Gazagystan köpçülik ýerlerinde aýdylan paýyş sözleriň jezasyny ýokarlandyrýar
Gazagystanyň Içeri işler ministrligi 2023-nji ýylyň mart aýyndan başlap köpçülik ýerlerinde paýyş sözleri ulanmazlyk baradaky düzgüni bozan adamlara 69 000 teňňe (takmynan 150 dollar) jerime ýa-da 30 güne çenli tussaglyk höküminiň çykarylyp bilinjekdigini habar berdi.
Habarda aýdylmagyna görä, şu wagta çenli bu düzgüniň bozulmagy üçin temmi 17 müň teňňeden (37 dollar) gowrak teňňe ýa-da 15 güne çenli tussaglyk göz öňünde tutulýar.
Kanun giriziljek düzedişler ilkinji gezek resmi ýagdaýda çap edileninden 60 gün soň güýje girýär.
Soňky ýyllarda gazak şäherleriniň köpçülik ýerlerindäki salyhatlylyk, ahlak, edep ýagdaýlary barada sosial ulgamlarda ýygy-ýygydan çekeleşik geçirilýär.
Şeýle-de, Astana häkimligi ýolda tüýkürýän awtoulag eýelerine, wideokameralar arkaly awtoulag belgileri kesgitlenip, düzgün bozan halatlarynda jeza beriljekdigini habar berdi. Almaty polisiýasy hem öz gezeginde ýaşaýjylary, 102 mobil telefon goşmaçasy arkaly, köçelere tüýküren adamlaryň suratlaryny we wideolaryny ibermäge höweslendirip başlady.