Мы в Telegram
Добавить новость
103news.com
World News in Turkmen
Октябрь
2021

Özbegistanda oppozisiýa kandidatlary bolmadyk prezidentlik saýlawlarynda Mirziýoýew ýeňiji yglan edildi

0
Özbegistanda  oppozisiýa kandidatlary bolmadyk prezidentlik saýlawlarynda Mirziýoýew ýeňiji yglan edildi

Özbek prezidenti Şawkat Mirziýoýew 24-nji oktýabrda geçirilen prezidentlik saýlawlarynyň ýeňijisi yglan edildi. Saýlawlarda oppozisiýa kandidatlary bolmansoň, Mirziýoýewiň ikinji möhlete aňsat saýlanmagyna garaşylypdy. Günbatar saýlaw synçylary ses berişligiň "doly bäsdeşlik esasynda geçmändigini" aýtdylar.

Merkezi saýlaw komissiýasynyň başlygy Zainuddin Nizomhojaýewiň 25-nji oktýabrda beren maglumatyna görä, Mirziýoýew sesleriň 80,1%-ni almagy başarypdyr. Ol saýlawlara gatnaşygyň 80,4% bolandygyny hem aýtdy. Saýlawlarda 20 million töweregi adamyň ses bermäge hukugy boldy.

64 ýaşly Mirziýoýew ses berişlikde kän tanalmaýan we umuman hökümeti goldaýan dört kandidat bilen bäsleşdi. Ýurduň üç oppozisiýa partiýasyna ne hasaba durmak, ne-de bäsleşige dalaşgär bolmak rugsady berildi.

Bu Özbegistanyň, takmynan 35 million ilatly ýurduň 1991-nji ýylda garaşsyz bolaly bäri geçiren altynjy prezident saýlawy boldy.

Mirziýoýewiň birinji möhletiniň soňa golaýlamagy bilen, ol ýurdy özünden ozal uzak wagtlap dolandyran Yslam Karimowyň awtoritar tejribelerine baş goşup başlandygy baradaky garýyşlara garşy durmakda kynçylyk çekdi.

Mirziýoýew Merkezi Aziýanyň iň köp ilatly ýurduny daşary ýurt sermaýalary üçin açdy, Özbegistanyň goňşy ýurtlary bilen gatnaşyklaryny gowulandyrdy, Karimowyň döwründeäki dini çäklendirmeleri gowşatdy, şeýle-de onlarça syýasy tussagy azatlyga goýberdi.

Emma özünden ozalky Karimow ýaly, ol Özbegistanda çäklendirilmedik häkimiýete eýedir. Mirziýoýewiň maşgala agzalarynyň hem, onuň syýasy mümkinçiliklerinden peýdalnyp, ummasyz baýlyklara eýe bolandygy aýdylýar.

COVID-19 pandemiýasy hem ilki gazanylan ykdysady ösüşlere kölege saldy. Ýurtda işsizligiňi derejesi we ýaşaýyş harajatlary göz-görtele ýokarlandy.

Mirziýoýew saýlawlaryň öňüsyrasy özüniň tankytçylaryny we aktiwistleri basyp ýatyrmakda hem tankytlandy.

24-nji oktýabrda giçlik saýlaw komissiýasynyň başlygy Zaýniddin Nizomhojaýewiň beren maglumatyna görä, saýlawlara gatnaşyk 80,8% bolupdyr. Mundan bäş ýyl ozal geçirilen ozalky saýlawlarda gatnaşyk 87,73% bolupdy.

Mirziýoýew 2016-njy ýylda geçirilen ozalky saýlawlarda sesleriň 88,6%-ni alypdy.

Daşary ýurtda ýaşaýan özbek raýatlary Özbegistanyň ilçihanalarynda we konsullyklarynda , şol sanda Moskwadaky özbek ilçihanasynda we Russiýanyň beýleki alty ýerinde açylan 100 töweregi saýlaw uçastogynyň birinde ses berdi.

Özbek saýlaw kanunlaryna laýyklykda, parlament ýa-da prezident saýlawlaryna dalaşgärleri diňe hasaba alnan syýasy partiýalar hödürläp bilýär.

Hasaba alynmadyk üç oppozisiýa partiýasynyň, Erk Demokratik partiýasynyň, Hakykat we ösüş partiýasynyň, Halk bähbidi partiýasynyň hasaba durmak synanyşyklary hiç bir netije bermedi we ahyrynda, resmi basyşlar sebäpli, olar saýlawa dalaşgär ibermek tagallalaryny bes etmeli boldular.

Mirziýoýewiň kampaniýa wagtynda ýeke-täk göze ilen bäsdeşi Alişer Kodirow boldy, ol ýurduň daşynda işleýän özbekleriň Özbegistanda salgyt tölemegi baradaky talaby öňe sürdi.

Bu garaýyş daşary ýurtlarda işleýän maşgala agzalarynyň iberýän puluna garaşly bolan özbekleriň, ilatyň aglaba böleginiň arasynda düýpden halanmaýar.

Mirziýoýew Kodirowyň bu teklibine aç-açan garşy boldy.

Käbir synçylar Kodirowyň salgyt teklibini Mirziýoýewe has köp ses bermekleri üçin edendigini öňe sürdüler. Bu pikir Kodirowyň Milli galkynyş partiýasynyň Özbegistanyň Liberal demokratik partiýasy bilen parlament koalisiýasynda durmagy esasynda hem tassyk bolýar.

Şeýlelikde, bäsleşige gatnaşan bäş kandidat we olaryň syýasy partiýalary şulardan ybarat boldy: Adolat partiýasyndan Bahrom Abduhalimow, Halk demokratik partiýasyndan Maksuda Borisowa, Ekologiýa partiýasyndan Narzullo Oblomuradow, Milli galkynyş partiýasyndan Alişer Kodirow we Özbegistanyň Liberal demokratik partiýasyndan Mirziýoýew.

Borisowa Özbegiýanyň prezident saýlawlaryna gatnaşan ikinji aýal bolsa, Oblomuradow Ekologiýa partiýasy tarapyndan hödürlenen ilkinji prezidentlige kandidat boldy.

Diňe 64 ýaşly Mirziýoýew ozalam prezidentlige dalaş eden syýasatçy bolup, onuň o diýen tanalmaýan bäsdeşlerinden aňsatlyk bilen üstün çykmagyna garaşylýar.

Mirziýoýew 24-nji oktýabrda aýaly we üç çagasy bilen gelip, Daşkendiň etegindäki saýlaw uçastogynda ses berdi.

Ol ses bermezinden öň surat düşmek üçin ýylgyrdy, emma metbugat üçin hiç zat aýtmady.

Mirziýoýew Özbegistanyň ilkinji we özüne çenli ýeke-täk prezidenti bolan Yslam Karimow aradan çykýança, 2003-nji ýyldan 2016-njy ýyla çenli premýer-ministr bolup işledi.

Soňra Mirziýoýew ýerine ýetiriji prezident boldy we 2016-njy ýylyň 4-nji dekabrynda geçirilen irki saýlawda 90 %-den gowrak ses alyp, aňsat ýeňiş gazandy.

Prezident saýlawyna 970 töweregi daşary ýurtly synçy gözegçilik etdi.

Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň Demokratik guramalar we Adam hukuklary edarasy ýurda 28 sany uzak möhletli, 250 sany gysga möhletli synçy iberdi.

Sowet Soýuzy dargandan soň garaşsyz ýurt bolan Özbegistanda geçirilen hiç bir parlament ýa-da prezident saýlawy Günbatar saýlaw toparlary tarapyndan erkin ýa-da adalatly hasaplanmady.





Губернаторы России
Москва

Собянин: В Москве открылись новые выездные площадки для регистрации брака





Москва

Бухалово и Париж: откуда появились необычные и смешные названия населенных пунктов в России


Губернаторы России

103news.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.

Moscow.media
Москва

Сергей Собянин: Москва увеличивает объемы специализированной медицинской помощи



103news.comмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "103 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. 103news.com — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

103news.com — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.

Музыкальные новости

Шапка

Шапки женские вязаные на Wildberries, 2024 — новый цвет от 392 руб. (модель 466)




Спорт в России и мире

Алексей Смирнов – актер, которого, надеюсь, еще не забыли

Прощание «Спартака» с Джикией, «Зенит» в гонке за чемпионство. Итоги игрового дня РПЛ

"Спартак" обыграл "Рубин" в последнем матче Джикии

Азербайджанцев оправдали за убийство спортсмена Евгения Кушнира в Самарской области. Делом заинтересовался глава Следкома РФ А. Бастрыкин


WTA

Рахимова прошла во второй круг турнира WTA в Рабате на отказе Таунсенд



Новости Крыма на Sevpoisk.ru


Москва

IRNA: Путин провел встречу с послом Ирана после крушения вертолета Раиси



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России