“Awazada” prezidentiň gatnaşmagynda täze, kaşaň kottejler toplumy açyldy
“Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda dynç alşa çykan prezident Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda, uly şowhun-dabara bilen açylan «Rowaç» kottejler toplumynda 200-e golaý täze iş orny döredi diýip, “SalamNews” neşiri «Türkmenistan» gazetiniň elektron neşirine salgylanyp habar berýär.
«Sabyrly maşgala» hususy kärhanasynyň, «Kent gurluşyk» hem-de «Güneşli deňiz» hojalyk jemgyýetleriniň buýurmagy esasynda gurlandygy aýdylýan täze toplum häzirki zaman ülňülerine laýyk gelýän 2 gatly kottejleriň 48-sini özünde jemleýär.
Umumy meýdany 10 gektara deň bolan, gurluşygy geçen ýylyň ýanwarynda başlanan kottejler toplumynyň bahasy, olaryň dynç aljaklara düşjek nyrhy anyklaşdyrylmaýar.
Toplumyň çägindäki standart, maşgala we lýuks görnüşli 10, 16, 18 otagly kottejlerde dynç almaga gelýän raýatlar üçin ähli zerur mümkinçilikler göz öňünde tutulan diýip, habarda bellenýär.