News in Turkmen
Август
2021

Kabulyň aeroprotunyň daşynda partlama boldy, birnäçe adamyň ölendigi aýdylýar

0
Owganystanyň paýtagty Kabulyň aeroportunyň daşynda iki partlama boldy. Janyndan geçeniň amala aşyrandygy güman edilýän bomba hüjümlerinde birnäçe adam, şol sanda çagalar öldi. Bu waka 31-nji awgusta bellenen soňky möhletiň we ewakuasiýa gözegçilik edýän ABŞ goşunlarynyň ýurtdan çykmagynyň öňüsyrasynda has köp bulam-bujarlyk döretdi.


Pentagonyň metbugat sekretary Jon Kirbi (John Kirby) 26-njy awgustda twit ýazyp, Abbi derwezesindäki uly partlamanyň we onuň golaýyndaky ikinji partlamanyň "köp sanly ABŞ we parahat ilatyň ölümine sebäp bolan komleksleýin hüjümiň netijesidigini" aýtdy.


Bu waka, "örän ähtimal" terror hüjümi haýbatlary baradaky duýduryşlara garamazdan, müňlerçe adamyň ewakuasiýa uçarlaryna ýetişmek üçin aeroporta toplanan mahaly boldy.




"Reuters" habar gullugy ABŞ-nyň ady köpçülige mälim edilmeýän bir resmisine salgylanyp, deslapky maglumatlaryň partlama janyndan geçen hüjümçiniň sebäp bolandygyny görkezýändigini habar berdi.


Şol bir wagtda, habar gullugynyň "Talybandaky" çeşmesi partlamada çagalar bilen birlikde, azyndan 13 adamyň ölendigini habar berdi. "Al Jazeera" habar gullugy howpsuzlyk çeşmesine salgylanyp, azyndan 11 adamyň ölendigini ýa-da ýaralanandygyny habar berdi.


CNN Pentagondaky çeşmesine salgylanyp, hüjümde azyndan üç ABŞ esgeriniň ýaralanandygyny aýtdy.


Howa menziline girmäge garaşýan adamlaryň üýşmeleňiniň içinde bir partlama boldy diýip, AP habar gullugy şaýat Adam Hanyň sözlerine salgylandy. Ol wakada birnäçe adamyň öldürilen ýa-da ýaralanan bolmagynyň mümkindigini hem aýtdy.


Owganystanda işleýän ýeke-täk halkara howa menziliniň töweregindäki sebit "biçak adamdan köp" diýip, aeroportdaky günbatarly diplomat 26-njy awgustda aýtdy. Diplomatyň çykyşy birnäçe howpsuzlyk duýduryşyna garamazdan, ägirt köp sandaky adamlar howa menziline gelmegini dowam etdirýän mahalyna gabat geldi. Şeýle duýduryşlaryň biri partlamadan sanlyja sagat ozal iňlis ýaragly güýçleriniň başlygy James Heappeý tarapyndan edildi.




Ak tam partlamalar barada prezident Jo Baýdeniň habarly edilendigini we onuň - Birleşen Ştatlaryň 20 ýyllyk urşuny bes etmegiň soňky ädiminde durýan - Owganystandaky ýagdaý barada howpsuzlyk resmileri bilen duşuşmagyny dowam etdirendigini mälim etdi.


Gitmek isleýän we şindi hem Kabulda bolan günbatarlylaryň näçedigi belli däl, emma bir günbatarly resmi ABŞ-nyň pasporty we wizasy bolanlaryň takmynan 1500-siniň howa menziline gelmäge synanyşýandygyny aýtdy. ABŞ-nyň döwlet sekretary Antoni Blinken hem 25-nji awgustda şonça adamyň Owganystandan çykmakçy bolýandygyny aýtdy.


Kabulyň howa menziline we onuň töweregine gitdigiçe köp adam ýygnandy, sebäbi adamlar 31-nji awgusta bellenen soňky möhletiň we ewakuasiýa gözegçilik edýän ABŞ goşunlarynyň ýurtdan çykmagynyň öňüsyrasynda barha kän umytdan düşýärler.


Fransiýa 26-njy awgustda Owganystandaky adamlaryny 27-nji awgust agşamyndan soň ewakuasiýa edip bilmejekdigini aýtdy, Wengriýa bolsa Kabuldan uçan soňky iki harby uçarynyň Budapeştde sag-aman gonandygyny habar berdi.


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.






Губернаторы России





Губернаторы России
103news.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.

Moscow.media


103news.comмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "103 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

103news.com — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.

Музыкальные новости




Спорт в России и мире



Новости Крыма на Sevpoisk.ru



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России