Мы в Telegram
Добавить новость
103news.com
World News in Turkmen
Июнь
2022
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17
18
19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29 30

Jokrama yssyda Gurbanguly Berdimuhamedowyň doglan güni mejbury belledilýär

0

Türkmenistanyň öňki awtoritar prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň 29-njy iýundaky doglan gününe gabat, ýurduň dürli künjeklerinde mejbury aýdym-saz we medeni çäreleri geçirilýär. Mundan başga-da häkimiýetler, ýurduň agyr ykdysady çökgünlik bilen ýüzbe-ýüz bolup duran mahaly, ozalky ýyllaryň tejribelerine eýerip, daşary ýurtly bagşy-sazandalaryň konsertlerini hem gurnaýar.

Lebap welaýatynyň dolandyryş merkezi Türkmenabatda, 15 ýyllyk häkimiýeti döwründe adam hukuklaryny berk depelemekde tankytlanan, Gurbanguly Berdimuhamedowyň 65 ýaşynyň dolmagy mynasybetli, kanun goraýjy gulluklaryň işgärlerine, şol sanda ýol polisiýasyna baýramçylyk lybaslarynda, ýagny ak köýnekde işlemek buýruldy.

Mundan başga-da, türkmenabatly býujetçilere iş sagatlaryndan soň, şäheriň seýilgählerinde gurnaljak aýdym-saz konsertlerine hökmany gatnaşmalydygy tabşyryldy.

“Bu gün Türkmenabatda howanyň temperaturasynyň 46 gradusa çenli gyzmagyna garaşylýar. Bu jokrama yssyda daşary umuman çykar ýaly däl, günüň şöhleleri ‘beýniňi gaýnadyp’ gelýär. Emma muňa hem garamazdan, ýolbaşçylar seýilgählerde hökmany ‘şadyýan’ uly märekäniň bolmalydygyny aýdyp, ähli işgäriň işinden soň göni ‘Bitaraplyk’ seýilgähine barmalydygyny aýtdylar. Olar kimiň gelip-gelmändigi barada sanawyň ýörediljekdigini, gelmedikleriň hem işinden boşadyljakdygyny duýdurdylar” diýip, häkimligiň atlandyrylmasyzlygyny soran bir işgäri 29-njy iýunda irden gürrüň berdi.

Şeýle-de, ýerli bilim işgärlerine Türkmenabadyň ak öý binasynda günortan sagat 15:00-da geçirilýän aýdym-saz çäresine hökmany barmalydygy aýdyldy.

“Mugallymlara, beýleki býujetçiler bilen birlikde, ak öýüň oturgyçlaryny doldurmak tabşyryldy. Bu çärä gatnaşjaklaryň, seýilgählere gelmeli edilenlerden tapawutlylykda, hökmany milli lybaslarda bolmalydygy aýdyldy” diýip, ýerli mugallymlaryň biri 28-nji iýunda belledi.

Bu aralykda, hökümetçi ýarym-resmi neşirler 28-29-njy iýunda, uly Berdimuhamedowyň doglan gününe gabat, Änewdäki ak öý binasynda daşary ýurtly bagşy-sazandalaryň konsertleriniň guraljakdygyny yglan etdiler.

Maglumata görä, Änewde boljak konsertde Dr.Alban (Şwesiýa), Akon (Senegal), Demet Akalyn (Türkiýe), Amani Swissi (Tunis), Emin Agalarow (Azerbaýjan), «Artik&Asti» topary we beýlekiler çykyş eder.

Sözüň gerdişine bellesek, bu konsertler hazarýaka döwletleriniň baştutanlarynyň 29-njy iýunda, G.Berdimuhamedowyň 65 ýaşynyň dolýan gününde Aşgabatda geçirilýän Kaspi sammitine we Medeniýet hepdeliginiň soňky, jemleýji günlerine hem gabat geldi.

Şol bir wagtda, türkmen hökümeti ýurduň agyr ykdysady çökgünlik, azyk ýetmezçiligi bilen ýüzbe-ýüz bolýan mahaly, adatça bolşy ýaly, bu hili dabaralara çykarylýan maliýe serişdeleri barada asla maglumat bermeýär.

Mundan öňki ýyllarda Gurbanguly Berdimuhammedowyň doglan gününe gabat guralan dabaralaryň "iň göze ileni" 2013-nji ýylda bolupdy.

Şonda amerikan belli aýdymçysy Jenifer Lopeziň Berdimuhamedowy 56 ýaşynyň dolmagy mynasybetli çykyşy üçin 1,5 million dollar möçberinde pul gazanandygy aýdylypdy. Şol bir wagtda, Lopeziň Berdimuhamedowyň şanyna “Doglan günüňiz gutly bolsun, jenap prezident!” diýip hiňlenmegi adam hukuklaryny goraýjy aktiwstleriň gahar-gazabyny getiripdi.

Lopeziň türkmen lideriniň doglan gününde aýdym aýtmagy dünýä metbugatynda-da berk tankyda sezewar bolupdy. “Forbes” neşirinde “Jennifer Lopeziň söýgüsiniň bahasy bar, Türkmenistanyň diktatory üçin çykyş edýär” atly makala hem çap bolupdy.

Köp sanly tankytlaryň yzy bilen Jennifer Lopeziň wekili beýanat ýaýratdy, onda, hususanda, “eger-de [Türkmenistanda] adam hukuklary bilen bagly islendik mesele barada bilnen bolsady, Jennifer bu çärä gatnaşmazdy” diýip, bellenipdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.





Губернаторы России
Москва

Собянин исключил запрет для самокатчиков ездить по тротуарам в Москве





Москва

Эксперт Президентской академии в Санкт-Петербурге о ключевой роли МСП в экономике страны


Губернаторы России

103news.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.

Moscow.media
Москва

Собянин исключил запрет для самокатчиков ездить по тротуарам в Москве



103news.comмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "103 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. 103news.com — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

103news.com — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.

Музыкальные новости

Сергей Прокофьев

В Пекине Заслуженный коллектив России исполнил произведения Прокофьева и Шостаковича




Спорт в России и мире

Алексей Смирнов – актер, которого, надеюсь, еще не забыли

Эксперт Президентской академии в Санкт-Петербурге назвала главные стимулы россиян для систематических занятий физкультурой и спортом

Эксперт Президентской академии в Санкт-Петербурге о развитии спорта и повышении его доступности для граждан

Эксперт Президентской академии в Санкт-Петербурге о развитии спорта в селах Чукотки


ATP

Немец Зверев выбил россиянина Медведева из топ-4 ATP



Новости Крыма на Sevpoisk.ru


Здоровье

Пациенты больницы принял участие в фестивале



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России