Мы в Telegram
Добавить новость
103news.com
World News in Turkmen
Август
2022

Uly Berdimuhamedowyň sapary Türkmenabatdaky 'durmuşy duruzdy'

0
Uly Berdimuhamedowyň sapary Türkmenabatdaky 'durmuşy duruzdy'

Gurbanguly Berdimuhamedow şu gün Türkmenabada geldi, häzir "Bitarap Türkmenistan” şaýoly ýapyk diýip, Azatlygyň ýerli habarçysy habar berýär. Şeýle-de, habarçynyň maglumatyna görä, Milli geňeşiň Halk maslahatynyň başlygynyň sapary sebäpli Türkmenabatda 6 bazar ýapyldy. Gurbanguly Berdimuhamedow bir gün ozal "Awaza” milli syýahatçylyk zolagyna baryp, ol ýerde alnyp barylýan işler bilen tanyşdy, welosipedli gezim etdi.

Ozalky saparlarynda bolşy ýaly, G.Berdimuhamedowy garşylamak üçin, Türkmenabadyň uçar menzilinden tä "Prezident köşgüne" çenli, 25 km uzynlygyndaky aralyk petiklendi diýip, habarçy aýtdy.

Ýokary derejeli resminiň saparyna görülýän taýýarlyk, adatça bolşy ýaly, öňräginden başlandy we 27-nj awgustda "Bitarap Türkmenistan“ ýoluna çykan polisiýa gözegçileri onlarça gara, gök, ýaşyl, gyzyl reňkli ýeňil awtoulaglary saklap, jerime meýdançalaryna alyp gitdi.

Ýöne bu gün edara-kärhanalaryň işgärleri pagta ýygmaga gitmekden boşadyldy, netijede adamlaryň bir topary, 1 gün dynç alyp bilýäris diýip, bazarlyk işlerini bitirmekçi boldular. Emma olaryň bu niýetleri başa barmady. Sebäbi olar Türkmenabatdaky 6 bazaryň ýapykdygyny eşitdiler. Ol bazarlaryň üçüsi geýim-eşik bazary bolsa, galanlary azyk önümleriniň satylýan bazarlarydy diýip, habarçy aýtdy.

Şäherde ýene iki sany kiçiräk bazar bar, olardan gök-bakja önümlerini alyp bolýar. Ýöne şu gün hiç bazar işlemedi, hemme ýerde, hemme dükan ýapyklygyna galdy diýip, habarçy şäherdäki durmuşyň tasdan doly duruzylandygyny belledi.

Ýöne bir üýtgeşik waka hem boldy, şu gün tomus paslynda bir gün hem işlemedik fontan, çüwdürimler toplumy işläp başlady.

Hyýazow şaýoly bilen Gurbansoltan eje köçesiniň çatrygyndaky seýilgähde ýerleşýän fontanyň işläp duranyny gördüm, ol düýn geçemde hem işlemän durdy diýip, habarçy gürrüň berdi.

Şeýle-de ol G.Berdimuhamedowyň eýýäm şäheriň ýokarsyndan dikuçarly gezim edendigini aýtdy.

Habarçy bir gün öň bu sapara görülýän 'uly taýýarlyklar' hakynda habar berdi.

"Ýene-de ýollar ýuwulýar, köçeleriň gyrasynda erňekler tämizlenýär, ýol çyralarynyň sütünleri ýuwulýar, "Bitarap Türkmenistan” köçesiniň ugrunda ýerleşýän heýkeller suwa düşürilýär” diýip, habarçy ýazdy.

Habarçynyň maglumatyna görä, uly Berdimuhamedowyň Türkmenabadyň günortasynda ýerleşýän täze awtomenziliň gurluşygyna baryp görmegi meýilleşdirildi.

Täze awtomenzile barýan Magtymguly şaýoly hem ýudulyp-ardyldy, iki ýerde depe bolup ýatan gurluşyk galyndylaryny aýyrmak üçin jemagat hojalygynyň işgärleri kän azap çekdiler,

"Bitarap Türkmenistan“ we Magtymgyly şaýolynyň çatyrygyndaki aýlawda ýerleşýän Oguzhan heýkeli ýuwuldy, aýlawyň içindäki guran gülleri goparyp, ornuna täze gülleri oturtdylar; pagta çykarylýan adamlary köpçülikleýin ýowara çykardylar diýip, habarçy bir gün öň beren habarynda aýtdy.

Şeýle-de, bu taýýarlyk üçin sebitiň beýleki etraplaryndan toplanan kömekçi işgärleriň, goşmaça tehnikanyň getirilendigi aýdylýar.

Türkmenistanda prezidentiň iş saparlary sebäpli görülýän taýýarlyk işleri, ýollaryň we bazarlaryň ýapylmagy uzak ýyllar bäri dowam edýär. Ýöne indi ýurtda ýene bir resminiň, şol bir wagtda prezidentiň kakasynyň edýän saparlary hem raýatlary köp rahatsyz edýär, ýokary derejede garşylamaly adam, öňünde tans etmeli emeldar ozal bir bolan bolsa, indi iki boldy diýip, synçylar aýdýarlar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.





Губернаторы России
Москва

Собянин фразой «ходят слухи словно мухи» прокомментировал уход замов в кабмин





Москва

Одна из целей неофашистского Азербайджана - уничтожение Христианства


Губернаторы России

103news.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.

Moscow.media
Москва

Собянин: внимание Путина к Москве дорогого стоит



103news.comмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "103 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. 103news.com — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

103news.com — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.

Музыкальные новости

Юрий Шевчук

Рок-музыкант Шевчук в Дубае рассказал о революции




Спорт в России и мире

Алексей Смирнов – актер, которого, надеюсь, еще не забыли

В 6-м туре женского «командника» в Сочи шахматная сборная Москвы разгромила краснодарок, а «Сима-ленд» справилась с Татарстаном

Турнир по пляжному волейболу «ЮМР ОПЕН» прошел в Краснодаре

В Москве в 12-й раз пройдет фитнес-фестиваль «ФитЭкспо 2024»


ATP

Андрей Рублев поднялся на шестое место в рейтинге ATP



Новости Крыма на Sevpoisk.ru


Москва

Концерт "Две музы"



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России