"Türkmennebitiň" başlygynyň orunbasary wezipesinden boşadyldy
Toýgeldi Mämmedow, özüne ynanylan wezipäni oňarmandygy üçin, "Türkmennebit" döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary wezipesinden boşadyldy diýip, türkmen mediasy habar berýär.
T.Mämmedow bu wezipä 2020-nji ýylyň mart aýynda bellenipdi.
Türkmenistanda ýokary döwlet wezipelerine bellenen emeldarlar yzygiderli we ýygy-ýygydan täzelenip durulýar. Şol bir wagtda olaryň 'işde goýberen kemçilikleri' ýa ynanylan wezipelerini 'oňarmazlyklarynyň' sebäpleri açyk aýdylmaýar.