Мы в Telegram
Добавить новость
103news.com
World News in Turkmen
Июнь
2022
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17
18
19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29 30

Çeşme: Darganatanyň "Obahyzmat" edarasynda dizel ogurlygynyň üsti açyldy

0
Çeşme: Darganatanyň

Lebap welaýatynyň Darganata etrabyndaky "Obahyzmat" edarasynda geçirilen derňewleriň netijesinde işgärleriň onlarça demir guralyny we tonnalarça dizel ýangyjyny ogurlandygynyň üsti açyldy. Bu barada etrabyň kanun goraýjy edaralarynyň birindäki çeşmämiz we oba hojalyk işgärleri Azatlyk Radiosynyň sebitdäki habarçysy bilen söhbetdeşlikde habar berdiler.

"Geçen hepde etrap prokuraturasynyň işgärleri "Obahyzmat" edarasynda barlaglary geçirdiler. Munuň netijesinde, garaždaky onlarça demir guralyň we 103 tonna dizel ýangyjynyň ogurlanandygy anyklandy" diýip, çeşmämiz 7-nji iýunda beren maglumatynda aýtdy.

Onuň sözlerine görä, barlaglarda "Obahyzmat" edarasyna degişli bu önümleriň edaranyň mehanizatorlary, ussalary, sürüjileri we garawullary tarapyndan hususy taraplara satylandygy hem aýdyňlaşdyrylypdyr.

"Häzirki wagtda işçilerden zyýanyň öwezini dolmak talap edilýär. Munuň üçin olara wagt möhleti berildi. Umumy jenaýat işi gozgamak mümkin däldigi sebäpli, 61 sany işçiniň her birine iki tonna töweregi dizel ýangyjyny tölemek tabşyryldy" diýip, ýagdaýdan habarly çeşmämiz belledi.

Habarçymyzyň sözlerine görä, iki tonna dizel ýangyjy "John Deere" kysymly bir sany traktoryň bir iş gününde sarp edýän ýangyjyna deňdir. Iki tonna dizel ýangyjy bilen 30 gektar ýerde sürüm işini geçirip bolýar.

Şol bir wagtda, habarçymyz bilen anonimlik şertinde söhbetdeş bolan "Obahyzmat" edarasynyň birnäçe işgäri özlerine şu ýylyň ýanwaryndan bäri aýlyk berilmeýändigini aýdyp, işçileriň bu jenaýaty amala aşyrmagyna eklenç aladalarynyň sebäp bolandygyny aýdýar.

"Şu ýylyň başynda edara ýolbaşçylary aýlyklary tölemek boýunça täze düzgüni güýje girizdiler. Indi işçileriň aýlygy ýylda iki gezek tölenýär. Ýagny işçiler bugdaý hasyly ýygylyp, harmana tabşyrylandan soň iýul aýynda we pagta hasyly ýygylyp, harmana tabşyrylandan soň dekabr aýynda aýlyk alarlar. Mehanizatorlar, ussalar, traktor sürüjileri we garawullar ýanwar aýyndan bäri aýlyksyz zähmet çekýärler" diýip, ýerli mehanizatorlaryň biri 7-nji iýunda gürrüň berdi.

"Obahyzmat" edarasynyň inženerleriniň biri zähmet haklarynyň tölegi bilen bagly girizilen täze düzgünler sebäpli edaranyň köp işgäriniň işden çykyp, gurluşyk pudagy ýaly başga ugurlar boýunça işe ýerleşendigini hem aýtdy.

Azatlyk bu aýdylanlar barada Darganata etrap prokuraturasyndan we "Obahyzmat" edarasyndan goşmaça maglumat ýa kommentariýa almaga synanyşdy. Ýöne redaksiýamyzyň 8-nji iýunda ikindine çenli telefon arkaly eden synanyşyklary netije bermedi.

Darganatanyň "Obahyzmat" edarasynda işgärleriň zähmet haklarynyň tölegi bilen bagly girizilen täze düzgünler we olaryň ýanwar aýyndan bäri aýlyksyz işledilmegi ýurtda dowam edýän ýiti ykdysady kynçylyklaryň arasynda, raýatlaryň azyk ýeter-ýetmezçiligi we gymmatçylygy bilen ýüzbe-ýüz bolýan wagtyna gabat gelýär.

Türkmenistan soňky ýyllarda öz garaşsyzlygynyň iň agyr ykdysady kynçylyklaryndan birini başdan geçirýär. Ýurtduň ençeme edara-kärhanasynda işgärleriň zähmet haklarynyň öz wagtynda berilmeýändigi barada Azatlygyň habarçylary ýygy-ýygydan habar berýärler. Munuň bilen bir wagtda, ýurduň bankomatlarynda nagt pul ýetmezçiligi hem yzygiderli gaýtalanýar.

Mundan ozal Azatlyk Türkmenistanda agyrlaşan durmuş-ykdysady kynçylyklaryň fonunda ýurt boýunça köpelýän ogurlyk, talaňçylyk we beýleki jenaýat hadysalary barada hem ençeme gezek habar berdi.

Türkmen häkimiýetleri ne ykdysady kynçylyklar, ne-de onuň ilata ýetirýän täsirleri barada habar berýär. Döwlet metbugat serişdeleri hem, ýurtda ýüze çykýan ogurlyk  ýa talaňçylyk hadysalary barada maglumat bermeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.





Губернаторы России
Москва

Мэр Собянин: в Москве стартовали испытания первого в РФ беспилотного трамвая





Москва

НАЛОГИ С ЗАРПЛАТ И НДС МОГУТ ОТМЕНИТЬ?! Государственная Дума и Правительство РФ оптимизируют налоги.


Губернаторы России

103news.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.

Moscow.media
Москва

Мэр Собянин: в Москве стартовали испытания первого в РФ беспилотного трамвая



103news.comмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "103 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. 103news.com — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

103news.com — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.

Музыкальные новости

Александр Розенбаум

Среди петербургских музыкантов СМИ чаще всего упоминают Розенбаума и Шклярского




Спорт в России и мире

Алексей Смирнов – актер, которого, надеюсь, еще не забыли

В ОЭЗ «Технополис Москва» выпущена серия автомобилей для участия в чемпионате кольцевых гонок

Эксперт Президентской академии в Санкт-Петербурге назвала главные стимулы россиян для систематических занятий физкультурой и спортом

Эксперт Президентской академии в Санкт-Петербурге о развитии спорта в селах Чукотки


ATP

Теннисиста Медведева выбили из топ-4 ATP



Новости Крыма на Sevpoisk.ru


Москва

Травля учеников в забайкальском посёлке. Громкая история дошла до Москвы



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России