Taýwan Pekin bilen dartgynlylygyň ýokarlanýan wagtynda harby türgenleşik geçirýär
Taýwan 11-nji awgustda, Pekin bilen aradaky dartgynlylygyň ýokarlanýan wagtynda, söweşjeň atyşykly türgenleşik geçirdi. Bu türgenleşik Hytaýyň Taýwan bogazynda geçiren uly göwrümli türgenleşiginiň tamamlanmagynyň yz ýanyna gabat geldi.
Taýwan goşunlarynyň adanyň günorta böleginde geçirilen türgenleşikleri bir sagada golaý dowam etdi, oňa ýüzlerçe harby işgär we artilleriýa gatnaşdy.
Bu hili türgenleşik şol bir sebitde 9-njy awgustda hem geçirildi. Taýwan harbylary türgenleşikleriň öňünden meýilleşdirilendigini we Pekiniň hereketlerine jogap däldigini aýtdylar.
Sebitdäki dartgynlylyk geçen hepde, Birleşen Ştatlaryň Wekiller öýüniň başlygy Nensi Pelosi ABŞ kongresiniň delegasiýasynyň hatarynda Taýwana sapar edeninden soň güýçlendi. Ol soňky 25 ýylda bu ada uçup baran iň ýokary derejeli amerikan syýasatçysy boldy.
Hytaý häkimiýetleri Taýwany “bölünen sebit” hasaplaýarlar we bu ada bilen birleşmek isleýändiklerini aýdyp, harby güýç ulanmak mümkinçiligini hem aradan aýyrmaýarlar.
2016-njy ýyldan soň, Taýs Ing-weniň Taýwanyň prezidenti saýlanmagy bilen, ýagdaýlar has dartgynly bolmagynda galdy.
Taýs Ing-weniň saýlaw kampaniýasy Pekiniň talaplaryny ykrar etmezlige esaslanýardy.