Türkmenistan howply galyndylary netijeli dolandyrmak boýunça täze taslama başlady
Zyýanly galyndylaryň serhetara geçirilişine we olaryň ýok edilişine gözegçilik etmek baradaky Bazel Konwensiýasy boýunça, Türkmenistan täze taslamalary durmuşa geçirmäge başlady diýip, hökümetçi “Türkmenportal” neşiri döwlet eýeçiligindäki metbugata salgylanyp habar berýär.
Türkmenistanyň Bazel konwensiýasy boýunça öz üstüne alan halkara borçnamalarynyň ýerine ýetirişine ýurduň Oba hojalygy we daşky gurşawy goramak ministrligi gözegçilik edýär.
“Türkmenistan: Altyn asyr” elektron neşiriniň maglumatyna görä, durmuşa geçirilýän taslamanyň çäginde, gyzyklanýan taraplaryň wekilleriniň gatnaşmagynda, üç sany seminar geçiriler.
Şeýle-de, Bazel konwensiýasy boýunça ýörite gözükdiriji kitapçalaryny taýýarlamak göz öňünde tutulýar.
Habarda bellenmegine görä, Bazel konwensiýasynyň maksady jemgyýeti howply galyndylaryň zyňylmagynyň ýaramaz täsirlerinden goramakdan ybarat.
Bu ýerde gürrüň biomedikal we lukmançylyk galyndylary, ulanylan nebit önümleri, dowamly organiki hapalaýjy maddalar, himiki serişdeler we pestisidler, elektron we elektrik galyndylary, simap we asbest saklaýan materiallar we beýlekiler barada barýar.
Türkmenistan dünýäde howa goýberýän howply galyndylarynyň möçberleri boýunça alada döredýän ýurtlaryň biri bolup durýar.
“Bloomberg” neşiri golaýda günbatar Türkmenistanda 30 çemesi nebit-gaz enjamynyň bejerilmeginiň bu sebitiň howasyn goýberilýän zyýanly galyndylaryň düýpli azalmagyna getirjekdigini aýtdy.
Habarda aýdylmagyna görä, Türkmenistanyň 29 sany nebit-gaz enjamy her ýyl ABŞ-nyň Alabama ştatyndaky awtoulaglaryň howa goýberýän ýyllyk metan zyňyndylaryna barabar metan gazyny syzdyrýar.
Emma türkmen metbugaty bu hili maglumatlary çap etmeýär.