Мы в Telegram
Добавить новость
103news.com
World News in Turkmen
Август
2022

Haýwanlaryň goragy üçin geçirilen çäre jemlendi; jandarlara rehim meselesi saklanyp galýar

0
Haýwanlaryň goragy üçin geçirilen çäre jemlendi; jandarlara rehim meselesi saklanyp galýar

Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekilhanasy Tebigaty goramak jemgyýeti we meýletinçiler topary bilen bilelikde penahanalarda saklanýan jandarlara azyk we derman gowşurdy diýip, hökümetçi “Türkmenportal” neşiri 17-nji awgustda, ÝB-niň wekilhanasynyň resmi saýtyna salgylanyp habar berdi.

Şeýlelikde, ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistanda haýwanlaryň hukuklaryna goldaw bermek maksady bilen geçiren “10 günlük söýgi we hoşniýetlilik” kampaniýasynyň jemi jemlendi. Bu çäre Türkmenistanda itlere gazaply çemeleşilmegini gadagan edýän kanunyň çap edilen wagtyna gabat geldi.

Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekilhanasy 1-10-njy awgust aralygynda özüniň sosial mediadaky abunaçylaryny haýwanlara bolan söýgini we aladany görkezýän suratlary we wideolary paýlaşmaga çagyrdy.

“Biziň maksadymyz haýwanlar we öý haýwanlary barada alada etmegiň adamlary has mähirli we gowy ynsana öwürýändigini görkezmekdi. Şeýle-de biz, öýsüz jandarlara çemeşelme baradaky syýasatyň döredilmegi üçin ädilen ilkinji ädim hökmünde, “Itçilik we kinologiki işler barada” täze kanunyň kabul edilmegini goldamaga çalyşdyk” diýip, ÝB-niň wekilhanasynyň resmisi Renata Wrubel aýdýar.

“Biziň öý haýwanlarymyz we jandarlar emläk däl, eýsem olar janly jandar. Öý haýwanlary barada alada etmegiň we ähli haýwanlar babatynda hoşniýetli bolmagyň gündelik durmuşymyzyň bir bölegi bolmalydygyny çagalara has ýaşlygyndan görkezmek örän möhüm. Haýwanlaryň abadançylygy we öýsüz, idegsiz galan haýwanlar babatyndaky adamkärçilikli syýasatyň işlenip düzülmegi döwletiň jogapkärçiligi bolup durýar. Haýwanlar baradaky alada islendik sagdyn jemgyýetiň durmuşynyň bir bölegidir” diýip, Wrubel nygtady.

10 günlük çäre Aşgabadyň günorta-günbataryndaky Änew şäherine gitmek, “Arassa Penje” we “Maňa ömür ber” atly penahanalarda saklanylýan jandarlaryň ýagdaýyny görmek bilen tamamlandy.

Azatlygyň habarçylary bu ýerde saklanylýan haýwanlaryň azyk-suwluk şertleriniň ýurduň beýleki ýerlerindäki penahanalara garanda birneme gowudygyny aýdýarlar.

Galyberse, ýerli synçylaryň we hökümet tankytçylarynyň pikiriçe, türkmen häkimiýetleri bu hili çäreleri wagyz, propaganda üçin ulanyp, sebitlerdäki penahanalarda aç-hor saklanylýan jandarlar barada bildirilýän aladalary peseltmäge synanýarlar.

Türkmenistanda öýsüz haýwanlara, hususan-da itlere we pişiklere bolan ýowuzlyk, rehimsiz çemeleşme faktlary ýurtda dowam edýän ykdysady krizisiň çuňlaşmagy bilen ýaramazlaşdy diýen pikiri öňe sürýän synçylar hem bar.

Azatlyk bilen anonimlik şertinde gürleşen aşgabatly ýaşaýjynyň sözlerine görä, Türkmenistanda it-pişik saklaýan, olara mümkin boldugyça gowy, rehimli çemeleşýän hojalyklar kän.

“Ýöne soňky ýyllar Aşgabatda we onuň töwereklerinde ýaşaýyş jaýlarynyň köp ýykylmagy bilen bir hatarda, adamlaryň barha garyp düşmegi bilen, eýesiz, öýsüz haýwanlar has köpeldi; işsiz, gazançsyz adamlaryň ýyl-ýyldan köpelmegi bolsa, ozal ‘it-guşa’ diýip, haýwanlaryň görjek ýerinde goýýan azyk önümlerini hem azaltdy” diýip, 62 ýaşly ýaşaýjy gürrüň berdi.

Türkmen häkimiýetleri Türkmenistanda öýsüz haýwanlara edilýän zulum, görkezilýän zalymlyk barada çykýan habarlara açyk düşündiriş bermeýär, it-pişikleri urup öldürýän adamlara garşy görlen kanuny çäreler barada metbugatda habar bermek praktikasyny ulanmaýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.





Губернаторы России
Москва

Собянин фразой «ходят слухи словно мухи» прокомментировал уход замов в кабмин





Москва

5 фактов, которые необходимо знать о СЭЙН и Wimmortal и их релизе «Старик и воля».


Губернаторы России

103news.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.

Moscow.media
Москва

Собянин рассказал о развитии фармацевтической отрасли в Москве



103news.comмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "103 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. 103news.com — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

103news.com — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.

Музыкальные новости

Филипп Киркоров

«Попрошайка»: Киркоров унизил Успенскую в эфире шоу




Спорт в России и мире

Алексей Смирнов – актер, которого, надеюсь, еще не забыли

В Москве в 12-й раз пройдет фитнес-фестиваль «ФитЭкспо 2024»

Турнир по пляжному волейболу «ЮМР ОПЕН» прошел в Краснодаре

В преддверии Дня Победы в Великой Отечественной войне: уроки мужества и познавательно-спортивная эстафета


ATP

Рублёв поднимется на шестое место в рейтинге ATP после победы на «Мастерсе» в Мадриде



Новости Крыма на Sevpoisk.ru