Wenger DIM-i Russiýanyň goşmaça gaz iberýändigini aýdýar
Russiýanyň döwlet eýeçiligindäki gaz läheňi “Gazprom” Wengriýa goşmaça gaz iberip başlady diýip, ýurduň Daşary işler ministrligi 13-nji awgustda aýtdy.
Ministrlik Moskwa bilen geçirilen söwda gepleşikleriniň “Gazpromyň” “ozalky şertnamalaýyn möçberlerden has köp” mukdarda gaz iberip başlamagyna ýol açandygyny aýtdy.
Wengriýanyň Daşary işler ministrliginiň resmisi Tamas Menszer Facebook ulgamynda post paýlaşyp, “ýurduň tebigy gaz üpjünçiliginiň howpsuzlygyny üpjün etmek” wenger hökümetiniň borjudyr we “biz muny amala aşyrýarys” diýdi.
Awgustyň ahyryna çenli günortadaky “Türk akymy” gaz geçirijisi arkaly günde 2,6 million kub metr goşmaça gaz iberiler diýip, ol aýtdy. Sentýabr aýyndaky üpjünçilik boýunça gepleşikler dowam edýär, diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.
Menszeriň gürrüňini edýän ylalaşygy wenger daşary işler ministri Peter Szejjartonyň goşmaça 700 million kub metr tebigy gazyň satyn alynmagyny ara alyp maslahatlaşmak üçin iýul aýynda Moskwa eden sapary bilen baglanyşykly bolup durýar.
Ýewropa Bileleşigi ýurtlaryň tebigy gazyň sarp edilmegini öz islegleri boýunça 15 göterim azaltmagy göz öňünde tutuýan meýilnamany geçen aý tassyklady. Bu meýilnama ÝB-ni rus tebigy gazynyň üpjünçiliginiň togtadylmak ähtimallygyna garşy taýýarlamagy maksat edinýär.