Türkmenistanda COVID ýagdaýlary köpelýär, lukmanlar onuň ‘ýeňil geçýändigini’ aýdýar
Öz serhet çäklerinde koronawirusyň ýokdugyny tekrarlaýan Türkmenistanda barha köp covid ýagdaýlary ýüze çykarylýar. Ýerli lukmanlar ýokanjyň ozalky tolkunlaryndan tapawutlylykda, hassalarda degişlilikde has aňsat geçýändigini, şeýle-de pajygaly ýagdaýlaryň tas ýokdugyny belleýärler.