Добавить новость
103news.com
World News in Turkmen
Октябрь
2021

Owgan uçarmanlary “Talybandan” nädip gaçdylar hem näme üçin elgarama ýagdaýa düşdüler?

0
Owgan uçarmanlary “Talybandan” nädip gaçdylar hem näme üçin elgarama ýagdaýa düşdüler?

Azatlyk Radiosy Kabuldan Täjigistana gaçyp geçen ençeme owgan uçarmanlarynyň ýerleşen şertleri barada aýratyn maglumat almaga mümkinçilik tapdy. Ol pilotlar – uçarmanlar Birleşen Ştatlarda tälim alypdyrlar. Owganystanyň Harby-howa güýçlerine degişli harby uçarlar bilen 15-nji awgustda, ýagny resmi hökümetiň dargap, “Talybanyň” paýtagt Kabuly eýelän güni Täjigistana geçipdirler. Uçarmanlar Täjigistana gelen pursatlaryndan başlap, daşarky dünýä bilen örän az aragatnaşyk saklap gelýärler.

Duşenbäniň etegindäki kurort şäherçesi häzirki zaman iki gatly daça jaýlaryndan hem myhmanhanalardan ybarat bolup, olaryň daşyny beýik ýaşyl baglyk hem gözenekli germew gurşaýar. Paýtagtyň golaýyndaky döwlet şypahanasy Täjigistanyň ýokary derejeli çinownikleriniň dynç günleri ýa-da dynç almaga gelýän ýere hasaplanýar.

1-nji sentýabrdan bäri ol ýerde owgan harby gullukçylary, olaryň maşgalalary hem-de “Talyban” ýurdy eýelänsoň, Owganystandan gaçyp çykanlar ýaşaýar. Ol ýerde ýerleşýänleriň arasynda ABŞ-da tälim alan uçarmanlar, howa hereketini dolandyryjylar hem inženerler bar.

15-nji awgustda Günbatar tarapyndan goldanýan owgan hökümetiniň dargamagyndan we “Talybanyň” paýtagt Kabuly ele geçirmeginden birnäçe sagat soň, Täjigistanyň günortasyndaky Bohtar howa menziline 143 owganly gondy.

Indi olar agyr şertde galdylar. Uçarmanlar özlerini ABŞ-nyň Täjigistandan çykarmagyna umyt bagladylar. Emma ewakuasiýa birnäçe gezek yza süýşürildi, Täjigistan häkimiýetleri bolsa munuň sebäbini düşündirmeýär.

Adynyň efirde agzalmazlygy şerti bilen Azatlyk Radiosyna maglumat beren uçarmanlar 17 harby uçarda, Owganystanyň demirgazyk serhedinden geçip, Täjigistana gelýärler. Olar “Cessna 208” kysymly 11 uçar, üç sany “AC-208” we üç sany “Pilatus PC-12” uçarlarda gelipdirler. Uçarlaryň ählisi Owganystanyň Harby-howa güýçlerine degişli bolmaly.

Şypahanada ýerleşen käbir owganlynyň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, Täjigistana geleninden bäri daşarky dünýä bilen örän az aragatnaşyk saklapdyrlar, hatda Owganystanda galan maşgala agzalary bilenem aragatnaşyk açyp bilmändirler. Olaryň sözlerine görä, Täjigistan häkimiýetleri olaryň şahsyýet resminamalaryny, jübi telefonlaryny we "şahsy ýaraglaryny" ellerinden alypdyr.

Ilki gelenler iki hepdeläp Täjigistanyň günortasyndaky Bohtar şäherindäki studentleriň umumy ýaşaýyş jaýynda, Owganystan bilen serhet ýakasynda bolup, soňra Duşenbäniň golaýyndaky şypahana getiripdirler.

Olaryň arasynda iki aýal awiator hem bar, aýdyşlaryna görä, olar Täjigistanda galmak islemän, diňe ABŞ-a gitmek isleýärler.

Olar Täjigistana gelenlerinden bäri amerikalylaryň özleri bilen habarlaşmandygyny mälim etdiler.

Emma 7-nji oktýabrda Döwlet departamentiniň metbugat sekretary Azatlyk Radiosyna ABŞ-nyň Duşenbe şäherindäki ilçihanasynyň işgärleriniň owganlaryň ýaşaýan şypahanasyna baryp görendigini aýtdy.

Metbugat wekili Döwlet departamentiniň Täjigistan hökümeti bilen "hemişe aragatnaşyk saklaýandygyny-da" sözüne goşdy.

ABŞ-nyň resmileriniň Täjigistan häkimiýetleri bilen owganlylaryň ýagdaýyny maslahat edýändikleri ýa-da ýokdugy barada soralanda, amerikalylaryň Täjigistan hökümeti bilen "yzygiderli aragatnaşyk saklaýandyklaryny", şol sanda owgan harby uçarmanlary meselesi boýunça "hereketleriň utgaşdyrylmagynyň" gürleşilýändigini aýtdy.

OTAGLAR ADAMDAN DOLY. IÝMIT ÝARAMAZ

Owganlar näbellilikde ýaşaýandyklaryndan zeýrenýärler. Umytsyzlyk artýar. Şonuň üçin öz kynçylyklaryny "bütin dünýäniň bilmegini" isleýärler.

Erkekler köp adamly otaglarda ýaşaýandyklaryny, duşlaryň ýeterlik däldigini we medisina kömeginiň çäklidigini öňe sürýärler. Olaryň sözüne görä, esasan "kädi hem kelem" bilen iýmitlenýärler.

Uçarmanlaryň biri: "Ýaşaýan ýerimiz bize laýyk däl – diýýär. – Iýmit ýaramaz. Hiç kimiň ony iýesi gelmeýär. Biz özümiz üçin gök önümden nahar taýýarlaýarys".

Beýleki bir pilot şypahananyň bir otagynda ýedi adama çenli ýaşaýandygyny aýdýar.

"Otaglar sowuk, pilotlaryň köpüsiniň galyň egin-eşikleri ýok, howlugyp olar zatlaryny almaga ýetişmediler. Kabuldan gyssagly çykmaly bolduk" diýip gürrüň berýär.

Täjigistanyň häkimiýetleri şypahana medisina işgärlerini iberipdir.

Iki aýal awiatoryň biri göwreli, göwreliligiň dokuzynjy aýynda bolan 27 ýaşly maşgala şypahanada aýal lukmanlaryň ýokdugyny we iň ýakyn hassahananyň bir sagatlyk aralykda ýerleşýändigini aýdýar.

6-njy oktýabrda ol göwreli awiatory çaga dogrulýan hassahana äkidildi. 7-nji oktýabrda hassahananyň işgärleri Azatlyk Radiosyna onuň "ähli zerur medisina synaglaryndan geçendigini" we "kanagatlanarly ýagdaýdadygyny" mälim etdi.

Ýaş enäniň noýabr aýynda bäbegi dünýä inýänçä, keselhanada galmagyna garaşylýar diýip, hassahana administrasiýasynyň bir işgäri duýdurdy. Habar serişdeleri bilen aragatnaşyk saklamaga ygtyýarynyň ýokdugy üçin, adynyň aýdylmazlygy şerti bilen gürleşdi.

Täjigistan häkimiýetleri şypahanada owganlylar üçin ähli şertleriň döredilendigini öňe sürýärler.

"Biz [özümizde bar bolan] iň oňat ýerimizde uçarmanlary ýerleşdirdik, olara amatly gurşaw döretdik we iýmitden başlap, dermanlara çenli ähli zat bilen üpjün edýäris" diýip, 7-nji oktýabrda Içeri işler ministrliginiň metbugat sekretary Nusratullo Mahmudzoda Azatlyk Radiosyna aýtdy.

«AMNISTIÝA HEMMELER ÜÇINMI»?

Kabul “Talyban” tarapyndan ele geçirilende, owgan uçarmanlarynyň ýene bir topary Özbegistana geçdi. Olar hem döwlet harby uçarlarynyň onlarçasy bilen ýurtdan çykdylar. Soň bolsa Birleşen Arap Emirliklerine aşdylar.

“Talybanyň” ýolbaşçylygyndaky täze hökümet Täjigistandan we Özbegistandan uçarmanlary we harby uçarlary Owganystana gaýtaryp bermegini talap etdi. "Talyban" ol uçarmanlary Owganystana gaýdyp gelmäge hem watanyna hyzmat etmäge çagyrdy.

"Talybanyň" resmi metbugat wekili Zabiulla Mujahid Täjigistana gaçyp geçen owgan uçarmanlary yzyna gaýdyp gelseler jezalandyrylmajakdygyny öňe sürýär.

“Bize garşy çykanlaryň hemmesine amnistiýa yglan etdik. [“Talyban” tarapyndan] hiç kime howp abanmaýar. [Uçarmanlar] bilen hiç hili problemamyzyň ýokdugyna men kepil geçýän” diýip, Mujahid Azatlyk Radiosyna beren teswirinde tassyklaýar.

Şeýle-de bolsa, uçarmanlaryň köpüsi watanyna gaýdyp barsa, öldürilmeginden gorkýarlar. "Talyban" häkimiýete gelmezden ozal owgan harby-howa güýçlerini gowşatmak üçin, uçarmanlara hüjüm bolupdy hem olary öldürdiler.

Ynsan hukuklaryny goraýjy toparlar "Talyban" häkimiýeti ele alandan soň, Owganystanyň öňki howpsuzlyk güýçleriniň wekillerini köpçülikleýin jezalandyrmaga, gynamalara we türmä basmaga başlajagyny aýtdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.





Губернаторы России
Москва

Собянин представил летнюю программу мероприятий в «Лужниках»





Москва

Новый рекорд России: медитация Relax FM объединила 1699 человек


Губернаторы России

103news.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.

Moscow.media
Москва

Собянин: В кварталах реновации появится более 70 социальных объектов



103news.comмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "103 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. 103news.com — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

103news.com — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.

Музыкальные новости

Певец

Певец Shaman дал концерт в Химках




Спорт в России и мире

Алексей Смирнов – актер, которого, надеюсь, еще не забыли

Рождаемость на Дальнем Востоке стала выше, чем в среднем по России

В Кузьминках обустраивают пространство для отдыха и занятий спортом

В сочинском парке «Ривьера» установили национальный рекорд по массовой медитации


Хуберт Хуркач

Хуркач о реванше со Зверевым: «В голове сидел тот матч в финале United Cup»



Новости Крыма на Sevpoisk.ru


Москва

Чита может стать культурной столицей России



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России