Мы в Telegram
Добавить новость
103news.com
World News in Turkmen
Август
2022

Zenanlary we Interneti çäklendirýän Türkmenistanda aýal-gyzlaryň arasynda ilkinji hakaton geçirildi

0
Zenanlary we Interneti çäklendirýän Türkmenistanda aýal-gyzlaryň arasynda ilkinji hakaton geçirildi

Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasy (UNDP) zorlukly ekstremizme garşy göreş tagallalarynyň çäklerinde 12-14-nji awgust aralygynda zenan hukuklaryny we Interneti berk çäklendirmekde tankyt edilýän Türkmenistanda ilkinji aýallar hakatonyny geçirdi.

Hakatona gatnaşyjylaryň ählisi ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň howandarlygyndaky alty aýlyk “Launch Life Coding” taslamasynyň çäginde öňünden web sahypalary we amaly programmalary işläp düzmegi öwrendiler diýip, turkmenportal.com neşiri habar berýär.

BMG-niň Aşgabatdaky binasynda geçirilen hakatonyň maksady innowasiýa ideýalarynyň döredilmegi üçin platforma gurmakdan, maglumat tehnologiýalary pudagynda işlejek zenan işläp düzüjileri has köpeltmekden ybarat diýilýär.

Iki gün dowam eden marafona 35-den gowrak zenan programmist (9 topar) gatnaşdy.

UNDP Türkmenistanyň websaýty hakatonyň Aziýada zorlukly ekstremizmiň öňüni almak üçin jemgyýetde durnuklylygy ösdürmek global taslmasynyň çäginde geçirilendigini habar berýär. BMG – ÝB hyzmatdaşlygynda amal edilýän bu taslama Ýewropa Bileleşigi tarapyndan maliýeleşdirilýär.

ABŞ-nyň Aşgabatdaky ilçihanasy hakatonyň tehnologiýa dünýäsinde gender dürlüligini ilerletmegi maksat edinýändigini habar berýär.

Şu maksatlardan ugur alyp, hakatonyň dowamynda her topar üçin ýumuş hökmünde gender deňligini maksat edinýän we aýal-gyzlaryň hukuklaryny hem-de mümkinçiliklerini işe, okuwa ýerleşdirmek arkaly giňeltmäge kömek berýän web programmasyny döretmek tabşyrylypdyr.

Ýaryşa gatnaşan aýal-gyzlaryň hödürlän web taslamalary barada jikme-jik maglumat berilmeýär.

Bellemeli ýeri, Türkmenistanyň hökümeti hem aýal-gyzlaryň hukuklaryny, hem Interneti berk çäklendirmekde hukuk goraýjy toparlar tarapyndan berk tankyt edilýär.

Zenanlaryň arasynda hakaton geçirilip, gender deňliginiň ilerledilýändigi aýdylýan, şol bir wagtda hakaton bilen zorlukly ekstremizmiň öňüniň alynmagyna ýardam berilýändigi aýdylýan Türkmenistanda Facebook, Twitter, YouTube, Instagram ýaly iri sosial torlar, WhastApp, Telegram, Viber ýaly iri messenjerler häkimiýetler tarapyndan petikli saklanýar.

Azatlygyň habarçylary türkmen häkimiýetleriniň Internet toruna garşy alyp barýan ‘ýowuz’ göreşiniň çäklerinde ýurtda şu wagta çenli ulanyjylar üçin elýeterli bolan ýeke-täk messenjeriň, IMO goşundysynyň ýiti çäklendirilip başlanandygyny 12-nji awgustda habar berdiler. Bu habar Aşgabatda zenanlaryň arasynda geçirilen hakatona badalga berlen gününe gabat geldi.

Türkmen hökümeti diňe bir Interneti däl, eýsem aýal-gyzlaryň hukuklaryny hem çäklendirmekde berk tankyt edilýär. Azatlyk Radiosynyň habarçylary türkmen jemgyýetinde ozalam gysylýan zenan hukuklarynyň aprel aýyndan bäri täze derejelere çykarylandygyny, häkimiýetleriň aýal-gyzlaryň daş sypatyna gözegçiligi güýçlendirendiklerini habar berip gelýärler.

Türkmen häkimiýetleri hususan-da aprel aýyndan başlap, aýal-gyzlara botoks etdirmek; gaş çekdirmek; kirpik, dyrnak uzaltmak, olary boýatmak; saç reňletmek ýaly aýal-gyzlaryň daş keşbine serenjam bermek aladalaryny gysyp başlady. Azatlygyň habarçylary ýollarda aýal-gyzlary saklap, olaryň dyrnaklaryny barlaýan polisiýa işgärleri, býujet işgärleri bilen ýygnak geçirip, türkmen däp-dessurlaryny gorap saklamak tagallarynyň çäklerinde, “emeli gözellige” garşy wagyz-nesihat işlerini güýçlendirýän türkmen resmileri barada habar berdiler.

Halkara guramalaryň Aşgabatda geçiren zenan hakatony, synçylara görä, zenan hukuklarynyň we Internet azatlygynyň Türkmenistandaky kyn ýagdaýyna belli bir derejede, gytaklaýyn hem bolsa, ünsi çekýär.

Türkmen hökümeti ýurtda gender deňliginiň ösdürilýändigini aýdýar.

Turkmenportal.com neşirine görä, Aşgabatda ilkinji hakaton geçen ýylyň iýulynda geçirildi.

“Aziýada zorlukly ekstremizmiň öňüni almak üçin çeýeligi güýçlendirmek” BMG-ÝB bilelikdäki taslamasyna Türkmenistanda 2020-nji ýylyň dekabrynda badalga berildi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.





Губернаторы России
Москва

Сергей Собянин и Патриарх Кирилл посетили фестиваль «Пасхальный дар»





Москва

Эксперт Президентской академии в Санкт-Петербурге о доступности популярных туристических объектов


Губернаторы России

103news.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.

Moscow.media
Москва

Сергей Собянин и Патриарх Кирилл посетили фестиваль «Пасхальный дар»



103news.comмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "103 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. 103news.com — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

103news.com — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.

Музыкальные новости

Сергей Брановицкий

Композитор Классической музыки Сергей Брановицкий представляет произведения классической музыки.




Спорт в России и мире

Алексей Смирнов – актер, которого, надеюсь, еще не забыли

Турнир по пляжному волейболу «ЮМР ОПЕН» прошел в Краснодаре

Пресс-служба «Лужников» опровергла информацию о концерте Канье Уэста в Москве

Эксперт Президентской академии в Санкт-Петербурге про финал Всероссийской олимпиады школьников


Стефанос Циципас

Греческий теннисист Стефанос Циципас поблагодарил мать за советское воспитание



Новости Крыма на Sevpoisk.ru


Игорь Маковский

В Москве прошла встреча Игоря Маковского с фондом "Энергия русского духа"



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России