Мы в Telegram
Добавить новость
103news.com
World News in Turkmen
Январь
2023

Diktatoryň buýsanjy üçin kanunyň hökmürowanlygy ýok edilýär

0
Diktatoryň buýsanjy üçin kanunyň hökmürowanlygy ýok edilýär

Türkmen režimi ýene-de häkimiýet gurluşygy reformirlemek niýetini yglan etdi, bu bolsa, synçylaryň we Azatlygyň çeşmeleriniň pikiriçe, ýurt başyndaky Berdimuhamedow klanyna häkimiýeti tutuşlygyna öz elinde jemlemäge mümkinçilik berer. Azatlyk Radiosy planlaşdyrylýan üýtgetmeler we olaryň berip biljek netijeleri barada düşündiriş sorap, aşgabatly syýasy bilermen we publisist Kumuş Baýryýewa ýüzlendi.

Döwlet gurluşynyň we dolandyryş görnüşiniň iş ýüzünde we kanun esasda üýtgemegini başdan geçirýändigimize hiç kimde şübhe ýok. Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda bu «prezident respublikasydyr». Girizilen täze üýtgetmeler, ýagny Halk Maslahatynyň eýýäm ikinji gezek dikeldilmegi bilen biz häkimiýetiň kanunylygyndaky ägirt uly kemçilikler goýberilen kanunlaşdyrylan despotizme eýe bolýarys. Iki palataly parlament ýatyrylandan soň we Halk Maslahatynyň düzülmegine geçmek bilen jemgyýetiň öz ygtyýarlyklaryny saýlanan hökümete bermegine esaslanýan kanunylyk ýitýär.

Munuň diňe, Milli Geňeş Halk Maslahatynyň ýokarky palatasynyň başlygy wezipesinden kanagatlanmaýan Gurbanguly Berdimuhamedowyň aşa çişirilen buýsanjy üçin edilýändigine doly ynam bar, oňa «milletiň ruhy lideriniň» rolyny oýnamak we häkimiýetiň beýleki şahalarynyň ählisine olaryň Halk Maslahatyna garaşlylygynyň üsti bilen berk gözegçilik etmek gerek boldy. Haçan-da, Arkadag öz statusyny parlamentiň ýönekeý başlygyndan «milletiň lideri», galyberse-de ruhy lider derejesine göterende, muňa halkara derejesinde öňe sürlende aýratyn bir özüne çekijilik goşup bolar.

Biz muny Nyýazowyň döwründe görüpdik, ol özi üçin taryhda bir roly we orny oýlap tapmaga synanyşdy, muny soň hem gördük, Gurbanguly Berdimuhamedow prezident bolan döwründe häzirki teklip edilýän konfigurasiýa eýýäm Konstitusiýada durmuşa geçirilipdi, ýöne soňra daşary ýurtly oýunçylaryň tankytlary we bu gurluşyň orta böleginiň, ýagny, Serdar Berdimuhamedowyň şol wagtky ýaşlygy we ukypsyzlygy, taýyn bolmadygy sebäpli çalt üýtgetdiler. Indi bolsa möhlet geldi - Serdar hakyky we garşylyk bildirmýän premýer-ministriň roluny oýnamagy başarýar, Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýaşy Pygamberiň ýaşyna ýetdi, beýleki bezegler hem taýýarlandy - täze oýlanyp tapylan Arkadag tituly, başynyň boýalmadyk çal saçy - öňküsi ýaly mikrodolandyryş bilen başagaý bolmak hem zerur däl, ýöne ýurt içinde syýahat edip, hemmä akyl berip bolýar, muňa jemgyýetden hiç hili ygtyýarnama ýa-da mandat bolmazdan, islendik syýasy we ykdysady kararyň kabul edilmegine berk usullar bilen täsir ýetirmek mümkinçiligi döreýär. Şeýlelikde, minimal jogapkärçilik we şübheli kanunylyk bilen maksimal ygtyýarlyk döreýär - ine size absolýut, gözegçiliksiz we çäksiz azdyrýan häkimiýet.

Berdimuhamedow, ýurduň konstitusiýasyndan galan zatlaryň üstünde edýän tanslary bilen, kanuna we döwletlilige bolan ynamyň hem hormatyň soňky galyndylaryny hem ýok edýär. Hökümet konstitusiýa we umuman kanuna şeýle çemeleşýän bolsa, halkdan nämä garaşyp bileris. Daşary ýurtlulardan nämä garamaly, olar hem döwletiň esasy kanunlaryny interýeriň köne elementi ýaly her iki-üç ýyldan üýtgedýänlere hormat goýmaz. 

Öňümizde bize kyn günleriň garaşýandygyny çaklaýaryn. Garrap barýan diktator durmuşa bolan öz garaýyşlaryny, milli gymmatlyklar barada köplenç wagşy we könelişen düşünjesini tutuş halkyň boýuna dakmagy gowy görýär, söz azatlygyndan we başgalaryň pikirinden aşa gorkýar, ol öz töwereginde esasy artykmaçlygy başarjaňlygy däl-de, wepalylygy bolan bir giden ýaranjaňlary ýetişdirdi, adamyň esasy gymmatlygyny ony raýat edýän häsiýeti - mertebesini bilkastlaýyn ýok etdi. Hemmeleriň bu bolgusyzlygyň tebigy taýdan soňlanmagyna garaşmagyndan, mydama gorkuda bolup, hatda ýatmazdan ozal “Arkadaga şohrat!” diýip gaýtalamagyndan ybarat agyr döwürler geler.

Bu teswirde öňe sürlen pikirler awtoryň nukdaý nazary bolup, Azatlyk Radiosynyň garaýyşlaryna gabat gelmän biler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.





Губернаторы России
Москва

Собянин рассказал о развитии фармацевтической отрасли в Москве





Москва

Эксперт Президентской академии в Санкт-Петербурге о доступности популярных туристических объектов


Губернаторы России

103news.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.

Moscow.media
Москва

Сергей Собянин. Главное за день



103news.comмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "103 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. 103news.com — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

103news.com — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.

Музыкальные новости

Коммерсантъ

Никол Пашинян наговорил перед разговором // Премьер-министр Армении и президент России обсудят двусторонние разногласия




Спорт в России и мире

Алексей Смирнов – актер, которого, надеюсь, еще не забыли

Парад победы в Москве завершился пролетом авиации

Эксперт Президентской академии в Санкт-Петербурге про финал Всероссийской олимпиады школьников

Жители и гости Москвы смогут посетить фестиваль «Московская весна»


WTA

WTA огорчила Елену Рыбакину после турнира в Мадриде



Новости Крыма на Sevpoisk.ru


Москва

Эксперт Президентской академии в Санкт-Петербурге о доступности популярных туристических объектов



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России