Мы в Telegram
Добавить новость
103news.com
World News in Turkmen
Август
2022

Balkanda kerpiç zawodlary ýapylýar, işgärler işden çykarylýar. Käbir kerpiçler gymmatlaýar, käbiri arzanlaýar

0
Balkanda kerpiç zawodlary ýapylýar, işgärler işden çykarylýar. Käbir kerpiçler gymmatlaýar, käbiri arzanlaýar

Balkan welaýatynda kerpiç zawodlarynyň birnäçesi öz işini bes edip, işgärlerini işden çykaryp başlady. Kerpiç zawodlarynyň hünärmenleri munuň sebäbini ýurtda dag jisimlerinden öndürilýän käbir kerpiçleriň döwlet gurluşyklarynda ulanylmagynyň gadagan edilendigi bilen düşündirýärler. Bu ýagdaý owradylan daşlaryň käbir görnüşleriniň we olardan öndürilýän kerpiçleriň bahasynyň telim esse gymmatlap, "keýgiň şahyna çykmagyna" getirdi. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy sebitden maglumat berdi.

"Welaýatda kerpiç öndürýän birnäçe zawod ýapyldy. Käbirleri bolsa, önümçiligini çäklendirdi. Munuň netijesinde kerpiç zawodlarynyň käbiri işgärleriniň ählisini işden çykaran bolsa, käbiri belli bir bölegini işden çykardy. Ýakynda şeýle zawodlaryň biri 50-den gowrak işgärini işden boşatdy" diýip, bu pudakdan habarly, ygtybarly çeşmämiz 30-njy awgustda gürrüň berdi.

Azatlyk howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli zawodlaryň atlaryny we ýerleşýän ýerlerini aýan edip biljek maglumatlary äşgär etmekden saklanýar.

Kerpiç zawodlarynyň birnäçe hünärmeniniň habarçymyza gürrüň bermegine görä, kärhanalaryň ýapylmagynyň we işgärleriň işden boşadylmagynyň sebäbi ýurtda käbir kerpiçleriň döwlet gurluşyklarynda ulanylmagynyň gadagan edilmegi bilen baglanyşykly. Bularyň arasynda dag jisimlerinden, ýagny dagdan gazylyp alnan daşlardan, şol sanda hek garyndyly daşlardan we toýundan öndürilýän kerpiçler bar.

"Şu ýylyň bahar aýlarynda täze saýlanan prezident Serdar Berdimuhamedow keramik, keramzit, dag jisimlerinden gazylyp alnyp, ýörite enjamlarda kesilip, hek garyndyly daşlardan ýasalýan kerpiçleri döwlet gurluşyklarynda ulanmagy doly gadagan etdi. Bulara derek "şlaka beton" kerpiçlerini ulanmaga rugsat berildi. "Şlaka beton" kerpiçleri sement we owradylan çagyl daşyndan ýasalýar" diýip, efirde Eziz diýlip atlandyrylmagyny soran ýerli hünärmen indi gurluşyklarda diňe 40x20 ölçegdäki kerpiçleriň ulanylmagyna rugsat berilýändigini hem aýtdy.

Azatlyga bu gadagançylygyň resmi nusgasyny tapmak we onuň anyk haçandan başlap güýje girendigini anyklamak başartmady. Hünärmenler adatça bolşy ýaly bu gadagançylygyň köpçülige elýeterli ýerlerde çap edilmändigini, bu baradaky kararyň kerpiç zawodlaryna iberilendigini aýdýarlar.

Azatlyk Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi bilen habarlaşyp, bu gadaganlyk barada goşmaça maglumat ýa kommentariýa almaga synanyşdy. Ýöne redaksiýamyzyň 30-njy awgustda eden telefon jaňlaryna hiç kim jogap bermedi. Ministrligiň websaýtynda-da, bu gadaganlyk barada maglumat tapyp bolmady.

Habarçymyz gadagançylykdan soňra owradylan daşlaryň käbir görnüşleriniň bahasynyň 10 esse we bulardan öndürilýän kerpiçleriň nyrhynyň tas üç esse gymmatlandygyny hem habar berýär.

"1 kub owradylan daşyň bahasy 100 manatdan 1000 manada gymmatlady. Bu daşdan öndürilýän kerpijiň bir sanysynyň bahasy-da, 6 manatdan 15 manada ýokarlandy. Käbir ýerlerde onuň bahasy 20 manat bahalanyp, 'keýgiň şahyna çykdy'" diýip, başga bir ýerli hünärmen anonimlik şertinde aýtdy.

Habarçymyzyň maglumatyna görä, gadagançylyk toýundan kerpiç öndürýän zawodlaryň işine hem ýaramaz täsir ýetirdi. Bu zawodlaryň köpüsi öndüren kerpiçlerini satyp bilmeýändikleri sebäpli, häzirki wagtda bankrot bolmagyň bäri ýanynda dur.

"Adatça gurluşyklaryň işjeňleşýän möwsümi hasaplanýan ýaz we tomus aýlarynda il arasynda "bişen kerpiç" atlandyrylýan, toýundan öndürilýän kerpiçler köp satyn alynýardy. Sebäbi gurluşyklaryň köpüsinde bu kerpiçden peýdalanylýardy. Ýöne gadaganlykdan soň, onuň hyrydary galmady. Häzir bu kerpiçleri diňe oba ýerlerindäki gurluşyklarda ulanmaga rugsat berilýär" diýip, kerpiç söwdasyny edýän ýerli telekeçileriň biri anonimlik şertinde gürrüň berdi.

Habarçymyz bu gadagançylygyň toýundan öndürilen kerpiçleriň bahasynyň dört-bäş esse arzanlamagyna sebäp bolandygyny hem aýtdy. Onuň sözlerine görä, geçen ýyl bir kerpijiň bahasy 1 manat 50 teňňe bolan bolsa, häzir bary-ýogy 30-40 teňňe bahalanýar.

"Kerpiçleriň hyrydary bolmansoň, bahalary alaçsyz düşürmeli bolduk. Ýöne kerpiçleri bu bahadan satsak, onuň girdejisi diňe işçileriň aýlygyny tölemäge hem ýetmeýär" diýip, Bereket etrabyndan bolan bir telekeçi anonimlik şertinde gürrüň berdi.

Azatlyk bu gadagançylygyň sebäplerini häzirlikçe anyklap bilmedi. Ýöne bu waka ýurtda dowam edýän ýiti ykdysady kynçylyklaryň we işsizligiň arasynda, ilatyň güzeran eklenjiniň agyrlaşýandygy, käbir kärhanalaryň işgärleriň aýlyklaryny öz wagtynda töläp bilmeýändigi we iş orunlaryny kemeldýändigi barada habarlaryň gowuşýan mahalyna gabat gelýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.





Губернаторы России
Москва

Собянин: В Москве будет увеличен объем высокотехнологичной медицинской помощи





Москва

Эксперт Президентской академии в Санкт-Петербурге о доступности популярных туристических объектов


Губернаторы России

103news.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.

Moscow.media
Москва

Сергей Собянин. Главное за день



103news.comмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "103 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. 103news.com — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

103news.com — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.

Музыкальные новости

Коммерсантъ

Никол Пашинян наговорил перед разговором // Премьер-министр Армении и президент России обсудят двусторонние разногласия




Спорт в России и мире

Алексей Смирнов – актер, которого, надеюсь, еще не забыли

В преддверии Дня Победы в Великой Отечественной войне: уроки мужества и познавательно-спортивная эстафета

Эксперт Президентской академии в Санкт-Петербурге про финал Всероссийской олимпиады школьников

Пресс-служба «Лужников» опровергла информацию о концерте Канье Уэста в Москве


Андрей Рублёв

Рублев не отстал от «Реала»! Как русская звезда тенниса покорила Мадрид



Новости Крыма на Sevpoisk.ru


Game News

Helldivers 2 players' new battle: A petition for the reinstatement and 'canonization' of community manager fired for supporting review bombing and refunds



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России