Мы в Telegram
Добавить новость
103news.com
World News in Turkmen
Август
2022

Türkmenistanda IMO messenjeriniň işi çäklendirilýär, VPN-ler petiklenýär

0
Türkmenistanda IMO messenjeriniň işi çäklendirilýär, VPN-ler petiklenýär

Garaşsyz maglumat akymyny berk çäklendirmekde tankytlanýan türkmen häkimiýetleri, ýurtdaky onsuz hem gowşak internet üpjünçiligini has-da peseltmek ugrundaky tagallalaryny güýçlendirýärler. Bu çäreleriň çäginde ýurtda häzirki wagta çenli petiklenmedik ýeke-täk messenjer IMO işlemesini tas bes etdi. Bu aralykda, hökümetçi türkmen neşirleri onlaýn oýunlary oýnamaga mümkinçilik berýän iri platformanyň Türkmenistanda petiklenendigi baradaky maglumaty inkär edip, dünýädäki iň haýal we gymmat internetli ýurtda kiber-sportuň ösdürilýändigini öňe sürýärler.

“Soňky hepdeden bäri Türkmenistanda ozal elýeterli bolan dürli onlaýn serişdeler we maglumatlar petiklenýär. VPN-ler asla işlemeýär. Şeýle-de, birnäçe günden bäri ýurtda petiklenmedik IMO messenjeri işlemesini tas bes etdi. Ol arkaly surat, ses ýazgy asla ugradyp bolmaýar, umuman, ol bir gezek açylsa, iki gezek açylmaýar” diýip, atlandyrylmasyzlygyny soran türkmenistanly söhbetdeşimiz gürrüň berdi.

Bellesek, Türkmenistanda Facebook, Twitter, Instagram ýaly iri sosial torlar, şeýle-de WhatsApp, Viber ýaly messenjer hem petikli bolmagynda galýar. Häzire çenli elýeterli bolan IMO messenjeriniň işiniň togtamagy, esasan hem, daşary ýurtlardaky türkmen migrantlaryň maşgalalaryna has oňaýsyz täsir ýetirendigi bellenilýär.

“Türkmenistanyň daşynda onlarça, belki-de ýüzlerçe müň türkmen migranty bar. Olar ýurtdaky ýakynlary bilen IMO arkaly habarlaşyp durýardylar. Indi bu mümkinçiligiň hem aradan aýrylmagy köpleri alada goýýar” diýip, bu mesele boýunça ýurduň dürli sebitlerindäki ýaşaýjylaryň onlarçasy bilen söhbetdeş bolan çeşmämiz belledi.

Galyberse-de, IMO-nyň işiniň togtamagy sosial torlarda hem giňden maslahat edilýär. Türkmen internet ulanyjylarynyň arasynda paýlaşylýan postlaryň birinde: “Biz Internet üçin 200 manat töleýäris, hiç bir saýt açylmaýar, kino we suratlary indirmek asla mümkin däl, iň bolmanynda IMO-ny bir açyň. Bolmasa, arza ýazarys we şikaýat ederis” diýen pikir beýan edilýär.

Şol bir wagtda, habarçymyz, görnüşinden, IMO messenjeriniň has irki, täzelenmedik görnüşleriniň, soňky çäklendirmelere hem garamazdan, degişlilikde kadaly işleýändigini belledi.

“Onlaýn tilsim bazarlarynda IMO messenjeriniň soňky görnüşleri hödürlenýär. Messenjeri indirip gurnamagy başarsaň-da, ol uly bökdençlikler bilen işleýär. Emma käbir ulanyjylaryň IMO-nyň has irki, täzelenmedik görnüşlerini bökdençsiz ulanýandygyna şaýat boldum” diýip, ýerli habarçymyz gürrüň berdi.

Azatlygyň dowamly habar berişi ýaly, Türkmenistanda soňky iki aýdan gowrak wagt bäri Internet aragatnaşygynyň hili yzygiderli ýaramazlaşýar, garaşsyz maglumat almak üçin Internet petigini böwüsýän gurallar, VPN-ler işlemesini bes edýär.

Mundan başga-da, telefonlara VPN gurnamak arkaly gazanç edýän mobil ussalary, telefondan baş çykarýan käbir hünärmenler howpsuzlyk gulluklaryň basyşaryna sezewar edilýär, olara hatda türme möhleti bilen hem haýbat atylýar.

Türkmenistanyň öňki prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow öz döwründe ýaýbaňlandyran internet çäklendirmeleri zerarly 2016-njy ýylda Serhetsiz reportýorlar guramasy tarapyndan “Internetiň ganym duşmanlarynyň” sanawyna goşuldy.

Öňki prezidentiň ogly Serdar Berdimuhamedow prezident wezipesine kasam kabul edeninde döwlet syýasatynda özgeriş wada bermedi. Munuň yzýany, ýurtdan öňden bäri dowam edýän Internet çäklendirmeleri has-da berkidilip dowam etdirilýär.

Bu aralykda, hökümetçi türkmen neşirleri wideo-oýunlary onlaýn ýagdaýda oýnamaga mümkinçilik berýän Steam platformasynyň petiklenendigi barada peýda bolan maglumatlary inkär edýärler. 11-nji awgustda Türkmenistanda VPN-siz açylan Steam platformasynyň işlemesini bes edendigi barada maglumat çykdy. Bu barada habar beren turkmen.news neşiri soňra täzelenen maglumatynda 9-10-njy awgustda dünýäniň beýleki käbir döwletlerinde hem bu platformanyň işinde käbir bökdençlikleriň ýüze çykandygyny belledi.

Munuň yzy bilen, birnäçe hökümetçi ýarym-resmi neşirler onlaýn platformasynyň Türkmenistanda elýeterlidigini aýdyp, şol bir wagtda dünýäniň iň haýal we gymmat internetli ýurdunda kiber-sportuň ösmegine üns berilýändigini öňe sürdüler.

Türkmenistan barada diňe öwgüli makalalary çap edýän neşirler 2018-nji ýyldan bäri “Türkmenistanyň elektron sport boýunça milli federasiýasynyň” hereket edýändigini we kiber-sportuň türkmen ýaşlarynyň arasynda barha köp meşhurlyga eýe bolýandygyny aýdýarlar. Orient neşiri bolsa, özüniň geçirendigini aýdýan pikir soralyşygynyň netijesine salgylanyp, türkmen onlaýn oýunçylarynyň arasynda Steam platformasynyň has meşhurdygyny anyklandygyny öňe sürýär.

Şol bir wagtda, bu neşirler Internetiň berk çäklendirilmeginiň kiber-sportuň ösmegine ýetirýän täsirleri barada dymýarlar.

Türkmenistan her ýyl halkara guramalary tarapyndan düzülýän metbugat we internet azatlygy görkezijilerinde iň soňky setirleri eýeläp gelýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.





Губернаторы России
Москва

Собянин: С 28 апреля до 12 мая городские службы будут работать в усиленном режиме





Москва

“Вилла Ливадия” - последние 6 апартаментов в уникальном комплексе у моря


Губернаторы России

103news.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.

Moscow.media
Москва

Собянин поздравил работников скорой помощи с профессиональным праздником



103news.comмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "103 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. 103news.com — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

103news.com — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.

Музыкальные новости

Анастасия Волочкова

Балерина Волочкова часто летала на Мальдивы из-за возможности поплавать без трусов




Спорт в России и мире

Алексей Смирнов – актер, которого, надеюсь, еще не забыли

Учитель из Бутово стала «Гуру физкультуры»

Результаты забега на 5 км на Московском полумарафоне. Аплачкина и Голоктионов установили рекорды соревнований

Команда Орловской области стала победителем хоккейного турнира среди команд Черноземья


Новак Джокович

Кто отец Дианы Джокович?



Новости Крыма на Sevpoisk.ru


Москва

«1418»: выставка секции «Арт-фото» ТСХР в зале «Лаврушинский`15»



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России