Ýakut sazandasy rus "goşunyny abraýdan düşürmekde" aýyplanýar
Ýakut aktiwisti we "Crispy Newspaper" pank toparynyň lideri Aýhal Ammosowa açyk çykyş edip, rus goşunynyň hereketlerini abraýdan düşürmek aýyplamasy bildirildi diýip, Russiýanyň “OVD-Info” atly adam hukuklary taslamasy habar berýär.
Adam hukuklaryny goraýjylaryň maglumatlaryna görä, bu iş Ammosowyň Ýakutskiniň merkezinde ýerleşýän binada, Russiýanyň hökümet başlygy Mihail Mişustiniň sapara gelýän güni asmaga synanyşan "Ýakut panky urşa garşy” diýen ýazgyly şygary sebäpli açyldy.
“Azatlyk” radiosynyň Rus gullugynyň maglumatyna görä, aktiwist we sazanda häzir bu hereketi üçin 15 günlük administratiw tussaglykda saklanýar. Ol bu tussaghanadan 3-nji sentýabrda boşadylmaly.
Mundan öň Ammosowa goşuny abraýdan düşürmek baradaky administratiw madda esasynda üç gezek jerime salyndy.