Türkmenistanda 2023 ýylda aspirantura, doktorlyk okuwlaryna kwota tassyklandy
Türkmenistanda şu ýyl ylmy ugurlar boýunça aspirantura, doktorantura kabul ediljek aspirantlaryň, doktorantlaryň hem-de alymlyk derejelerine dalaşgärlige hasaba alynjaklaryň, kliniki ordinatura kabul ediljek ordinatorlaryň sany tassyklandy diýip TDH döwlet habar gullugy ýazýar.
Maglumata görä, prezidentiň bu barada gol çeken buýrugy ýokary derejeli hünärmenleri we ylmy işgärleri taýýarlamak bilen "Türkmenistanda amala aşyrylýan düýpli özgertmeleri ylmy taýdan esaslandyrmak", "ýurduň ykdysadyýetine, ylym-bilim, lukmançylyk we medeniýet ulgamlaryna ylmyň gazananlaryny ornaşdyrmak" we "halkyň taryhyny, medeniýetini, sungatyny, dilini, edebiýatyny ylmy esasda öwrenmek" ýaly maksatlary öz öňünde goýýar.
Ýokary ylmy derejeler boýunça bilim üçin kwotalaryň tassyklanandygy baradaky resmi habarda anyk sanlar görkezilmedi.