Мы в Telegram
Добавить новость
103news.com
World News in Turkmen
Январь
2023

Balkanda baýramçylygyň öňüsyrasynda döredilen emeli azyk arzançylygy uzaga çekmedi

0
Balkanda baýramçylygyň öňüsyrasynda döredilen emeli azyk arzançylygy uzaga çekmedi

Balkan welaýatynyň bazarlarynda Täze ýyl baýramçylygynyň öňüsyrasynda döredilen emeli azyk bolçulygy, köpdürliligi we arzançylygy täze ýylyň birinji hepdesiniň ahyryna çenli hem saklanmady. Ýaşaýjylar aýlyklaryň adaty bazar nyrhlaryndan söwda edip, güzeran eklemäge ýetmeýändigini aýdýarlar.

"Türkmenbaşy şäheriniň döwlet dükanlary tarapyndan bazarlarda guralan göçme dükanlardan hiç bir zat galmady. Bu söwda tekjeleri Täze ýyl baýramynda emeli azyk bolçulygyny we arzançylygyny döretmek maksady bilen, mundan 15 gün çemesi ozal guralypdy. Şu gün bu dükanlar hemişe bolar öýdüp, bazarlara baran adamlar lapykeç bolup öýlerine gaýtdylar" diýip, Azatlyk Radiosynyň sebitdäki habarçysy 4-nji ýanwarda gürrüň berdi.

Noýabr-dekabr aýlarynda prezident Serdar Berdimuhamedow hökümet agzalaryndan “...baýramçylyk günlerinde bazarlaryň we dükanlaryň dürli harytlar bilen üpjünçiligini gözegçilikde saklamagy, bahalaryň ýokarlanmagyna ýol bermezligi” birnäçe gezek tabşyrdy.

Şondan soňra ýurduň dürli künjeginde arzan harytlaryň dürli görnüşleri satylýan söwda tekjeleri we dükanlar döredildi. Bu söwda tekjelerinde, hususan-da Türkmenbaşydaky dükanlarda:

1 kg towuk budy 16 manatdan,

1 litr günebakar ýagy 31 manatdan,

1 kg kartoşka 2,5 manatdan,

1 kg pomidor 5 manatdan,

1 kg alma 9 manatdan,

1 kg mal eti 35 manatdan,

1 kg apelsin 10 manatdan,

1 kg un 7 manatdan,

1 kg käşir ýa sogan 2 manatdan,

1 kg tüwi 9 manatdan satylýardy.

Ýöne bu arzançylyk uzaga çekmedi we aradan iki hepde geçensoň, döwlet dükanlary tarapyndan bazarlarda döredilen söwda tekjeleri boşap galdy.

Deňeşdirmek üçin aýtsak, bu tekjelerde satylan azyk önümleriniň bazarlardaky nyrhlary 100-350% ýokary bolup,

1 kg towuk budy 28-35 manat,

1 kg alma 30-50 manat,

1 kg mandarin 30-50 manat,

1 kg göle eti 65-85 manat,

1 kg jylka et 100 manat,

1 kg kartoşka 12 manat,

1 kg käşir 5-7 manat,

1 kg sogan 7-10 manat,

1 kg tüwi 25-50 manat bahalanýar.

Ýaşaýjylar aýlyklar 1-nji ýanwardan 10% ýokarlansa, harytlaryň onlarça göterim gymmatlaýandygyny aýdyp, aýlyklarynyň bu nyrhlardan söwda edip, güzeran eklemäge ýetmeýändigini aýdýarlar.

"Bu boluşda adamlar näme etmeli? Näme iýmeli? Adamlaryň alýan aýlyklary diňe azyk önümlerini satyn almaga hem ýetmeýär. Mundan başga, adamlar geýinmeli, dynç almaly, saglygyna seretdirmeli. Köp adam bulary amal etmek üçin süýthordan göterimine karz almaly bolýar" diýip, türkmenbaşyly ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.

Ol indi köp adamyň döwlet edarasynda işläp, güzeran ekläp bolmajakdygyna düşünýändigini hem belleýär.

"Adamlar döwlet edara-kärhanalarynda işlemekden boýun gaçyryp, alajy bolsa para berip, daşary döwletleriň nebit-gaz firmalaryna işe ýerleşmäge ýa-da Türkmenistandan gitmäge synanyşýarlar" diýip, ol sözüne goşdy.

Soňky ýyllarda öz garaşsyzlygynyň iň agyr ykdysady kynçylyklaryndan birini başdan geçirýän Türkmenistanda häkimiýetler adatça uly baýramçylyklaryň öňüsyrasynda bazarlarda emeli "azyk bolçulygyny, arzançylygyny we köpdürliligi döretmäge" çalyşýarlar. Ýöne bu ýagdaý gysga wagt dowam edip, baýramçylygyň yzysüre ýok bolýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.





Губернаторы России
Москва

Сергей Собянин. Главное за день





Москва

Снять Художественный фильм.


Губернаторы России

103news.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.

Moscow.media
Москва

Сергей Собянин. Главное за день



103news.comмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "103 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. 103news.com — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

103news.com — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.

Музыкальные новости

Булат Окуджава

Исполнилось 100 лет со дня рождения Булата Окуджавы




Спорт в России и мире

Алексей Смирнов – актер, которого, надеюсь, еще не забыли

В рамках празднования Дня Победы в Москве пройдет ежегодный турнир среди студенческих футбольных команд «Вызов»

Футбольный турнир «Вызов» для студентов станет частью праздничных мероприятий ко Дню Победы

Парад победы в Москве завершился пролетом авиации


ATP

Андрей Рублев поднялся на шестое место в рейтинге ATP



Новости Крыма на Sevpoisk.ru


Симферополь

Стали известны самые загруженные трассы в Подмосковье с 8 по 12 мая



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России