Bagdatda garşydaş şaýy toparlarynyň arasynda bolan çaknyşykda 23 adam öldi
Bagdadyň Ýaşyl zolagynda Yragyň täsirli ruhanysy Muktada al-Sadryň yzyna eýerijiler bilen Eýran tarapyndan goldanýan şaýy toparlarynyň arasyndaky dartgynlylygyň ýokarlanmagy bilen, olar hökümet binalaryna hüjüm edenlerinde azyndan 23 adam öldi.
29-njy awgustda, al-Sadr syýasatdan çekiljekdigini yglan edeninden soň ýüze çykan bidüzgünçiliklerde azyndan 380 adam ýaralandy.
Zorlukly wakalar arasynda, 30-njy awgustda howa gatnawlarynyň togtadylmagy bilen, Eýran Yrak bilen aradaky gury ýer serhetlerini hem ýapdy.
Bu karar millionlarça eýranlynyň şaýylaryň mukaddes saýýan ýerlerine ýyllyk zyýarat etmek üçin Yraga gitmäge taýýarlanýan wagtyna gabat geldi.