Мы в Telegram
Добавить новость
103news.com
World News in Turkmen
Август
2022

PÝGG Türkmenabatda awtoulag ‘awlaýar’, sürüjilerden para alýar

0
PÝGG Türkmenabatda awtoulag ‘awlaýar’, sürüjilerden para alýar

Polisiýanyň Ýol gözegçiligi gullugynyň (PÝGG) işgärleri Lebap welaýatynyň administratiw merkezinde sürüjilerden para almak ‘işlerini’ güýçlendirýär. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 24-nji awgustda sebitden habar berdi.

“Ýol polisiýasy awtoulagda köçe-ýol hereketiniň düzgünlerini bozan sürüjileriň yzyndan kowalap, para alyp başlady” diýip, bir sürüji Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.

Türkmenistanda PÝGG-niň “şikärgähi” hasaplanýan köçelerde polisiýa gözegçiliginiň güýçlenmegi bilen şäheriň çäginde hereket edýän mikroawtobus sürüjileri ýol polisiýasyndan sowulmagyň ugruny gözleýär.

“Gazel kysymly mikroawtobus sürüjileri ýol polisiýasyndan gaçmak üçin, öz ugurlaryny üýtgedip, başga ýollardan sürýärler. Mikroawtobuslaryň öz marşrutlaryny üýtgedýändigini görýän polisiýa işgärleri awtoulagda aw etmäge başlaýarlar” diýip, ýerli sürüji gürrüň berdi.

Ol ýol üstünde bolan bir wakada polisiýa işgäriniň mikroawtobus sürüjisinden pul alandygyna şaýat bolandygyny gürrüň berdi.

Türkmenabadyň köçeleriniň birinde bolan bir wakada PÝGG işgärleri polisiýa awtoulagynda “Gazel” kysymly bir minibusyň yzyndan ýetip, ses gataldyjy enjamlar bilen ulagyň döwlet belgisini aýdýar we minibusy saklaýar. Soňra polisiýa işgäri köpçülik transport serişdesiniň sürüjisinden 50 manat möçberinde pul alyp, onuň hereketine rugsat berýär.

Ýerli sürüjiler Türkmenabadyň merkezi köçelerinde bolan aýrybaşga bir wakada polisiýa işgärleriniň bir ýük ulag sürüjisinden para alandyklaryna şaýat bolandyklaryny aýdýarlar.

“Ýol polisiýasy Türkmenabadyň merkezinde üsti çelekli ýük ulagyny yzyndan ýetip saklady we sürüjiniň dokumentlerini barladylar. Iki polisiýa işgäri polisiýa awtoulagyndan düşmedi. Ýük ulag sürüjisi çelegiň arkasyna geçip, öz gapjygyndan pul çykardy we ony öz eli bilen Ýol gözegçiligi gullugynyň işgärlerine eltip berdi. Ýol gözegçiligi awtoulagyndaky işgärler puly alandan soňra, ol ýeri terk etdiler” diýip, ýerli sürüjiler aýdýar.

Habarçymyza görä, ýol polisiýasy dynç günleri Türkmenabadyň gündogarynda ýerleşýän täze bazara, “Ak bazara” çykýan ýollarda hem gözegçiligi güýçlendirýär.

Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň işgärleri 21-nji awgustda bazardan ýa-da bazara mal daşaýan onlarça ýük ulagyny saklap, para alypdyrlar.

Bazar ir säherde başlaýar, ýöne ýerli sürüjiler Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň işgärleriniň eýýäm ýary gije, sagat 12 töwereklerinde Mary – Türkmenabat ýolunyň ugruna çykyp, bazara barýan ýoly garawullaýandyklaryny aýdýarlar.

“Ýol polisiýasy Mary – Türkmenabat ýolunyň ugrunda aw edýär. [21-nji awgustda] bazara barýan bir “UAZ” (UAZ – Russiýanyň Ulýanowsk awtomobil zawodynda öndürilen ulaglar – red) kysymly ýük ulagynyň üstünde dört sany mal bardy. Ýol gözegçiligi gullugy ýük ulagyny saklap, ‘ulagda dört mal bar, dört mal ýüklemek bolanok, ‘peregruz’ diýip, her mal üçin 10 manat pul sorady, eger sürüji şol parany bermese 300 manat jerime ýazyljakdygyny duýdurdy” diýip, ýük ulag sürüjisi Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Habarçymyz bazara çykýan ýollarda, Mary – Türkmenabat ýolunyň ugrunda bazar sowlandan soň, günortan hem PÝGG işgärleriniň köpelýändigini habar berýär.

Ýerli sürüjiler gözegçilik güýçlendirilen awtomagistralyň ugrunda gündiz 12-den soňra polisiýa işgärleriniň ep-esli köpelýändigini aýdýarlar.

“Her ädimde diýen ýaly gözegçilik polisiýasy durýar. Bazardan çykyp, tä Türkmenabadyň merkezine barýançaň tas bäş ýerde dagy ýol gözegçilik polisiýasy ulaglary saklaýar. Kireý edýän ulaglardan, “UAZ”, “GAZ 53” kysymly ulaglardan 20-30 manada çenli para alýarlar” diýip, bir sürüji Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

“Öýe gelýänçäm polisiýa işgärlerine 100 manat çykdajy etdim” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Azatlyk Radiosy bu maglumatlar boýunça PÝGG-niň Türkmenabatdaky edarasyndan goşmaça maglumat alyp bilmedi.

Halkara guramalaryň hasabatlary türkmen hökümetini parahorlykda we korrupsiýanyň beýleki görnüşlerinde berk tankytlaýar.

Türkmen hökümeti ýurtda giň ýaýran parahorlygy, korrupsiýany we häkimiýet wekilleriniň eden-etdiligini ne tassyk edýär, ne-de inkär edýär.

Türkmenabatda ýol polisiýasynyň gaýtadan işjeňleşmegi Türkmenistanda köçe-ýol hereketine gözegçiligiň indi birnäçe aý bäri güýçlendirilýän wagtlaryna gabat gelýär. Aprelde Türkmenistanyň döwlet telewideniýesi köçe-ýol hereketiniň düzgünlerini bozmakda aýyplanýan, birnäçe sürüjiniň ‘tobalaryny’ görkezdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.





Губернаторы России
Москва

Собянин поздравил Путина со вступлением в должность президента России





Москва

Концерт "Две музы"


Губернаторы России

103news.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.

Moscow.media
Москва

Собянин прокомментировал слухи о повышении своих замов



103news.comмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "103 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. 103news.com — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

103news.com — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.

Музыкальные новости

Концерт

Концерт "Две музы"




Спорт в России и мире

Алексей Смирнов – актер, которого, надеюсь, еще не забыли

Известна спортивная программа фестиваля "Московская весна"

Росгвардия приняла участие в обеспечении безопасности при проведении футбольных матчей в Москве

Боевые приобретения. Настоящий праздник мужественности прошел в Москве


Андрей Рублёв

Рублёв стал победителем «Мастерса» в Мадриде



Новости Крыма на Sevpoisk.ru


Москва

СМИ: Россиян обяжут согласовывать банковские переводы с родственниками



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России