Добавить новость
103news.com
World News in Turkmen
Октябрь
2021

Gaz söwdasy ýene-de türkmen-eýran gepleşikleriniň gün tertibine geldi

0
Gaz söwdasy ýene-de türkmen-eýran gepleşikleriniň gün tertibine geldi

Türkmenistan bilen Eýranyň arasynda energiýa söwdasy meselesi iki ýurduň daşary işler ministrleriniň duşuşygynda, şeýle hem türkmen resmisiniň Eýranyň nebit ministri bilen duşuşygynda ara alnyp maslahatlaşyldy. 26-28-nji oktýabr aralygynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen delegasiýasy Eýrana sapar etdi.

26-njy oktýabrda Raşid Meredow Eýranyň nebit ministri Jawad Owji bilen energiýa pudagyndaky hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdy. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň resmi beýanatynda taraplaryň energiýa pudagyndaky özara gatnaşyklarynyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşandygy we iki ýurduň ýöriteleşdirilen bölümleriniň arasynda pudaklaýyn hyzmatdaşlygy has-da güýçlendirmegiň zerurlygyny beýan edendigi aýdylýar.

"Tehran Taims" gazetiniň habaryna görä, Meredow bilen bolan duşuşykdan soň Owji, Eýrana türkmen gazynyň gaýtadan iberilmegini dikeltmek meseleleriniň ara alnyp maslahatlaşylandygyny aýtdy. Eýranyň nebit ministri Jawad Owji importyň karz problemalary sebäpli togtadylandygyny belläp, "ýurduň tebigy gaz üçin töleglerini gysga wagtda Türkmenistana tölemegi maksat edinýändigini" aýdypdyr.

Türkmenistan 1997-nji we 2017-nji ýyllar aralygynda Eýrana gazy eksport edipdi we taraplaryň arasynda gazyň tölegi boýunça dawa sebäpli 2017-nji ýylyň ýanwar aýynda Eýrana gaz üpjünçiligini kesipdi.

Owji Eýranyň Türkmenistan bilen 25 ýyllyk iki şertnamasynyň bardygyny we bu şertnamalara laýyklykda her gün 40 million kubometr gazy import edendigini aýtdy.

"Gynansagam, öňki hökümet döwründe Türkmenistana jerimeleriň tölenmeginiň gijikdirilmegi sebäpli Eýrana türkmen gazynyň eksporty togtadyldy" -diýip, Owji bu meseläniň Halkara Arbitraž suduna iberilendigini we kazyýetiň Eýranyň Türkmenistana bergisiniň mukdaryny takyk kesgitländigini belledi.

Eýran resmisiniň sözlerine görä, ýakyn günlerde Eýranyň Milli Gaz Kompaniýasynyň (NIGC) we Eýranyň Merkezi Bankynyň (CBI) wekilleri iki ýurduň arasynda bilermenler derejesinde gepleşikleri dowam etdirer.

2020-nji ýylyň 29-njy iýunynda "Financial Tribune", türkmen-eýran gaz dawasynda Halkara arbitraž sudunyň Türkmenistanyň peýdasyna netije çykarandygyny habar berdi. Suduň kararyna laýyklykda, Eýran 2007-nji we 2013-nji ýyllar aralygynda Türkmenistandan satyn alnan gaz üçin türkmen tarapyna 2 milliard dollar tölemeli.

Şonda Eýranyň Nebit ministrligi bu jedelde iki tarapyňam ýeňiş gazanmandygyny aýdypdy. Türkmenistanyň energetika pudagynyň wekilleri Halkara sudunyň Türkmenistany goldaýan karary barada teswir bermändi.

Energetika hyzmatdaşlygy meselesi 26-njy oktýabrda Türkmenistanyň we Eýranyň daşary işler ministrleriniň ýygnagynda hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Raşid Meredow we Huseýin Amir Abdollahiýan transport aragatnaşygyny güýçlendirmek, energiýa serişdeleriniň üpjünçiligi bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar, taraplar deňiz transport potensialyny ýokarlandyrmak üçin iki ýurduň arasynda Türkmenbaşy-Bender-Anzali ugruna degişli gatnaşyklary güýçlendirmegiň zerurdygyny mälim etdiler diýlip, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň resmi beýanynda aýdylýar.

Şeýle-de, taraplar serhetaşa hyzmatdaşlyk, konsullyk işleri, medeni we gumanitar gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek meselelerini ara alyp maslahatlaşypdyr.

"Ministrler serhetaşa hyzmatdaşlygyň çägindäki meseleleri ara alyp maslahatlaşyp, sanitariýa we epidemiologiki görkezijileri kadalaşdyrmak üçin Türkmen-Eýran serhedindäki başga bir barlag nokadynyň üstünlikli işlemeginiň başlandygyny bellediler" diýlip, media maglumatlarynda aýdylar.

Türkmenistan goňşy Eýran bilen döwlet serhet geçelgelerini 2020-nji ýylyň fewral aýynyň ahyrynda koronawirus keseleniň Türkmenistana ýaýramagynyň öňüni almak çäreleri bilen baglylykda ýapypdy.

Şu ýylyň 14-nji oktýabrynda türkmen tarapy Inçe-Burun barlag nokadyndan Eýrandan ýük ulaglary bilen daşalýan harytlary öz çägine goýbermäge razy boldy we harytlaryň serhetden ýerli ulaglar bilen Türkmenistanyň territoriýasyna daşalmagy şert edip, öňe sürdi. Bu ýagdaý Türkmenistanda kartoşkanyň we soganyň bahasynyň arzanlamagyna sebäp boldy diýip, "Türkmenistanyň Hronikasy" neşiri habar berdi.

26-njy oktýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Eýranyň prezidenti Seýid Ebrahim Raisi tarapyndan kabul edildi. Taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-gumanitar hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ýolbaçysy Eýrnda Bilelikdäki ykdysady we medeni komissiýanyň 16-njy ýyllyk ýygnagyna we Owganystanyň goňşy ýurtlarynyň ikinji ministrler ýygnagyna gatnaşar. Mundan başga-da, türkmen we eýran resmileri 2022-nji ýylyň birinji çärýeginde Aşgabatda syýasy geňeşleriň indiki tapgyryny geçirmäge razy boldular.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.





Губернаторы России
Москва

Собянин рассказал о развитии системы социальной помощи в Москве





Москва

В разрезе добыли аресты // Ликвидатору шахт и подрядчику инкриминируют мошенничество с бюджетными деньгами


Губернаторы России

103news.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.

Moscow.media
Москва

Собянин: Для московских школьников провели свыше 400 экскурсий на предприятия



103news.comмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "103 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. 103news.com — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

103news.com — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.

Музыкальные новости

Виктор Цой

Память Виктора Цоя почтили в Пскове в день его рождения




Спорт в России и мире

Алексей Смирнов – актер, которого, надеюсь, еще не забыли

Рождаемость на Дальнем Востоке стала выше, чем в среднем по России

В сочинском парке «Ривьера» установили национальный рекорд по массовой медитации

В Кузьминках обустраивают пространство для отдыха и занятий спортом


Юлия Путинцева

Юлия Путинцева выиграла турнир в Бирмингеме



Новости Крыма на Sevpoisk.ru


Москва

Источник 360.ru: грузовик и 3 легковушки столкнулись в Кутузовском тоннеле



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России