Nawalnynyň ştabynyň aktiwisti ýurtdan çykyp, FSB-niň agenti bolandygyny aýtdy
Alekseý Nawalnynyň Udmurtiýadaky baş edarasynyň öňki aktiwisti, birnäçe aý ozal Russiýany terk eden Mihail Sokolow ýurtdan gitmezinden ozal Russiýanyň Federal howpsuzlyk gullugynyň agenti (şugulçysy) bolup işländigini aýtdy.
Häzir Niderlandiýadaky bosgun düşelgesinde ýaşaýan Sokolow “Wýorstka” neşirine Nawalnynyň baş edarasy bilen işleşip başlamazyndan ozal, 2016-njy ýylda Udmurtiýanyň dürli oppozisiýa gurluşlarynda işjeňlik görkezýän wagtynda şugulçy hökmünde hakyna tutulandygyny aýtdy.
Sokolow ol wagt 19 ýaşyndady we goşun gullugyndan gaçmaga çalyşýardy. FSB-e oňa goşunda gulluk etmezlik mümkinçiliginiň deregine özleri, howpsuzlyk gullugy bilen hyzmatdaşlyk etmegi teklip etdi. Şeýlelikde, işe alnan oppozisionere aýda 10 müň rubl töläp başladylar.
Agentiň wezipesi meýilleşdirilen protestler, şol sanda ýeke adamlyk piketler barada hem öňünden aňtaw işgärlerine habar bermekden ybaratdy.
Sokolow şondan bir ýyl soň Nawalnynyň baş edarasynyň raýatlara kanuny goldaw berýän gaznasynyň ýerine ýetiriji müdiri boldy.
Aktiwist guramany maliýe çeşmeleri barada FSB-ä hasabat bermelidi. Soňra bu gaznada ýüze çykarylan ogurlyklar Nawalnynyň uzak möhletleýin türme tussaglygyna höküm edilmegine getiren jenaýat işiniň bir bölegine öwrüldi.