Мы в Telegram
Добавить новость
103news.com
World News in Turkmen
Август
2022

Türkmenistan dünýä Harby-deňiz güýçleriniň kuwwatyny görkezýär

0
Türkmenistan dünýä Harby-deňiz güýçleriniň kuwwatyny görkezýär

Prezident Serdar Berdimuhamedow 10-njy awgustda, dynç alýan wagtynda Türkmenistanyň Harby-deňiz güýçleriniň “Garşy” deňiz birikmesine baryp, ýurduň deňiz güýçlerini kuwwaty bilen tanyşdy, bu ýerde geçirilen dabaraly harby-deňiz ýörişini kabul etdi.

TDH onuň ilki “Deňiz han” atly korwet kysymly harby gämini gözden geçirendigini habar berýär. Türkmenistanyň Ýaragly güýçleriniň Harby-deňiz güýçleriniň serkerdeligi Garaşsyzlyk ýyllarynda döredildi.

Döwlet eýeçiligindäki metbugat häzir ýurduň Harby-deňiz güýçleriniň maddy-enjamlaýyn binýady barha kän pugtalandyrylýandygyny, Goranmak ministrliginiň Harby-deňiz institutynyň hem-de onuň binýadyndaky Ýöriteleşdirilen harby-deňiz mekdebiniň döredilendigini belleýär.

Türkmenistanyň Ýaragly güýçleriniň belent serkerdebaşysy bu ýere dikuçarda geldi we garşydaşyň suwasty hem-de suwüsti söweşjeň gämilerini, guryýer we howa nyşanlaryny ýekelikde hem-de gämi urgy toparynyň düzüminde ýok etmek üçin niýetlenen “Deňiz han” gämisiniň söweşjeň mümkinçilikleri bilen tanyşdy.

Bu gämi garşydaşyň gämi toparlaryny, desant otrýadlaryny ýok etmek, öz güýçlerimizi penalamak, toplumlaýyn aňtaw işlerini alyp barmak, suwüsti we suwasty giňişlige gözegçilik etmek, deňizde döwlet serhedini goramak, gämi gatnawlarynyň howpsuzlygyny üpjün etmek ýaly wezipeleri ýerine ýetirýär diýip, habarda nygtalýar.

Dabaraly ýörişde Harby-deňiz güýçleriniň, Döwlet serhet gullugynyň, Içeri işler ministrliginiň we Milli howpsuzlyk ministrliginiň dürli kysymly gämileri, söweşjeň katerleri hem-de gaýyklary görkezildi.

Ýöriş “Arkadag” atly serhet gorag kateri tarapyndan açyldy, soňra iň häzirki zaman ýaraglary bilen üpjün edilen “Edermen” we “Gaýratly” raketa gämileri, “Eserdeň” atly 60 metr ululykdaky tirkeg-üpjünçilik gämisi geçdi.

Dabaraly ýörişi “Galkan” taslamaly “Algyr” we “Hanjar” gorag gämileri, “Asuda”, “Mergen”, “Hüşgär” we “Synmaz” serhet gorag gämileri, Döwlet serhet gullugynyň garamagyndaky “Sakçy” taslamaly “Naýza”, “Kämil”, “Galjaň” we “Gaplaň” gämileri dowam etdirdi.

Şeýle-de, ýörişiň dowamynda prezidente “Umman” gidrografik gämisi görkezildi, ol Hazar deňziniň türkmen böleginde gämileriň ýüzüşiniň howpsuzlygyny üpjün etmek üçin deňizde gidrografik we okeanografik işleri geçirmek üçin niýetlenen.

Soňra “Gujurly” we “Zarply”, “Kuwwatly”, “Berkarar”, “Asuda” atly gämiler we beýleki gämiler görkezilýär.

Serdar Berdimuhamedow milli deňiz flotunyň Hazar deňzinde geçirilen dabaraly ýörişiniň “ýokary derejesini kanagatlanma bilen belläp”, Harby-deňiz güýçleriniň maddy-enjamlaýyn binýadynyň pugtalandyrylmagyna, harby deňizçileriň hünär ussatlygynyň ýokarlandyrylmagyna, ýurduň deňiz serhetleriniň ygtybarly goragynyň we eldegrilmesizliginiň üpjün edilmegine aýratyn üns berjekdigini aýtdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.





Губернаторы России
Москва

Собянин рассказал о программе развития туризма столицы до 2030 года





Москва

Эксперт Президентской академии в Санкт-Петербурге о чемпионате по профмастерству в авиастроении


Губернаторы России

103news.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.

Moscow.media
Москва

Собянин рассказал о программе развития туризма столицы до 2030 года



103news.comмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "103 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. 103news.com — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

103news.com — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.

Музыкальные новости

Константин Кинчев

Лидер «Алисы» Кинчев рассказал, что умерший Тропилло многое сделал для группы




Спорт в России и мире

Алексей Смирнов – актер, которого, надеюсь, еще не забыли

Эксперт Президентской академии в Санкт-Петербурге о подготовке специалистов в спортивной сфере

Эксперт Президентской академии в Санкт-Петербурге о чемпионате по профмастерству в авиастроении

Новинка от Edifier: беспроводные наушники Comfo Run для занятий спортом


WTA

Касаткина проиграла Путинцевой и не смогла выйти в 1/4 финала турнира WTA в Мадриде



Новости Крыма на Sevpoisk.ru


Настроение

Цветочный водоворот



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России