Мы в Telegram
Добавить новость
103news.com
World News in Turkmen
Январь
2023

Maryda öýlerde gaz ýok, Aşgabatda doňan turbalardan suw akanok  

0

Türkmenistanyň günortasyndaky Mary welaýatynda howa - 25 gradusa çenli sowady. Ilatly ýerleriň ençmesinde öýlerde gaz kesildi, suw turbalary doňdy. Köçeleri buz örtdi. Adatdan daşary güýçli aýaz ýerli bazarlaryň söwdasyna, köçe-ýol hereketine täsir ýetirdi. Sowuk howada paýtagtyň ýaşaýyş jaýlaryndaky hem suw turbalary doňdy.

"Görogly etrabynda gaz ýok. Balyş Öwez, Hüdük Myradow obalarynda, hatda oba merkezlerinde gaz tas ýok. Adamlar tutuş maşgala bolup, bir otagda odun bilen işleýän peç ýakyp, jan saklaýarlar. Mekdepleriň hem kanikul tamamlanandan soň okuw klaslary nädip gyzdyrmaly diýen mesele ýüze çykdy. Görogly etrabynyň Ak Saraý, Bedirkent obalarynda hem ýagdaý şeýle. Gazsyz köçenýän ýerli ilat kime ýüzlenjeginji bilmeýär" diýip, Azatlygyň Marydaky habarçylarynyň biri 12-nji ýanwarda maglumat berip, agşam -25 gradus bolandygyny aýtdy.

Aşgabatda 12-nji ýanwarda irden - 18 boldy. Ýaşaýyş jaýlarynyň ençemesinde suw turbalary doňup, öýlerde suw bolmady. Paýtagtdaky habarçymyz, hususan-da, 11-nji we 30-njy etrapçalardaky ýagdaý barada habar berip, dükanlaryň ençemesinde we köp jaýlarda suwuň ýokdugyny, adamlaryň turbalaryň doňuny aýyrmak üçin olara gyzgyn suw sepýändigini, käbir turbalaryň ýarylýandygyny gürrüň berdi.

Mary welaýatynyň ähli ýerlerinde howanyň tempraturasynyň -20 gradusdan aşaklady, ýerli ilat ýylynmak üçin uly kynçylyklary başdan geçirýär.

Marydaky habarçylarymyzyň ýene oba ýaşaýjylarynyň gazyň birden haýallamagy zerarly odun ýakyp, sygyr dersini ýakyp otaglaryny ýylatmakçy, çaý, nahar bişirmekçi bolýandygyny gürrüň berdi.

"Odun dessine ýanyp gutarýar. Bizde üýtgeşik odun agaçlarymyz hem ýok, öňki galan gaçan odun çöplerimizi ýakyp gün görjek bolýarys. Öň kärende ýerimiz barka biz pagta gowaça çöpüni ýygnap odunlyk ederdik, indi öňküler ýaly odunlyk gowaça çöpüni ýekeme - ýeke çöpleýän hem ýok tehnika salyp üwedip mallara berýärler, ot hökmünde ulanýar. Gazam juda haýal gelýär" diýip, oba ýaşaýjylarynyň biri gürrüň berdi.

Onuň sözlerine görä, gazyň güýjüniň birden peselmegi her gyş paslynda gaýtalanýar, şeýle-de, bolsa ýagdaý ýyllarboýy üýtgemeýär. Ine şu günki gün ýene-de öýleriň içinde ulular hem çagalar gat-gat geýnip, ýylynyp bilmeýär, käte elektrik togy hem 1-2 sagatlap kesilýär.

"Biz gaz edarasyna baryp ýagdaýymyzy düşindirýäris. Çagalar üşeýär, ýör öýe gideli öz gözüň bilen gör, gaz turbasy bar içinde gaz ýok. Çagalar gaty üşeýär bir çäre tapalyň azyrak sowuk howa aýrylýança, gazy gataldyň diýip, öňem ýüzlerçe gezek barypdyk, şu gün ýene bardyk. Emma ýene öňküsi ýaly, serederler diýip aýdýarlar. Biz tutuş bir köçe bolup gaz gataltmagyny sorap, kimiň adyna haýsy edara arza ýazmaly bolsa, ýazyp bermäge taýýar" diýip, anonim gürleşen Marynyň ýaşaýjysy aýtdy.

Mary welaýatynyň dürli ýerlerinde şu günki gün binalaryň suw turbalary doňdy, ýollary buz örtdi we awtoulaglara zyýan ýetdi. Habarçylarymyz birnäçe gün mundan ozal ýagan gar ýollaryň üstünde tokga buza öwrülip, ýatyr diýýärler.

"Köp hojalykda suw turbalary doňup suwsuz oturanlary hem bar. Ýokarky gatda ýaşaýanlar 1-njy gatdaky öýlerden çaý-nahar üçin suw daşamaly bolýarlar. Goňşynyň gapysyny kakyp, ýöne suw diläp durmagy hem adamlar birhili görýärler. Ol aşaky gatdaky jaý eýeleri hem aňsat görmeýär, ýöne işigi açylyp-ýapylyp, öňem otagyň içi sowuk, bulam üstüne bolýar, diýip aýdýarlar" diýip, Marydaky habarçymyz aýdýar.

Onuň sözlerine görä, şäherde hususy gurluşyk firmalary işini bes etmeli boldular. Günlükçi hak alýan işgärler hem gazançsyz galýar. Bazarlarda ähli ýük ulagynda we dükanlaryñ içinde duran gök önümleriň bary doňup buza öwrülipdir. Telekeçiler gaty uly zyýana galmakdan howatyrlanyp, doň-buz görnüşli gök önümlerini öýlerine daşamakçy bolýarlar.

Sowuk howada elektrik togy hem kesilýär.

"Bazaryň dükanlarynda sagat 18:00-den soň tok kesilýär şol sebäpden tok peçleri işlemän dükanyñ içindäki harytlarymyzyň barsy doňupdyr. Indi nädip satmaly" diýip, bazar satyjysy aýdýar.

Şeýle-de habarçylar, sowuk howanyň ýeňil we ýük awtoulaglaryň ençemesiniň işlemän durmagyna sebäp bolandygyny aýdýarlar. Awtoulaglardaky antifriziň hatda ýangyç serişdeleriniň doňmagy, motoryň otlanmazlygy, tekerleriň sandan çykmagy ýaly meseleleriň döreýändigi aýdylýar.

Gyş paslynda halky gaz we elektrik togy bilen üpjün etmekdäki problemalaryň saklanýan wagtynda ilatdan bu hyzmatlar üçin töleg talap edilýär, wagtynda tölemedik adamlaryň gazy, togy kesilýär.

Marynyň oba ýaşaýjylary gaz üçin hasaplaşyk usulyndan hem nägile bolýarlar.

"Gaz gullugy adamlardan puly hasaplaýjy esasynda däl-de, gaza çatylan gurallaryň sanyna görä alýar. Hasaplaýja görä, 350 manat çyksa, ony hasap etmän ýokardan buýruk bar diýip, 800 we hatda 1200 manat pul talap edýärler. Şeýdip, ilat sarp etmedik gazy üçin pul tölemeli bolýar. Bu, adamlarda nägilelik döredýär" diýip, habarçymyz aýdýar.

Azatlyk Radiosynyň Marydaky habarçylary bilen söhbetdeş bolan oba ýaşaýjylary gaz, suw, elektrik togy ýaly zerurlyklaryň ýetmezçiligi barada kime arz etjegini bilmeýändigini aýdýarlar we häkimiýet edaralarynda hakyň arzyny diňleýän galmady diýýärler. Şeýle-de, oba ýaşaýjylary prezidentiň ilatly ýerleriň energiýa üpjünçiligi barada berýän görkezmelerinden çen tutup, problemalaryň çözülmezligini esasan ýerli häkimiýetlerden görýärler.

"Ýolbaşçylar prezidentiň buýruklaryny pisint etmeýär, äsgermeýär. Sebäp her bir arçynlyk özüni prezident hasap etse, häkimlik we gaz-elektrik ýolbaşçylary özlerini han hasap edýärler we adamlaryň şikaýatlarynyň üstünde işlemegi ýatdan çykarýarlar" diýip, Azatlygyň habarçysy bilen gürrüňdeş bolan Marynyň ýaşaýjysy öz pikirini paýlaşdy.

Türkmenistanyň ýolbaşçylary öz çykyşlarynda energiýa üpjünçiligini agzaýan hem bolsalar, problemalaryň bardygyny açyk boýun almaýarlar. Energiýa resurslaryny eksport edýän ýurduň hökümeti we habar serişdeleri ýyllarboýy suwsuz, toksuz we gazsyz kösenýän ilatyň problemalaryny açyk gozgamaýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.





Губернаторы России
Москва

Собянин фразой «ходят слухи словно мухи» прокомментировал уход замов в кабмин





Москва

Пельмени "Амур" разные заведения смогут готовить только после получения права


Губернаторы России

103news.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.

Moscow.media
Москва

Собянин: внимание Путина к Москве дорогого стоит



103news.comмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "103 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. 103news.com — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

103news.com — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.

Музыкальные новости

Джиган

Shot: рэпер Джиган стал совладельцем фирмы по продаже пива и энергетиков




Спорт в России и мире

Алексей Смирнов – актер, которого, надеюсь, еще не забыли

Канье Уэст летом выступит с концертом в России

Что произошло 8 мая в истории Якутии

В Москве в 12-й раз пройдет фитнес-фестиваль «ФитЭкспо 2024»


ATP

Двенадцать казахстанских теннисистов поднялись в рейтинге ATP



Новости Крыма на Sevpoisk.ru


Москва

В Москве в 12-й раз пройдет фитнес-фестиваль «ФитЭкспо 2024»



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России